27/10/2020 13:32
Home IŇ TÄZE HABAR Hususyýetçilere oba hojalyk tehnika goldawy

Hususyýetçilere oba hojalyk tehnika goldawy

Ýurdumyzda oba senagat toplumynda telekeçiligiň ornuny artdyrmak babatda degişli işler alnyp barylýar. 2019-njy ýylda Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen “John Deere Walldorf GmbH & Сo.KG» kompaniýasy arasynda gol çekilen özara düşünişmek hakyndaky strategik ylalaşyga hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 31-nji ýanwarynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ady agzalan kompaniýadan 107 sany fiziki taraplar üçin oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň birinji tapgyryny karz serişdeleriniň hasabyna satyn almaga ygtyýar berildi.

Bu tehnikalaryň bir bölümi ýurdumyza gelip gowuşdy. Galan bölegini şu ýylyň ahyryna çenli, galan tehnikalary geljek ýylyň aprel aýyna çenli getirmek meýilleşdirilýär. Ýeňillikli şertlerde oba hojalyk tehnikalaryň satyn alynmagy oba hojalygy bilen meşgullanýan hususy taraplaryň tehniki mümkinçiliklerini gowulandyrmaga şertler döredýär.

Strategik ylalaşyga laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen “John Deere” kompaniýasynyň üpjün etmeginde hususy tarapar üçin satyn alynmagy teklip edilýän traktorlar hem-de beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň we enjamlarynyň sanawy taýýarlandy.

Bu barada Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly mejlisinde bellenilip geçildi. Milli Liderimiz milli ykdysadyýetimiziň ösdürilmegine hususy pudagynyň ornuny belledi.

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ömrüňi uzaltmaga ýardam edýän maşk

 Amerikan hünärmenleri erkek adamlaryň ömrüni uzaltmaga ýardam edýän otžimaniýanyň anyk sanyny anykladylar. Garward uniwersitetiniň hünärmenlerine bu maşk bilen erkek adamlaryň saglygynyň arasyndaky özara baglanyşygy...

Türkmen izogamy dünýä bazaryna çykýar

Häzirki wagtda ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda halk hojalygynyň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň we ösdürmegiň, bazar gatnaşyklaryny, hususy telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna...

Şaý-seplerde nähili mikroblaryň döreýändigini bilýäňizmi?

Ulanylan şaý-sepler we sagatlar boýunça “Est1897” kompaniýasy, adamlarda ulanylýan şaý-sepleriň arassalygy barada gözleg geçirdi. Gözleg üçin adamlaryň bir hepde bäri geýen düýbünden arassa sagatlaryny,...

Küştdepdi türki dilli ýurtlary birleşdirýär

Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp, noýabr aýynda türki dilli ýurtlaryň kompozitorlarynyň we sazşynaslarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly döredilik duşuşygyny geçirmek göz öňünde tutulýar. Mundan...