22/10/2020 8:37
Home DÜNÝÄ Gyrgyz Respublikasy boýunça Bilelikdäki beýannama

Gyrgyz Respublikasy boýunça Bilelikdäki beýannama

Gazagystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri Gyrgyzystanda bolup geçen wakalar barada bilelikde beýanat bilen çykyş etdiler. Bu barada “ www.tdh.gov.tm  ” saýty habar berýär.

Gazagystan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Gyrgyz Respublikasyndaky wakalar hakynda Bilelikdäki Beýannamasy

 

Doganlyk Gyrgyzystanda bolup geçýän wakalar bizde uly ynjalyksyzlyk döredýär.

Köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, umumy medeni hem-de ruhy gymmatlyklar bilen baglanyşan ýakyn goňşular hökmünde biz Gyrgyzystanyň halkyny şu çylşyrymly günlerde ýurtda parahatçylygy saklamagyň we durnuklylygy dikeltmegiň bähbidine oňa mahsus bolan parasatlylyk görkezmäge çagyrýarys.

Gyrgyzystanyň ähli syýasy partiýalarynyň hem-de jemgyýetçilik toparlarynyň parahatçylygy we asudalygy üpjün etmek, Konstitusiýany hem-de milli kanunçylygy gyşarnyksyz berjaý etmek arkaly ýüze çykan meseleleri çözmek üçin zerur tagallalary etmegine umyt edýäris.

Gyrgyzystanyň abadançylygy sebit howpsuzlygynyň hem-de tutuş Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşiniň möhüm şerti bolup durýar.

Biziň ýurtlarymyzyň geçmişi birdir we olar umumy geljegi gurýarlar. Merkezi Aziýanyň halklary taryhyň dowamynda geljekki nesilleriň abadançylygynyň bähbidine berk parahatçylyga, ylalaşyklylyga hem-de döredijilige ymtylmak meýli bilen birleşendir.

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaby türk we beýleki dillere terjime edildi

Biziň döwletlerimiz umumy maksatlary paýlaşmak bilen, söwda-ykdysady, maýa goýum, ulag-kommunikasiýa we medeni-ynsanperwer, serhetýaka hem-de sebitara gatnaşyklary giňeltmek boýunça sebit hyzmatdaşlygyny işjeň pugtalandyrýarlar.

Okap bilersiňiz  Ýedi çapyşyk: jemi 120.000 Amerikan dollary möçberinde baýraklar

Merkezi Aziýa raýdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak ýoly bilen öňe gidip, biz Gyrgyzystanyň halkynyň bitewülige, parahat, Garaşsyz ösüşe hem-de rowaçlyga ymtylmasyny hemişe goldarys.

Kyrk gyz gowagy: Ajaýyp wideo şekiller Size garaşýar

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Okap bilersiňiz  1 günde 10 milliard ýewro gazandy

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“iPhone 12 Pro Max” we “Galaxy Note 20 Ultra” haýsy gowy?

Häzirki wagtda sanly tehnologiýanyň ösmegi bilen dünýäde iri kompaniýa hasaplanylýan “Apple” we “Samsung” kompaniýasy özleriň “iPhone” we “Galaxy” modelleri bilen yzygiderli bäsleşýär. Ýeri gelende...

Söýgi hakda oýlanma

Geliň ýer ýüzünde ynsan döräli bäri onuň ýüregini lerzana salyp, gününe goýmaýan söýgi duýgusy barada açyk söhbet edeliň. Söýgi-bu diňe özüň baradaky pikirleriň bolman, eýsem...

Dünýäniň iň ýokary tizlikli awtoulagy

“Shelby SuperCars Tuatara” ulagy ABŞ-nyň Newada ştatynyň 160-njy awtobanynda ýörite ýolda geçirilen synaglaryň netijelerine görä,  "Dünýäniň iň çalt awtoulagy" diýen adyna eýe boldy. Bu...

SMS habarnamasy: Gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek maslahat berilýär

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi “Altyn Asyr” öýjükli aragatnaşyk kompaniýasy arkaly ýurdumyzyň raýatlaryny şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý etmek babatda maslahat berýär. “Altyn Asyr”...