No menu items!
26/09/2020 4:42
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Germaniýadan 375 million ýewro goldaw

Germaniýadan 375 million ýewro goldaw

Germaniýanyň Maýns şäherindäki “BioNTech” kompaniýasynyň koronawirus sanjymyny kämilleşdirmek hem-de kompaniýany goldamak maksady bilen Germaniýanyň hökümeti 375 million ýewro pul goldawyny berjekdigini habar berdi.

Kompaniýanyň Hytaýda ýerleşýän “Şanhaý Fosun Pharmaceutical” we ABŞ-nyň derman kärhanasy “Pfizer” bilen hyzmatdaşlykda Covid-19 garşy “BNT162b1” atly sanjym taslamasyny taýýarlaýandygyny nygtady. Germaniýanyň hökümeti tarapyndan beriljek goldawyň taslamanyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin ulanyljakdygy mälim edildi.

“BioNTech” kompaniýasynyň baş direktory we esaslandyryjy professor, Dr. Uğur Şahin Germaniýanyň hökümetine “ygtybarly” we “täsirli” sanjymy üpjün etmek üçin berýän goldawlaryna minnetdardyklaryny mälim etdi. Germaniýanyň hökümeti tarapyndan berilýän goldawyň kompaniýanyň “Covid-19” sanjym önümçilik kuwwatynyň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyny aýtdy.

Beýleki tarapdan, Germaniýanyň hökümeti “Covid-19” bejergisi üçin sanjymlary we biomedikal dermanlary öndürmek üçin işleýän biotehniki kompaniýasy “CureVac”-a 252 million ýewro maliýe goldawyny berer. Germaniýanyň hökümeti iýun aýynda “CureVac” kompaniýasynyň 23 göterim paýyny 300 million ýewro satyn aldy.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi

Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hem-de Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň hüjümçisi Kristiano Ronaldo Halkara futbol taryhy we statistika federasiýasy (IFFHS) tarapyndan “dünýäniň iň gowy halkara hüjümçisi” baýragyna...

Naýbaşy kubogyň eýesi 29-njy sentýabrda belli bolar

Türkmenistanyň futbol boýunça Naýbaşy kubogy ugrundaky duşuşygyň geçiriljek güni belli edildi. Ýurduň Futbol federasiýasy resmi saýtynda bu duşuşygyň şu ýylyň 29-njy sentýabrynda geçiriljekdigini habar...

Tokaý zolaklarynyň azalmagy…

Birleşen Milletler Guramasynyň maglumatlaryna görä, soňky 20 ýylyň dowamynda dünýäde tokaý zolagynyň 100 million gektary ýok bolup gitdi. Bu barada “European Data News Hub”...

Gülnar daýzaň agtygy

  Hekaýa   Sen geldiňde garyp göwnüm baý etdiň, Ýöne näme üçindir ynjalygym ýok. Sen maňa bagt berdiň örän ullakan, Ony nädip gorajagym bilemok.   Bu setirler indi bütin ömrüme gulagymda şol...