No menu items!
8.9 C
Istanbul
08/04/2020 4:14
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hukuk namalary elektron görnüşde
Av.Dr.Döwran Orazgylyjov
Dr.Orazgylyjov, Atavatan Türkmenistan uluslararası dergisinin Genel yayın yönetmenliğini yürütmektedir. Dr.Orazgylyjov, Türkmenistanlılar Dayanışma Derneğinin Yönetim Kurulu Kurucu Başkanı görevini de üstlenmiştir.

Hukuk namalary elektron görnüşde

Düýn Size ýetiren seljermämizde “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanunynyň Türkmenistan gazetinde neşir edilendigini we kanunyň degişli kadasyna görä düýn herekete  girendigini belläp,  şol kanuna laýyklykda elektron söwdanyň hukuk esaslary barada gysgaça durup geçipdik. Seljermämizi dowam ederis, emma, bugün hormatly okyjylarymyza hukuk namalarynyň elektron görnüşinde neşir edilmegi bilen baglanşykly gysgaça belläp geçeýliň!

“Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda  Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem kanunçylykda kesgitlenýän tertipde beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar.(m.39) Bugün “Türkmenistan” gazetinde “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanununa üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny (mundan beýläk Kanun) neşir edildi we şol Kanuna laýyklykda bu üýtgetmeler çap edilen gününden, ýagny 27 Mart 2020 senesinde güýje girdi.

Kanuna laýyklykda, “Hukuk namalary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň 39-nji maddasynyň ikinji böleginiň birinji tesimine, bir sözlem goşuldy, we Kanunyň degişli bölegi mundan beýläk şeýle boldy, ýagny,

“Kadalaşdyryjy hukuk namasynyň resmi çap edilmegi «Türkmenistan» gazeti, şeýle hem kanunçylykda kesgitlenýän tertipde beýleki döwürleýin metbugat neşirleri tarapyndan amala aşyrylýar. Şeýle hem, bu namalaryň çap edilmegi elektron görnüşde degişli ygtyýarly edaralaryň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylyp bilner. “

Şeýle hem, 39-nji maddanyň ikinji böleginiň dördünji tesimi täze görnüşde beýan edildi we şeýle boldy :

“Şu Kanunyň 7-nji maddasynyň ikinji böleginiň 6-8-nji bentlerinde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalaryny resmi çap etmek olar döwlet belligine alnandan soňra, Türkmenistanyň Adalat Ministrligi tarapyndan  elektron görnüşde Ministrligiň Internet torundaky resmi saýtynda amala aşyrylýar”.

Ýokaryda agzalan 6-8-nji bentlerde görkezilen kadalaşdyryjy hukuk namalary ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk buýruklary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahatlarynyň kadalaşdyryjy hukuk kararlary we  häkimleriň kadalaşdyryjy hukuk kararlary bolup durýar.

Bellemeli zat, bugün “Türkmenistan” gazetinde çap edilen we şugün güýje giren “Türkmenistanyň  adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda Türkmenistanyň Kanuny bilen “Türkmenistanyň  adalat edaralary hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň Adalat edaralarynyň borçlaryny düzgünleşdirýän 16-nji maddasynyň 12-nji benti aşakdaky ýaly beýan edildi, ýagny,

“ministrlikleriň, pudaklaryň dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň halk maslahalatlarynyň we häkimleriň döwlet belligine alnan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny elektron görnüşde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Internet torundaky resmi saýtynda ýerleşdirmek arkaly resmi çap etmäge”

Sözümiziň ahyrynda Türkmenistanyň Adalat Ministrliginiň www.minjust.gov.tm saýtynda Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň  neşir edilýändigini we köp sanly raýatlarymyz üçin peýdaly çeşme bolup durýandygyny nygtamak isleýäris.

SON HABERLER

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugyndan maglumat

Soňky günlerde käbir halkara köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde Amerikanyň Birleşen Ştatlary tarapyndan 20 ýylyň dowamynda köpmillionlyk ykdysady kömegiň bölünip berilendigi baradaky habarlar peýda boldy. Türkmen...

Bir metre golaý hyýar ýetişdirdi

Beýik Britaniýaly ekerançy Alf Kobb dünýäde iň uly hyýar ösdürip ýetişdirmegi başardy. Ol özüniň ekin meýdanynda uzynlygy 92 santimetr, agramy 12,5 kilogram bolan äpet...

Buzuň aşagyndan ýyly suwly köl tapyldy

Antarktidanyň iň uly doňaklygynyň aşagynda ýyly suwly köl tapyldy. Bu ýerde ylmy işleri geçirýän alymlaryň bellemeklerine görä, kölüň ululygy Amerikanyň Florida ştatynyň ululygy bilen...

«Intel» «elektron burun» döretdi

«Intel» kompaniýasynyň hünärmenleri 10 ysy tapawutlandyrmagy başarýan «elektron burny» döretdiler. Dünýäniň alymlary bu oýlap tapyşyň ylym üçin uly üstünlikdigini belleýärler. Adamyň burny 450 ysy bir-birinden...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

ÇOK OKUNANLAR

Kakama Gowuşmadyk Hatlar

Kaka, soňky günler sabrym ýetenok, Garaşmaga, göreşmäge, ýeňmäge. Umydymy baýdak edip gezsemde, Haýry ýetmez gussalarmy kemmäge.

Geografyň gutlagy

Hormatly “Atawatan Türkmenistan” halkara Žurnalynyň okyjylary we bäsleşige gatnaşýanlar! Siziň hemmäňize bäsleşikde uly üstünlikler ýar bolsun, galamyňyzyň ujy ýiti bolsun!

Huşum birýana

Aşyk bolup öz obamyň gözelne, Aklym haýran gitdi, huşum birýana, Janym gurban geljegine, ezelne, Gamym birýan gitdi, joşum birýana.

Bagyşla diýmäge derek

Yşk ýüpüni üzäýjekmi, Ýürekden söýmäge derek? Aýralyga dözäýjekmi, «Bagyşla» diýmäge derek?