No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:02
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk

Halkara maliýe düzümleri bilen işjeň hyzmatdaşlyk

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň dekabr aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.

Bu maksatnamany toplumlaýyn esasda durmuşa geçirmek maksady bilen, halkara maliýe guramalary we bank edaralary, şol sanda Bütindünýä banky we onuň düzümine girýän Halkara maliýe korporasiýasy, Aziýanyň ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky hem-de Yslam ösüş banky bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

Şunuň bilen baglylykda, Watanymyzyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, taslamalara, hususan-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalar tarapyndan oba hojalyk hem-de azyk önümçiligi ulgamyndaky taslamalara daşary ýurt maýalaryny çekmek boýunça netijeli çäreler görülýär.

Bütindünýä banky bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek we täze derejä çykarmak üçin ýurdumyzyň ugurdaş düzümleriniň gatnaşmagynda degişli strategiýany işläp taýýarlamaga girişmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmegiň wajypdygyny belledi. Şol maksatnama bolsa gyzyklanma bildirýän daşary ýurt hyzmatdaşlarynyň ählisi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilendir.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Göwünöwreniş – Türkmeniň Gadymy Tälimi

“Şuny bäş barmagyňyz ýaly ýadyňyzda saklaň! Asla unutmaň! Aňrujy, başaryp bilseňiz, bu şerti-de gümürtik etmän, anyk we açyk aýdaýyn, başarsaňyz özüňize gowy bolar. GÖWÜN bilen...

Duşuşyk başyna gol geçirip bilmedik hüjümçiler

“GiveMeSport” portaly, bu möwsümde iň köp duşuşyk geçirilen öňdebaryjy Ýewropa ligalarynyň (Ispaniýa, Italiýa, Germaniýa, Angliýa) gol geçirip bilmedik hüjümçileriň sanawyny düzdi. “Liwerpulyň” oýunçysy Mohammed Salah...

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň deputatlarynyň duşuşygy

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň parlamentariýleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we...

“Mançester Siti” indiki möwsümde oýnar

“UEFA” dolandyryş guramasy fewral aýynda “Mançester Siti” klubynyň ygtyýarnamasyny we maliýe adalatly oýun düzgünlerini “çynlakaý” bozandygy sebäpli topar ýaryşlara gatnaşmak gadagan edilipdi. Emma muňa...