No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:16
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Hasaply dost uzaga gider
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Hasaply dost uzaga gider

Arada şäherli bir tanşym öýümize myhman bolanda, çaý başynda şeýleräk gürrüň bolupdy.

-Obaňyzda tamdyr kän-le, agzyňyz o diýen bir däl bolarly. Ellinji ýyllarda, biziň obada ýaşaýan döwrümizde-hä beýle däldi. Hatara bir tamdyr ýeterdi. Birek-birege baryş-geliş kändi.goňşyňda bolsa özümde ýok diýilmezdi. Agşamlaryna haýsydyr bir öýe üýşülip oturylardy, ondan-mundan, gelenden-geçenden söhbet açylardy, degşilerdi,gülşülerdi.

Görýän welin,siziňem şäherden tapawudyňyz az. Öýüňizden çykaňyzok… Oturan ýaşulylaryň biri myhman bilen pikirdeş gopmady.

-Ýok, beter beyle däl bolaýmasyn, inim. Tamdyryň köplüg-ä oňşugyň oňatdygyny, her kesiň öz gününiň özünden geçýänligini aňlädýar. Indi ozalky ýaly goňşy-golama ýygy-ýygydan barlyp-gelnip durulmaýanlygynyňam özüne ýetesi sebäbi bar. El ýetenok. Iş-alada köpelipdir. Hak alýan işiňden sypdygyň bes, derrew maşgalaň aladasy bilen, malyň bolsa mal-garaň bilen bolýaň. Ot diýýäň,suw diýýäň, garaz öýüňde oturyp bileňok. Öýe girseňem iş tapylýar.agtyklaň,ogul-gyzlaň nähili okaýa, oňa seretmeli, olara edep-ekram, terbiýe öwretmeli. Hawa, inim, oba indi öňki däl, üýtgedi. Şuň hemmesem abadançylykdan gelip çykýan zat. Oňatlygyň nyşany. Ýöne her hal arkalaşygy unutmak, birek-birekden daşlaşmak gowy däldir.Oňarsaň türkmeniň ata-baba eý görýän ajaýyp däbini dowam etdirmeli. Beýleki biri obadaşyny goldady:-Türkmeniň “Hasaply dost uzaga gider” diýen pähimli sözi bar. Nähili gadyrly dost, ýanaşyk, hatda garyndaş bolsaňam şol dana atalar sözüni seriňde saklap, her zat öz ýanyňdan hasaby ýitirmeseň ýagşy. Berdi sakgaldaşyň aýdyşy ýaly,indi öňki obadan oba göçdi. Adamlaň eli ýuka mahaly,aňryňda,ujyply zadyň ýok mahaly arkalaşma kemi galan däldir. Bir sokydyr bir elek uly hatara, külli oba ýeterdi. Indi bi elpe-şelpelikde aňrujy ynsaby bolan adam olar ýaly ownuk-uşak zat üçin goňşusyna ýumuş salmaz. Sebäbi indi gerek zadyň galapyn dükanda bar. Satyn almaga-da indi her kesiň gurbaty çatýa.

-Hak aýdýaň,ýaşuly – diýip, kärdeşim ýerinden gobsundy.-Hemme zatda hasap gerek. Iň bärkisi toýdur ýas näme, şo ýerde-de goşan goşandyň,görkezen ýüzüň hasaba alynýar. Ynha meň bir goňşym bar. Adyny agzap oturmaýyn,hemmäňiz beletsiňiz-le oňa. Aýlygy menden kän alýa. Mal-garasam meňkiden köp, öý-goşam. Maşynam bar. Şonda-da şol barly gedaý.Pil gerek bolsa-da saňa geler, orak gerek bolsa-da. Başga-da nämesi ýetmese üstüňden aýrylmaz. Ýogsam şol zatlar magazinde dur ahyry. Senem bir hojalyk, pul tapmaýaňmy al-da. Özi welin, ile iňňesinem dözmez. Gelşiksizem bolsa aýtmaly bolýa, gara garnynam öz öýünden doýurjak bolanok. Gapy kakyp, onuň-munuň ojagyna göz dikýä. Emma onuň öýüne hiç kim sekmez, gara rapydyr Beýik akyldar Magtymgulynyň “It gözlemez, pişik bakmaz saçak ýazylmagan ýerde” diýeni-dä. Onsoň şeýle goňşy bilen neneň baryş-geliş etjek. Beýle husyt adamlardan gaçarak duranyň gowy. Çünki olar ynsandan puly, maly eý görýärler.

Dogrudanam, şu meselede kim mamalaka?

Şäherli myhmanmy ýa-da obadaşlarym?

Belli bir zat diýmäge ýaýdanýan. Ýöne mugallym obadaşymyň goňşusy ýaly goňşuly bolandan-a… Ol tipli şahsyýetler baýlyga,harsydünýälige kowalaşyp, diňe öz bähbidini araýan mahluklar-da.

Häzirki döwürde halkyň maddy hal-ýagdaýy medeni derejesi üzül-kesil gowylandy. Şäher bilen obanyň arasyndaky çäk barha ýitip barýar. Bu bolsa obanyň, oba adamlarynyň diňe bir daşky görnüşini däl, içki dünýäsine, psihologiýasyna öz täsirini ýetirýär. Oba adamlarynda täze gylyk-häsiýetler, täze däp-dessurlar, gatnaşyklar ýüze çykýar, kemala gelýär. Olaryň biri-de, adamzadyň ata-baba arzuw edip gelen zady – mümkin bolsa ýakyna-da, goňşy- golama-da agramyny salman, öz günüňi özüň görjek bolmakdyr. Emma men beý diýmek bilen, daş-töweregiň bilen gatnaşygy azaltmaly, “Ol eşekde ýüküm ýok, ýykylsa habarym ýok” edip, çetde galybermeli diýmekçi bolamok. Adam ysy bolan adam, hergiz beýtmez, bogny ysmaz. Çünki ol dessur biziň ganymyza ene süýdi bilen ornaşan mukaddes zatdyr. Şunda men öte geçmeýän bolsam her bir zatda, her bir gatnaşykda hasap tutulsa, nobat gözlenilse ýalňyşylmajak ýaly. Sebäbi ençeme garyndaşlaryň, dost-ýarlaryň, goňşylaryň arasyna tow düşmegine köp halatda özara hasap-hesibiň ýitirilmegi sebäp bolýar.

“Hasaply dost uzaga gider”.

 

Bellik: Eseriň ýazylanyna onlarça ýyl boldy

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Otly gatnawlaryndaky çäklendirmelerde täze möhlet

«Türkmendemirýollary» agentligi öz resmi saýtynda (https://www.railway.gov.tm/ )  Türkmenistanyň çägindäki otly gatnawlary boýunça çäklendirmeleriň 2020-nji ýylyň awgust aýynyň 15-ne çenli uzadylandygyny habar berýär. Mundan ozal resmi...

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Tomus aýlarynda özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik...

Onlaýn Kitaphana hereket edip başlady

Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň onlaýn kitaphanasy hereket edip başlady. https://neutrality.gov.tm/library/tk/ linkinden elýeter bolan elektron kitaphananyň üsti bilen Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplaryny dünýäniň dürli künjeginden okamak mümkinçiligi...

“Trabzonspor”  topary Türkiýäniň kubogyny gazandy

Türkiýäniň milli futbol çempionatynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň final duşuşygy geçirildi. “Ziraat Türkiýe Kubogy” diýlip geçirilýän ýaryşyň finalynda “Trabzonspor” topary bilen “Aýtemiz Alanýaspor” topary...