No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:28
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hudaýberdi agany ýatlap...
Av.Dr.Döwran Orazgylyjov
Dr.Orazgylyjov, Atavatan Türkmenistan uluslararası dergisinin Genel yayın yönetmenliğini yürütmektedir. Dr.Orazgylyjov, Türkmenistanlılar Dayanışma Derneğinin Yönetim Kurulu Kurucu Başkanı görevini de üstlenmiştir.

Hudaýberdi agany ýatlap…

Şu gün ir bilen Hudaýberdi aganyň aradan çykandygy baradaky habary eşidenimde gaty gynandym. Ýakynda 79 ýaşan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň durmuş we döredijilik ýoly barada köp makalalar ýazylar. Şol sebäpli Hudaýberdi aga barada öz ýatlamalarymy paýlaşmak isleýärin.

Hudaýberdi aga bilen ilkinji gezek duşuşygym gaýybana bolupdy we halk ýazyjymyzyň “Çuwal bagşy” romanyny okanymda eserdäki  Çuwal bagşynyň saz çalşy wasp edilende göýä dutary  janly diňleýän ýaly täsir galdyrandygy ýadyma düşýär. Hudaýberdi aga bilen baglanşykly esasy ýatlamalarym bolsa 2007-nji ýylyň dekabr aýynda Kipre (Demirgazyk Kipr) bilelikde eden saparymyz bilen başlanýar. Türkiýäniň Söwda ministrliginiň  Ýakyn Gündogar uniwersiteti bilen hyzmatdaşlykda  geçiren ylmy maslahata çykyş etmek üçin çagyrylanymda Hudaýberdi aga bilen bilelikde gidýändigim meni aýratyn begendiripdi. Bu meniň ilkinji halkara ylmy maslahatdaky çykyşym bolsa hem, meniň üçin ol sapar, esasan hem, Hudaýberdi aga bilen baglanşykly ýatlamalar bilen aýratyn orna eýedir. Ylmy maslahatdan boş wagtymyz her gün birnäçe sagatlap, Hudaýberdi aga bilen gezelenç edipdik. Şol gezelenç mahaly Hudaýberdi aga özüniň durmuş we döredijilik ýoluna degişli birnäçe gymmatly başdan geçirmelerini aýdyp beripdi. Hudaýberdi aga şonda maňa degerli maslahatlar berdi, käbir hususlarda nähilli hereket etmelidigini mysallar bilen düşündiripdi.

2013-nji ýylda dostum Adem Kula bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyny esaslandyran wagtymyz Hudaýberdi aga göýä biziň ştatdan daşary maslahatçymyz ýaly mydama goldaw berdi.  Žurnalda neşir etmegi meýilleşdirýän makalalarymyzy ýeke-ýeke okap berdi, gramatiki ýalňyşlar gitmez ýaly tagalla etdi. Hudaýberdi aga žurnalymyzda birnäçe gezek ýörite neşirimiz üçin ýazan makalasy bilen hem çykyş etdi. Halk ýazyjymyzy bir gezek öýünde zyýarat etmek hem nesip etdi. Nahar başynda gyzykly gürrüňler edipdik. Ol özüniň entek halk köpçüligine çykmadyk täze kitabynyň golýazmasyny okamagna beripdi.

Hudaýberdi aga bilen soňra hem birnäçe gezek duşuşmak we gymmatly maslahatlaryny diňlemek nesip eden hem bolsa, ol bilen www.atavatan-turkmenistan.com saýtymyz üçin söhbetdeşlik etmek baradaky meýilnamamyzyň gynansak-da, biziň ýuwaş hereket etmegimiz sebäpli durmuşa geçmedi.

Hudaýberdi aga bilen soňky gezek ýüzbe-ýüz duşuşygymyz geçen ýylyň sentýabr aýynda ogullarymyň sünnet toýuna hormat edip gelende bolupdy. Ondan soňra telefon bilen gepleşen hem bolsak, ýüzbe-ýüz duşuşmak mümkinçiligimiz bolmady. Sözümiň ahyrynda Hudaýberdi aga bilen baglanşykly ýatlamalary we makalalary ýazmak isleýän okyjylarymyz bar bolsa, saýtymyzda neşir etmäge taýýardygymyzy bellemek isleýärin.

Hudaýberdi aga! Ýatan ýeriň ýagty bolsun, Beýik Allatagala oňa iman baýlygyny bersin!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Tomus aýlarynda özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik...

114 ýyl gijegen ötünç

Nýu-Ýorkyň haýwanat bagy geçen asyryň başynda bolup geçen bir ýakymsyz waka üçin 114 ýyldan soňra ötünç sorady. «AR» neşiriniň ýazmagyna görä, 1906-njy ýylda afrikaly Ota...

Klopp – ýylyň tälimçisi

“Liwerpulyň” baş tälimçisi Ýurgen Klopp Angliýanyň “Premýer ligasynyň” tälimçiler birleşigi (LMA) tarapyndan ýylyň tälimçisi diýlip saýlandy. 53 ýaşly nemes hünärmeni “Mançester Ýunaýtediň” ozalky meşhur tälimçisi...

Otly gatnawlaryndaky çäklendirmelerde täze möhlet

«Türkmendemirýollary» agentligi öz resmi saýtynda (https://www.railway.gov.tm/ )  Türkmenistanyň çägindäki otly gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 15-ne çenli uzadylandygyny habar berýär. Mundan ozal resmi...