No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 4:29
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw

Tomus aýlarynda özüňizi şähdaçyk, ruhubelent, sagdyn duýmak isleseňiz, arassa agyz suwuny talabalaýyk içmegi unutmaň! Lukmanlaryň bellemegine görä, suw adam bedeninde bolup geçýän ähli fiziologik hadysalara — dem alyş, gan aýlanyş, iýmit siňdiriş, bölüp çykaryş we beýleki hadysalaryň kadaly amala aşyrylmagyna doly gatnaşýar. Adam suwy yzygiderli içmese, tapdan düşüp başlaýar, ýagny bedende suw ýetmezçiligi ýüze çykyp, öýjüklerde we damarlarda galyndylar ýygnanýar we ol ganyň goýalmagyna getirýär. Netijede, beden agzalarynyň işi bozulyp, dürli keselleriň ýüze çykmak mümkinçiligi ýokarlanýar. Bedende şeýle näsazlyklar ýüze çykmaz ýaly, suw içmegiň hem öz düzgünleri bar. Arassa agyz suwy bedeniň talabyna laýyk kabul edilende, immun işjeňligi ýokarlanyp, howa şertleriniň üýtgäp durmagy zerarly ýüze çykýan näsazlyklardan goraýar. Tomusda howanyň yssylygy sebäpli adam bedeni suwy köp ýitirýär, şol sebäpli suwa talaby ýokarlanýar. Suw ýeterlik içilende, bedeniň çyglylyk derejesi saklanýar we ony guraklykdan goraýar. Lukmanlar suwy nahar iýmezden ýarym sagat öň içmegi maslahat berýär. Tomusda günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw içmeli.

Lukmanlaryň bellemegine görä, irden turup, ajöze bir bulgur arassa suw içmek iýmit siňdiriş agzalarynyň işjeňligini ýokarlandyrýar. Türgenler bedendäki suw deňagramlylygyny kadada saklamak üçin her ýarym sagatdan owurtlap suw içmeli. Suw deňagramlylygy bozulsa, bedene düşýän fiziki agram ganyň goýalmagyna we gan basyşynyň peselmegine getirýär. Bedene gerek mukdardaky suwy kabul etse, türgenleriň çydamlylygy ýokarlanýar. Käbir adam limonly suwy içmegi halaýar. Bu adam bedeni üçin örän peýdalydyr. Limonly suw bedendäki aşgar deňagramlylygyny saklamaga we gerek bolmadyk ýaglardan, suwuklyklardan saplanmaga kömek edýär. Limonly suwuň güýç beriji häsiýeti kofeniňkiden pes däl, ol adamy dok saklaýar. Limon şiresini mineral suw bilen garsaň hem beden üçin peýdalydyr. Berhiz saklamazdan, irden limonly suwy ajöze içmegi we günüň dowamynda birnäçe limon bölejiklerini iýmegi endik edinseňiz, aşa semremekden goranarsyňyz.

Çeşme: https://www.turkmenmetbugat.gov.tm

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

ÝK Liwan hökümetine 33 million ýewro bermekçi

«Ýewropa Komissiýasy Beýrut şäherindäki partlama zerarly Liwanyň hökümetine 33 million ýewrodan gowrak maddy kömek berer» diýip, Komissiýanyň prezidenti Ursula fon der Lýaýen habar berdi. Bu...

COVID-19: sanjymyň bahasyny arzanlatdy

Täze görnüşli koronawirus ýokanjy üçin sanjym taýýarlap, ony adamlarda synag edýän ýe bu üçünji tapgyr synag işlerini sentýabr aýynda tamamlamagy göz öňünde tutýan ABŞ-nyň...

Hoş habar: ilkinji waksina…

Koronowirusyň dünýäde ilkinji doly taýýar waksinasy hökmünde Russiýada işlenip taýýarlanylan waksina hasaba alnar. «Gamaleýa merkezinde taýýarlanan waksina 12-nji awgust güni hasaba alnar» diýip, Russiýanyň...

Täjigistanda Prezident saýlawlary geçiriler

Täjigistanyň ýokarky we aşaky parlamentiniň deputatlarynyň bilelikdäki mejlisinde şu ýylyň 11-nji oktýabrynda prezident saýlawlaryny geçirmek barada karar kabul edildi. Bu barada ýurduň metbugat gulluklary...