No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 9:26
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Global Energiýa Bazaryndaky soňky ýagdaýlar
Av.Dr.Döwran Orazgylyjov
Dr.Orazgylyjov, Atavatan Türkmenistan uluslararası dergisinin Genel yayın yönetmenliğini yürütmektedir. Dr.Orazgylyjov, Türkmenistanlılar Dayanışma Derneğinin Yönetim Kurulu Kurucu Başkanı görevini de üstlenmiştir.

Global Energiýa Bazaryndaky soňky ýagdaýlar

Global energiýa bazarynyň ösüş depgini pese gaçdy. Bu barada bugün halk köpçüligine ýetirilen “Statistical Review of World Energy 2020 | 69th edition” maglumatnamasynda aýdylýar. Geçen ýyl  global energiýa bazary 1,3 göterim ösdi, bu  görkeziji 2018-nji ýyldaky ösüş depginiň ýarysyna barabar. Başgaça aýdanymyzda 2018-nji ýylda global energiýa bazary 2,8 göterim ösüpdir.

Global energiýa bazaryndaky ösüş esasan hem, alternatiw energiýa çeşmeleriniň we tebigy gazyň sarp edişindäki artyşdan emele geldi.

Geçen ýyl nebit bazary 0,9 göterim artypdyr. Tebigy gaz bazary bolsa geçen ýyl 2 göterim ösüpdir. 2019-njy ýylda dünýäde jemi 3 trillion 929.2milliard kubmetr tebigy gaz sarp edilipdir. Şonda iň köp tebigy gaz 846.6 milliard kubmetr bilen Amerikanyň Birleşen ştatlarynda sarp edilipdir. Bu geçen ýyl dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 21.5 göteriminiň bu ýurtda sarp edilendigini görkezýär. Geçen ýyl iň köp tebigy gaz şeýle hem ÝB ýurtlarynda  (469.6 milliard m3), Russiýada (444.3 miliard m3), Hytaýda  (307.3 milliard m3) we Eýranda  (223.6 milliard m3) sarp edilipdir.

Hytaýyň gaz bazary ösýär : Türkmenistan esasy çeşme

Geçen ýyl Hytaýyň sarp eden tebigy gazynyň möçberi 2018-nji ýyl bilen deňeşdireniňde 8,6 göterim ýokary bolupdyr. Ösüş depgini 2018-nji bolsa 13.2% barabar bolupdy. Hytaý 2019-njy ýylda dünýäde sarp edilen tebigy gazyň 7,8 göterimini ýeke özi sarp edipdir. Bu ýurt geçen ýyl 177.6 milliard m3 tebigy gaz öndiripdir. Başgaça aýdanymyzda geçen ýyl Hytaý tebigy gaz bazaryny kanagatlandyryp bilmek üçin 130 milliard kubmetre barabar tebigy gaz import etmeli bolupdyr. Şonda Hytaý 84.8 milliard m3 tebigy gaz LNG görnüşinde, 47.7 milliard m3 kubmetrini bolsa turbageçiriler arkaly import edipdir. Hytaýyň turbageçiriler bilen import eden tebigy gazyň esasy bölegi (66,6 %) Türkmenistandan gelipdir. Gygaça seljermämizi geçen ýylyň ahyryndaky ýagdaýa görä global subut edilen tebigy gazyň möçberi baradaky maglumaty ýetirmek bilen jemleýäris. Şonda häzirki ýagdaýda global subut edilen tebigy gaz gory 198.8 trillion kubmetre barabar bolup, munyň 10 göterimi Türkmenistanyň paýyna degişlidir. Maglumatlaryň bugün dünýä halk köpçüligine ýetirilen iň täze global energiýa bazary baradaky maglumatlardygyny bellemek bilen, seljermämizi gelejekde has giňişleýin seljermäni meýilleşdirýäris.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Panasonic” täze gulaklygy bilen tanyşdyrar

“Panasonic” kompaniýasy özüniň täze “RZ-S300W” atly täze görnüşli gulaklyklaryny alyjylara ýetirýär. “RZ-S300W” ady bilen tanyşdyrylan gulaklyklaryň üç görnüşi bar. Olaryň ählisi hem müşderileri kanagatlandyrjak...

Messi “Barselonadan” gidip biler

Lionel Messi 2021-nji ýylda gutarýan şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleri togtatdy. Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisiniň bu topardan gidip biljekdigi mälim edilýär. Bu barada “Cadena...

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr. “Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Ma­te­ma­ti­ka we me­ha­ni­ka (hü­när: ma­te­ma­ti­ka). Fi­zi­ka we...

Bakanlar Kurulu Başkan yardımcısı değişti

Türkmenistan Devlet Başkanı Bakanlar Kurulu genişletilmiş toplantısı gerçekleştirdi. Toplantıda Türkmen Liderinin imzaladığı Karar ile, medyadan ve kültürden sorumlu Bakanlar Kurulu Başkan yardımcısı Bahargül Abdiyeva...

Ösümlikleriň ösüşine sazyň täsiri

Ösümlikler janly tebigatyň aýrylmaz bir bölegi. Sebäbi zerur iýmit çeşmesi bolup, ösümliklersiz ýaşaýşy göz öňüne getirmek mümkin däl. Şol sebäpden häzirki döwürde ösümlikleri içgin...

Aşgabat maliýeykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy. Ma­li­ýe we karz. Yk­dy­sa­dy­ýet...