27/10/2020 13:22
Home IŇ TÄZE HABAR Hepdelik täleýnama (5-11-nji oktýabr)

Hepdelik täleýnama (5-11-nji oktýabr)

2020-nji ýylyň 5-11-nji oktýabrynda hamal, jedi, eset we sünbüle ýyldyzy astynda doglanlaryň durmuşynda jogapkärli döwrüň başlandygyny, seretan, eset we akrap ýyldyzlary astynda doglan adamlaryň bolsa maddy üpjünçiliginiň ýokarlanjakdygyny ýyldyzlar duýdurýarlar.

Hamal (guzy 21.03 — 20.04)

Geljek hepde hamallaryň töwereginde ynamdar, olara kömek berip biljek adamlar gurşap alar. Bu bolsa hamal ýyldyzy astynda doglanlaryň işleriniň ilerlemegine, oňat netijeler gazanmagyna getirer. Hepdäniň dowamy başagaýlykda dowam edip hepdäniň ahyrynda işleriňiziň ählisi durnukly hala geler. Gyssanman, aljyraman, ähli işleriňize ünsli çemeleşmek maslahat berilýär.

Sowur (öküzçe 21.04 — 20.05)

Geljek hepdede sowurlar sabyrly, takatly bolmalydyrlar. Hemme zady wagtyna barmasa edip bolmaýandygyna düşünmelidirler. Eger-de olar ähli ýerine ýetirýän işlerini sabyrly çemeleşseler onda olar üstünlige tiz ýeterler. Töweregiňizdäkileriň aýdýan zatlaryna gulak salman öz arzuwyňyza tarap maksadaokgunly hereket etmegiňizi dowam etmelidigini ýyldyzlar duýdurýarlar.

Jöwza (ekizekler 21.05 — 21.06)

Geljek hepdede jöwza ýyldyzy astynda doglanlary maddy ýagdaý biynjalyk edip biler. Ýöne olar bu meseläni özleri hem çözüp bilerler. Şeýle meseleler her bir adamyň başynda bolup geçýändigini düşünmelidirler. Hünär taýdan edýän hereketleriňizi gowşatman, kämilleşmegiňizi dowam etmelidigini ýyldyzlar duýdurýarlar. Saglygyňyz gowy.

Seretan (leňňeç 22.06 — 22.07)

Geljek hepdede seretanlar bir garaşylmadyk pursatda mähirli myhman garşy alyp bilerler. Ýa-da bolmasa olara öňümizdäki hepdede garaşylmadyk sowgatlar, hoş habarlar garaşýar diýip ýyldyzlar duýdurýarlar. Onsoňam seretanlar indi dynç almagyň hem wagty gelendigini bilmelidirler. Öz saglyklaryna seredip, täzeden uly güýç bilen işe girişmelidirler.

Eset (ýolbars 23.07 — 23.08)

Geljek hepdede esetler örän energiýaly, işjeň halda bolarlar. Şeýle ýagdaý eset ýyldyzy astynda doglanlary üstünliklere ýetirer. Okuwda okaýan esetleriň abraýy artar, iş bilen meşgullanýanlar bolsa uly wezipeler ynanylyp bilner. Esetler şeýle işjeňligini elmydama hemra edinseler, olar durmuşda uly menzillere ýetip bilerler. Saglygyňyz adatdakylardan gowy.

Sünbüle (gyz 24.08 — 23.09)

Geljek hepdede sünbüli ýyldyzy astynda doglanlar dynç almalydyrlar. Olar esasanam aň (mental) taýdan ýadawlygy, öndürijiligini peseldýär. Energiýaňyzyň az wagty aşa köp işlemek siziň saglygyňyza zyýan ýetirip biler. Hepdäniň ahyrynda size we siziň ýakynlaryňyza şowlulyklar garaşýar. Esasanam bu toý habary bolmagynyň mümkindigini ýyldyzlar duýdurýarlar.

Mizan (terezi 24.09 — 23.10)

Geljek hepdede mizan ýyldyzy astynda doglanlar töweregindäki gatnaşýan adamlary bilen özüni oňat häsiýetlerde görkezmelidir. Nätanyş adamlara syrlaryny bermän, öz işleri bilen gümra bolmak maslahat berilýär. Şeýle-de bolsa, bu hepde size peýdalanmaly täze mümkinçilikleri hödürleýär. Hepdäniň ahyrynda mizanlaryň maddy ýagdaýynda üýtgeşmeler bolup geçer.

Akrap (içýan 24.10 — 22.11)

Geljek hepde göwnüçökgünlikden, kemçiliklerden saplanasy gelýän akraplara tüýs wagtydyr. Olar şeýle aladalardan öňümizdäki hepde saplanyp bilerler. Emma olar güýçli durmaklary hökmanydyr. Çünki hemme zat özüňize bagly. Eger-de siz özüňiz güýçli dursaňyz başga-da birnäçe belent maksatlara ýetip bilersiňiz. Başlan işiňizi taşlamakdan el çekiň.

