No menu items!
8.9 C
Istanbul
02/06/2020 11:38
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Kauai adasy— syýahat üçin rahat zolak

Kauai adasy— syýahat üçin rahat zolak

Käbir adam taryhy we medeni ýerlere aýlanyp syýahat etmegi halaýan bolsa, käbirleri bolsa tebigata çykmagy, kenarda dynç almagy saýlaýar. Ynha şeýle kenarda, tebigatyň arassa howasynda, asuda ýerde dynç almak üçin dünýäde ajaýyp ýerleriň biri-de Kauai adasydyr.

Kauai Gawaý döwletinde ýerleşýär. Bu ajaýyp kenar dünýäde dynç almak üçin iň naýbaşy ýerleriň biridir. Bu ýeriň ilaty 10 müňe barabardyr. Şonuň üçin bu ýer dynç almak üçin iň asuda ýerleriň hem biri hasaplanýar. Kauai adasynda ýerleşýän binalar kakos agajyndan beýik däldir. Şonuň üçin her bir adama bu ýerde tebigat bilen sazlaşykly halda rahat dynç almaga şert döreýär. Geliň bu ajaýyp kenar barada käbir maglumatlara ser salalyň.

Iň asuda kenar

Her bir adam bu ýerde hakyky asudalygy tapyp bilersiňiz. Çünki bu ýerde awtoulag we beýleki zatlaryň sesi syýahatçylaryň dynç alyşyna hiç hili päsgel bermez. Çünki bu ýerde diňe siz tolkunlaryň, guşlaryň we şuňa meňzeş tebigy seslerden öz keýpiňizi çaglarsyňyz. Hakykatdanam Kauai iň asuda kenarlaryň biri hökmünde dünýäde meşhurdyr

Iň oňat botanika täsinligi

Kauai adasy başgaça «Bag adasy» diýip atlandyrylýar. Botanika bagy, şarlawuklar, howuzlar, suw çüwdürimler bu ýere gelenlerde ýakymly täsir galdyrýar.  Bu ada Gawaý ösümlikleriniň iň uly ýygyndysyny saklaýar. Bu ýerde ösümlikler hiç hili suwarylmaýar. Çünki ada döwletiň demirgazyk tarapynda ýerleşýär we ada häli-şinde ýagynly bolup durýar.

Iň tagamly deňiz önümleri

Kauai adasyndaky ýerleşýän kafedir restoranlarda tagamly deňiz önümleri dynç almaga gelenlere amatly bahadan ýetirilýär. Olaryň her bir önümi özüniň terligi, täzeligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde ýörite balyk bazary ýerleşip onda balyklaryň we deňiz önümleriniň dürli görnüşleri hem satylýar.

 Iň arassa kenar

Kauai kenary dünýäde iň arassa kenarlaryň biri hasaplanýar. Çünki bu ýere gelýän her bir raýat arassaçylyk düzgünleri doly berjaý etmegi hökmanydyr. Kenardaky ak çäge diýseň arassa hem-de jana şypa berijiligi bilen tapawutlanýar. Bu ýerde aýakgapsyz gezelenç etmegiň aýratyn lezzeti bar. Syýahatçylar bu ýerde özleriniň bedenlerini berkidip, oňaýly dynç alýarlar.

Iň amatly we döwrebap myhmanhanalar  

Bu ýerde döwrebap hem-de amatly bahadaky restoranlaryň birnäçesi ýerleşýär. Onda kaşaň myhmanhanalaryň içinde bejeriş merkezleri, açyk we ýapyk howuzlar we başa-da dynç almak üçin birnäçe mümkinçilikler bar. Mundan başga-da amatly bahadan çadyrlar we kiçiräk ýokary hilli myhmanhanalar bar. onda her bir syýahatçy rahat dynç almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkmenistan bilen BAE-nyň arasynda hukuk hyzmatdaşlygy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň direktory Ý.Nuryýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Strategik bilimler we barlaglar merkeziniň (ECSSR) ýerine ýetiriji...

Türkmenistan Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Dikeldişe tarap hereket» atly ýokary derejeli sebitleýin maslahat geçirildi. Çäre BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk guramasy tarapyndan guraldy. Sebitleýin...

Türkmenistan we Eýran serhetdäki gözegçilik nokatlaryny güýçlendirýärler

2020-nji ýylyň 30-njy maýynda «Sarahs–Sarahs», «Artyk– Lütfabat» we «Altyn Asyr– Inçeburun» gözegçilik-geçiriş nokatlarynda gurluşygy alnyp barylýan zyýansyzlandyryş-dezinfeksiýa desgalarynyň gurluşyk işlerine gözegçilik etmek hem-de bu...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň daşary işler ministrleriniň telefon sohbetdeşligi

2020-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Ukrainanyň Daşary işler ministri D.Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň daşary syýasat...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Bundesliganyň” iň çalasyn futbolçysy

Germaniýanyň “Borussiýa Dortmund” toparynyñ 21 ýaşly goragçysy Aşraf Hakimi “Bundesliga” çempionatynyñ iñ çalasyn oýunçysy hökmünde kabul edildi. Bu barada “Goal.com” internet neşiri habar berýär. Hakimi...

Soltansöýün bilen çopan (Rowaýat)

Bir gün Soltansöýün Baýkara danyşment Myralyny ýanyna alyp, agyr goşun tartyp barýarka, olaryň öňünden bir goja çopan çykypdyr. Saglyk-amanlyk soraşanlaryndan soň, Soltansöýün çopan bilen...

Harby ýöriş 24-nji iýunda geçiriler

Russiýada 24-nji iýunda 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli harby ýöriş geçiriler. Adatça her ýylyň 9-njy maýynda geçirilýän bu ýöriş...

Ženewa awto sergisi yza süýşürildi

Ýer ýüzünde iň iri awto sergileriniň biri bolan Ženewa awto sergisi wagtlaýynça togtadyldy. 600 müň adamyny özünde jemleýän bu sergi dünýädäki käbir sebäplere görä...