No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 12:05
No menu items!
Home DURMUŞ Gurban Baýramynyň senesi kesgitlendi

Gurban Baýramynyň senesi kesgitlendi

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenlstanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:

1. Türkmen halkynyň Milli baýramy bolan Gurban baýramyny 2020-nji ýylyň 31-nji iýulynda, 1-2-nji awgustynda bellemeli.

2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW

Aşgabat şäheri 2020-nji ýylyň 27-nji iýuly

Gurban Baýramy : Maşgalaňyz bilen öýde geçiriň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gurban Baýramy gutlagy

Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi belent ynsanperwerlik gymmatlyklaryny we egsilmez ruhy baýlygy özünde jemleýän mukaddes Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Goý, mübärek gurbanlyk günlerinde amal...

Zenan syýahatçylardan täze rekord

Beýik Britaniýaly iki zenan iki adamlyk welosipedde dünýäniň aýlanyp çykyp, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Täsinlik neşiriniň wekilleri bu syýahatyň esasy aýratynlygy hökmünde onuň gysga...

ÝUNISEF: Türkmen dilinde Gurban baýramy gutlagy

Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekili Kristin Weýgand Türkmen dilinde Gurban baýramyny gutlady. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekilhanasynyň resmi Instagram hasaby bolan @unicef_turkmenistan hasabyndan...

3-nji awgust – Garpyz güni

3-nji awgustda dünýäniň dürli ýurtlary ýakymly baýram - Garpyz gününi belleýärler. Bu baýramçylyk öz gözbaşyny ABŞ-dan alyp gaýdýar. Bu ýurtda 3-nji awgust – Milli...