Kowus (keman 23.11 — 21.12)         

Geljek hepdede siz erkinlige çykyp, öňüňizde goýan maksadyňyz ugrynda nämeleri bitirendigiňizi bellige almalysyňyz. Şeýle edilende siziň nähili hereketdedigiňiz mälim bolar. Öňüňizde goýan maksadyňyzdan el çekmezligi, tersine oňa ýetmek üçin maksadaokgunly hereket etmelidigiňizi ýyldyzlar duýdurýarlar. Kowuslar geljek hepdede maddy üpjünçilik taýdan durnukly halda saklanar.

Jedi (owlak 22.12 — 20.01)

Geljek hepdede jedileriň ýakynlary olara has-da ýakyn görner. Siz olaryň birnäçesini bagyşlap, käbir işleri paýlaşyp bilersiňiz. Jedi ýyldyzy astynda doglanlaryň işleri has-da işjeň bolar. Biznes işi bilen meşgullanýanlary hyzmatdaşlary artyp, işleri mundan beýläkde has-da ilerlär. Işleriňiziň has-da ilerlemegi üçin ruhlandyryjy (motiwasiýa) sapaklary almak maslahat berilýär.

Daluw (gowa 21.01-20.02 )

Geljek hepdede daluwlar has-da tutanýerli zähmet çekip, ynamly hereket etmelidirler. Häzirki wagtda tolgundyryjy döwri başdan geçirýärsiňiz. Özüňizi elden bermän, ýokary netijeleri görkezmegiňizi dowam etmelisiňiz. Saglyk taýdan dörän käbir meseleleriňiz çözülip bilner. Daş-töweregiňizdäki ýakynlaryňyza bil baglap bilersiňiz.

Hut (balyk 21.02 — 20.03)

Geljek hepde hutlaryň durmuşynda uly üýtgeşmeler bolup geçer. Ahyrsoňy, garyşyk işlerden saplanyp dynç alyşa ýa-da ýakynlaryňyz bilen oňat wagt geçirip bilersiňiz. Maddy üpjünçiligiňiz has-da ýokarlanyp, oňat netijeler görkezip bilersiňiz. Saglygyňyz adatdakylardan has gowy. Onda-da saglygyňyz barada alada etmegiňizi dowam ediň.

Ykbalyň bagt ýyldyzy hemmelere miýesser etsin.

Janyňyz sag, işiňiz ugryna bolsun!

“Kyrk gyz” gowagy: Size täsinlikler garaşýar

Hepdelik Täleýnamalary  we beýleki habarlary aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Beýleki Şypahanalar halka hyzmat eder

Hormatly Okyjylarymyz, her bir ýyldyzlar barada giňişleýin maglumat almak isleýän bolsaňyz, onda, aşakdaky linkleri ýeke-ýeke okap bilersiňiz!

Guzy :Müneçjimleriň aýtmagyna görä….Size gowulyk garaşýar

 

Sowur (Öküzçe)

 

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

 

Duýgur leňňeçler kimler

 

Maksadaokgunly Esetler kimler

 

Owadan Sünbüleler kimler

 

Şadyýan Tereziler kimler

 

Ugurtapyjy akraplar  kimler

 

Öňdebaryjy Kowuslar kimler

 

Sabyrly Jediler (Owlak) kimler

 

Bulary hem okaň!

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmen raýatlarynyň daşary ýurtlardan getirilmegi dowam edýär

Türkmenistanyň Hökümeti ýiti öýken sowuklama keseli bilen baglanyşykly emele gelen çäklendirmeler sebäpli daşary ýurtlarda galan raýatlarymyz yzygiderli ýurdumyza getirilýär. Ozal hem habar berşimiz ýaly, Türkiýeden,...

Musa Jalaýew Russiýanyň çempiony bolmak üçin ýaryşar

Türkmenistanly suwda ýüzüji türgen Musa Jalaýew Russiýanyň çempionatyna gatnaşar. Suwda ýüzmek boýunça Bütinrussiýa federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, çempionat 25 ― 30-njy oktýabr günlerinde...

“Türkhowaýollary”: noýabr aýynyň gatnaw meýilnamasy

Türkiýäniň “Türkhowaýollary” milli awiakompaniýasy Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada, Russiýanyň Soçi şäherine, Alžir, Hindistanyň Mumbaý hem-de Deli şäherlerine hem-de Tailandyň Bangkok şäherlerine uçar gatnawlaryny ýola goýmagy...

Türkmenistan FIFA-nyň täze sanawynda näçenji orunda?

FIFA futbol boýunça milli ýygyndylaryň reýting-sanawyny täzeledi. Täze sanawda Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky orny üýtgemedi. FIFA-nyň hünärmenleri türkemn futbolçylaryna 1107 utuk berdiler. Bu netije bilen...