No menu items!
23/09/2020 11:53
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Joraply ýatmak peýdalymy ýa-da..

Joraply ýatmak peýdalymy ýa-da..

Arada tanyşlarymyň arasynda şu sorag bilen bagly biraz çekeleşme ýüze çykdy. Menem bilesigeliji bolanymdanmy ýa ýaş žurnalist bolanymdanmy bilemok, ýöne bu sorag meni hem gyzyklandyrdy. Aslynda kiçiräk wagtlarym joraply ýatsaň, kän dynç alynmaýandygy barada birnäçe gezek eşidipdim. Ýöne gözleglerim bu pikiriň ýalňyşdygyny äşgär etdi. Biziň hemmämizem joraply ýatyp gören bolmaly. Belki-de agşam bolmanam biler, ýöne günortanyna bolup biler. Ýa-da aýdaly ýolda, myhmançylykda joraply uklap gören bolsaňyz gerek. Şeýlelikde joraply ýatmagyň peýdalydygyny ýa-da zyýanlydygy barada internet maglumatlarynda okan zatlarymy siziň hem dykgatyňyza ýetirmek isledim.

Uky her bir adamyň durmuşynda möhüm bir bölegidir. Her bir adam adatça günüň 3-den 1 bölegini ýatyp geçirýär. Çünki lukmanlar ukynyň beýniniň kadaly işlemegi üçin zerurdygyny aýdýarlar.

Joraply uklamagyň peýdasy

2007-nji ýylda geçirilen lukmançylyk gözleg işlerinde jorap geýip ýatan adamlaryň has çalt uklaýandygy habar berildi. Sebäbi adamyň bedeniniň esasy temperaturasy gije peselýär. Adatça adamyň beden temperaturasy 98.6 °F bolýar, ýöne 24 sagadyň dowamynda 2 dereje üýtgäp bilýär. Aýaklary we elleri gyzdyrmak, damarlaryň daralmagyna sebäp bolýar. Bu deriniň üsti bilen ýylylygy bölüp çykarýar we bedeniň esasy temperaturasyny peseltmäge kömek edýär. Bu bolsa, öz gezeginde beýnimiziň ýatmagyň wagtydygyny habar berýär. Geçirilen gözlegler ýyly deriniň has çalt uklamaga ýardam edýändigini görkezýär.

Uky we beden temperaturasy

Adam bedeniniň esasy temperaturasyny “sirkadanyň ritmi” atly biologiki sagat täsir edýär. “Sirkadanyň sag ady” ukynyň wagtyna gözegçilik edýär, adamy gije ukyda gündiz oýa bolmagy ýatladýar. Günüň dowamynda bedeniň gyzgynlygy kem-kemden ýokarlanýar. Gijäniň dowamynda bolsa bedeniň gyzgynlygy peselýär we adam uky talap edip başlaýar. Kimdir biri uklap başlanda, bedeniň gyzgynlygy 1-2 dereje peselýär. Munuň sebäbi hem bedeniň beýleki funksiýalary üçin energiýa tygşytlamagyndadyr. Bedende temperaturanyň kadalaşmagy üçin adatça ýatylýan otaglary 60-77 °F aralygynda saklamak maslahat berilýär. Temperaturany kadalaşdyrmak uklamagyň möhüm bölegidir. Ýatanymyzda jorap geýmek, aýakda gan aýlanyşy ýokarlandyryp, deriniň üsti bilen ýylylygyň ýitmegini ýokarlandyrýar. Bu bolsa bedeniň esasy temperaturasynyň peselmegine kömek edýär. Şeýlelikde, adamyň çalt uklamagyna ýardam edýär.

Nähili jorap saýlamaly?

Hawa, eger-de joraply ýatmak isleseň nähili jorap has amatly diýen sorag hemmelerde döräp biler. Agşam ýatanyňda geýiljek jorap nah matadan dokalan ýa-da ýüplükden örülen bolsa jana rahat bolar. Şeýle hem joraplar gaty uzyn bolmadyk halda adaty joraplardan biraz giň şekilde saýlansa agşam ýatanymyzda rahat ýatmagymyzy üpjün eder. Gysýan joraby agşam ýatanymyzda lukmanyň maslahaty bolmazdan ulanmak maslahat berilmeýär. Joraplar diňe ýatylanda geýlip, ýygy-ýygydan arassalanyp ütüklenmelidir.

Aýak adamyň iň tiz üşeýän organlarynyň biri hasaplanýar. Biz munuň şeýledigine gyş paslynda hem göz ýetirýäris. Şonuň üçin aýaklarymyzyň ýyly saklanmagy biziň saglygymyz üçin hem örän peýdalydyr.

 

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan

Çaryguly HANJAÝEW,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş

uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Pandemiýa döwründe ene-atalar üçin habarlaşma usullary

Şu hepde ÝUNISEF Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we BSGG-nyň goldawy bilen Türkmenistanyň pandemiýa garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň çäginde pandemiýanyň...

Haýwanlar barada: dünýäniň iň kiçi aty

Halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com internet saýty hökmünde “Bil hany. Ine şu” atly kitapdan peýdalanyp, taýýarlaýan gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi dowam edýäris. Žirafanyň çagasyny...

Transferden iň köp girdeji gazanan topar

Ýewropada pandemiýanyň täsiri bilen transfer bazarynda birneme durgunlyk ýüze çykan hem bolsa, muňa garamazdan, transferler yzly-yzyna amala aşmagy dowam edýär. Ýewropanyň öňdebaryjy toparlary düzümini...

Türk­me­nis­ta­nyň Gur­lu­şyk we bi­na­gär­lik mi­nistr­li­ginden möhüm bäsleşik

Türk­me­nis­ta­nyň Go­ran­mak mi­nistr­li­gi­niň bu­ýur­ma­sy esa­syn­da Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň Baý­ra­ma­ly et­ra­by­nyň çä­gin­de tä­ze des­ga­lar we bi­na­lar top­lu­my­nyň tas­la­ma­sy­ny düz­mek we gur­mak, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň Bek­re­we şä­her­çe­sin­de 5...