No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 4:48
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Gün energiýasy babatynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri uly

Gün energiýasy babatynda Türkmenistanyň mümkinçilikleri uly

Gün energiýasyndan peýdalanmakda Türkmenistanda örän uly mümkinçilik bar. Çünki Türkmenistanda ýylyň 365 gününiň 300-den gowragy güneşli bolup, gije bilen gündiziň ýagty wagty 12 — 14 sagada barabardyr ― diýip, «Türkmenistan» gazeti ýazýar.

Mälim bolşy ýaly, 9-njy iýulda Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek boýunça milli strategiýany işläp taýýarlamak boýunça Pudagara iş toparynyň birinji mejlisi geçirildi. Onda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ýurdumyzda giňden peýdalanmak hem-de oňa halkara guramalaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Energiýanyň «ýaşyl» çeşmelerini ösdürmek boýunça milli strategiýanyň işlenip taýýarlanylmagynyň bu ugurda bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanyp, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmagyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de olary peýdalanmak arkaly elektrik we ýylylyk energiýasynyň ulanylyşyny we sarp edilişini kesgitlemäge, ýurdumyzda energiýa serişdeleriniň çykarylyşyny diwersifikasiýalaşdyrmaga, merkezden uzakdaky ilatly ýerleri arassa we amatly energiýa serişdeleri bilen üpjün etmäge, zyýanly gazlaryň atmosfera aralaşmagynyň derejesini azaltmaga, iň esasysy bolsa, ýurdumyzyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge ýardam berjekdigi ikuçsuzdyr.

Munuň özi Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň hatarynda kabul eden Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyny we bütin adamzadyň geljekki ykbalyna dahylly işlere jogapkärçilikli çemeleşýändigini ýene bir ýola tassyklaýan görkezijidir. Şundan ugur alyp, ýurdumyzyň gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça Milli agentligi döretmek hem-de Türkmenistany 2020 — 2022-nji ýyllar döwri üçin IRENA agentliginiň Geňeşine saýlanmagy üçin hödürlemek babatdaky teklipleriniň hem giňden goldanyljakdygyny uly ynam bilen aýtmak bolar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Bilesigeliji Ekizekler (Jöwza) kimler?

Jöwzalar (maý aýynyň 21-i — iýun aýynyň 22-si) akylly, gürrüňçil, bilesigeliji adamlardyr. Olar gowy dostdurlar. Ekizekler ýagdaýa we adama görä üýtgäp bilýärler. Söýgüli reňki...

TOEFL synagyny geçmek isleýäňizmi?

Siz mekdebi tamamladyňyzmy? TOEFL synagyndan ýokary bal gazanmak kynçylygyny çekýäňizmi? SAT barada eşitdiňizmi? Siz kollej derejesindäki akademik okuw we ýazuw barada bilýäňizmi? ABŞ-nyň ýokary...

Azyk howpsuzlygynda “öndürilen senesiniň” ähmiýeti

Biz köplenç islendik bir markete ýa-da dükana baryp azyk önümlerini almakçy bolan mahalymyz ilki bilen önümiň “öndürilen senesine” seredip ondan soňra satyn alýarys. Eýsem-de...

Ruslan Mingazow täze topara geçdi

Pawlador şäheriniň «Irtyşynyň» maddy kynçylyklary sebäpli, ýakynda toparsyz galan milli ýygyndymyzyň 28 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň ýene bir topary bilen şertnama baglaşdy....