No menu items!
26/09/2020 4:36
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Kädi ösümligi barada

Kädi ösümligi barada

Ýurdumyzyň ähli künjeginde ösdürilip ýetişdirilýän ösümlikleriň biri hem kädidir. Kädi bir ýyllyk ösümlik. Ol  iýun-iýul aýlarynda gülleýär. Onuň miwesi awgust aýlarynda ýetişýär. Ol ýabany görnüşinde gabat gelmeýär. Kädiniň watany Meksika, Demirgazyk we Günorta Amerika hasaplanýar. Onuň tohumy sarymtyl, ak jähekli, ýasy çeýe, endosperimsiz. Onuň urug ady “ Cucurbita”  diyen italian sözünden gelip çykyp, “küýze” diýen manyny berýär. Onuň düzümi organiki maddalara baý bolup gadym döwürlerden bäri lukmançylykda giňden peýdalanylypdyr. Muňa mysal edip gündogaryň meşhur lukmany we alymy Muhammet Hüseýin özüniň “Melhemler hazynasy’’ atly işinde şeýle ýazýar “ Kädi bedeni sowadýar we çyglandyrýar, dykyn almalary açýar, buşukdyryjy täsir edýär, içegeleri ýumşadýar, sary getirmäni we ýiti ysytmany bejerýär” .  Ýapon berhizçisi Dž.Ozawa hem kädi çigdini ýokumlylygy boýunça ýokary iýmitleriň hatarynda birinji orunda goýupdyr. Şeýle hem iň ýokumlysy togalak kädileriň çigididigini belläp geçipdir. Kädi öz düzüminde kaliý, kalsiý, we magniý duzlaryny saklaýar. Tohumynda 6.3 göterim suw, 27.4 göterim azotly maddalar, şeker, krahmal, 11 göterim pentezonlar, 14.8 göterim kleçatka, 50 göterime çenli (onuň düzüminde gliserid turşulary linolen, olein, palmitin we stearin turşusy) fitosterinler, kukurbitol, sakyzly maddalar, organiki turşular, witaminler, 0.2 mg %-e çenli C,B witaminler, karatinoidler we 20 mg % karotin melen uglewody, 15 göterime çenli belok maddalar bar.  Onuň düzümi görnüşine görä belli bir derejede üýtgeýär.

T/b Kädileriň atlary Gury madda Azotlaşan

madda

Şeker we

krahmal

Kletçatka Ýaglar Kül
1 Gök  kädi 3.8 1.1 1.1 0.7 0.08 0.3
2 Ýyldyz  kädi 3.6 1 0.9 0.75 0.09 0.4
3 Kädi 9.7 1.1 5.2 1.2 0.13 0.4

 

Onuň mezokarpisi (etli bölegi), çigidi, güli adamlar üçin örän uly peýdalydyr. Onuň etli bölegi dürli tagamlary taýýarlamakda, tohumlary bolsa dürli keselleri bejermekde ulanylýar. Düzümi ýeterlik derejede baý bolan, adam saglygyny dikeltmekde, iýmit siňdiriş, jynsy ulgamlaryny bejermekde, askaridalara we adamlarda mugthorlyk edýän başga-da gurçuklaryň döredýän kesellerini bejermekde ulanylýar. Düzümine girýän kukurbatin mugthor gurçuklary ýok etmeklige ukyply, adam bedeni üçin bolsa zyýansyzdyr. Himiki serişdeleri ulanmazdan kädi çigdiniň kömegi bilen mugthor gurçuklara garşy göreşip bolýar. Onuň üçin üwelen kädi çigdiniň (kukurbatiniň) 0.3 kg bilen 0.1 kg ary balyny garmaly. Ony nahardan 60 minut öň kabul etmeli. 5 sagatdan soňra 2 litr çala duzly suw içmeli. Mugthorlara garşy göreşmegiň bu usulynda birbada köp mukdarda kädi çigdi ulanylsa, adamlarda bedeniň gyzgynlygynyň ýokarlanmagyna, bokurdagynyň gyzarmagyna getirýär. Şonuň üçin olardan uzak wagtyň dowamynda göreşmek gerek.  Taýýarlan garyndymyzy 2 aýyň dowamlylygynda irden we agşam ukudan öň uly adamlar 1 çaý çemçe, ýetginjekler 1/2 ç.çemçe kabul etmeli.

Kädi çigdiniň erkek adamlara edýän täsiri onuň düzüminde sinkiň barlygy bilen düşündirilýär. Adam bedenini dümewden saplaýjy, güýç berijilik häsiýeti bar. Onuň üçin günde 60 sany kädi çigidini kabul etmeli.

Zenanlara erkeklere seredeniňde az mukdarda täsir edýär. Onuň üçin 1 sany ýumurtga, 1 ç.çemçe üwelen kädi çigidi we 1 nahar çemçe günebakar ýagyny garmaly we 1/3 sagat bugda saklamaly soňra sowadyja salmaly. Ony 5 gün yzygiderligine  1 çaý çemçeden 5 gün arakesme bilen kabul etmeli. Şeýle edilende bedende immunitetiň dikelmegine ýardam edýär. Zenanlar kädi çigdini horlanmak  we owadanlygy saklamak üçin hem ulanýarlar.

Kädiniň adam bedenine umumylykda edýän täsiri süýjüligi peseldýär, düzüminde linolen kislotasynyň bolmagy esasynda kelle beýnisiniň işjeňligini gowulandyrýar, gan damarlaryň diwarlaryny berkleşdirýär, belli bir derejede ýatkeşligi güýçlendirýär.

Kädiniň zyýanly ýeri hem bar. Ony köp mukdarda kabul edilse bedende iç geçme döredýär. Onuň gowrulan çigidini köp mukdarda iýilse iýmit siňdiriş ulgamynda näsazlyk ýüze çykýar. Onuň çigidi gowrulan ýagdaýynda onuň peýdaly düzüm bölegi hem ýitýär.

Kädini peýdaly ulanmak üçin ony dogry taýýarlamaly.

 

 

Türkmen oba hojalyk institutynyň

mugallymy Aýsülük Saparglyjowa,

Weterinar lukmançylygy hünäriniň talyby

Döwletmyrat Ataýew

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistandaky internet-dükanlary nähili tertipde işleýär?

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Kanunlarynyň esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

Işewürlik üçin onlaýn iňlis dili öwrenmek mümkinçiligi

Söwda we işewürçilik üçin onlaýn iňlis dili öwrenmek mümkinçiligi döredilýär. Iňlis dilini öwrenýänler üçin Köpçülikleýin açyk onlaýn okuwy (MOOC) geçirilýär. Okuwyň geçirilýän möhleti 2020-nji...

“Akylly” dünýä üçin “akylly” gulp

Hytaýyň dünýä belli kompaniýalaryň biri bolan “Xiaomi” kompaniýasy özüniň yzygiderli tehnologik harytlaryny dünýä köpçüligine ýetirip durýar. Bu gezek kompaniýa özüniň “Xiaomi Automatic Smart Door...

Türkmenistanda elektron söwda ulgamy taýýarlanylýar

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň ýanynda döredilen kompýuter tehnologiýalary merkezinde ministrligiň ulgamyna uýgunlaşdyrylan elektron söwdasynyň maksatnamasyny taýýarlamagyň üstünde işlenilýär. TDH-nyň habar bermegine görä, Aşgabat...