No menu items!
8.9 C
Istanbul
29/05/2020 2:58
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Gaýnag suwuň peýdalary

Gaýnag suwuň peýdalary

Her gün azyndan 2 litr suw içmegiň saglyk üçin iňňän uly peýdasynyň bardygyny lukmançylyk ylmy bireýýäm subut etdi. Eýsem, suwy gaýnadyp içmegiň saglygymyza nähili peýdasy barka? Milli we döwrebap lukmançylykda gaýnag suwuň peýdasy barada köp ýerde agzalýar. Biz gündelik neşirlerde çap edilýän makalalara salgylanyp, öz okyjylarymyza gaýnag suwuň peýdalary barada käbir maglumatlary ýetirmegi makul bildik.  Ine, olaryň käbiri:

ir bilen ajöze içilen gaýnag suw, ilki bilen, bokurdaga, soň­ra-da içegelere ýygnanan ownuk hapalary ýuwup aýyrýar. Lukmançylykda hapalary tämizlemekde gaýnag suwuň has peýdalydygy tassyklanandyr;

— mälim bolşy ýaly, suwuň gaýnamagy bilen, onuň düzümindäki saglyk üçin käbir zyýanly bakteriýalar aýrylýar. Şonuň üçin çagalara, köplenç, gaýnap, sowan suw bermek maslahat berilýär;

— gök önümleri hem gaýnag ýada gyzgyn suw bilen çaýkamak has peýdalydyr;

 — horlanmak isleýän adamlara ilkinji emleriň biri hökmünde içine biraz limon sykylan gaýnag suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär;

— gaýnag suw bokurdakda we burunda dümew ýa-da başga täsirler arkaly dörän dykylmalary açmagyň bire-bir emidir;

— ses bilen köp işleýän adamlara (aýdymçylara, alypbaryjylara) di­ňe çykyş edýän wagtynda däl, eýsem, hemişe gaýnag suw içmegi endik edinmek maslahat berilýär. Bu olaryň sesiniň hemişe dury we belent bolmagyna oňyn täsir edýär;

— gaýnag suw gan basyşynyň peselmegi we beýgelmegi ýaly ýagdaýlar üçin hem peýdalydyr. Ol ganyň basyşyny kadalaşdyrýar;

— gaýnag suwuň bedeniň dürli wiruslara garşy göreşijiligini ýokarlanmakda, çuslugy, çalasynlygy artdyryp, özü­ňi ýe­ňil duýmakda, dümewiň öňüni almakda, degna dartgynlylygyna garşy göreşmekde we ony gowşatmakda, zehini ýiteltmekde, saçyň düşmeginiň öňüni almakda peýdasy uludyr.

IŇ TÄZE HABARLAR

Türkiye’den Türkmenistan’a uçuşlar ne zaman planlanıyor?

Türk medyasında yer alan bir habere göre, Türkiye’nin yurt dışı uçak seferlerini başlatma tarihleri belli olduğu iddia edildi. Resmi olmayan bu bilgilere göre, Türkiye’den...

Akylly däl, mehaniki sagat

“Xiaomi” kompaniýasy güýçli depginler bilen özüniñ täze enjamlaryny öndürmegini dowam edýär. Bu kompaniýa "Twenty Seventeen Skeleton Tourbillion Mechanical Watch" atly mehaniki turbiýon sagadyny tanyşdyrdy. Sagatda...

6G ulgamyny öwrenýär

Hytaýyň “Xiaomi” kompaniýasynyñ ýolbaşçysy Leý Szun soñky söhbetdeşlikleriniň birinde 5G ulgamyna has köp möçberde maliýe serişdelerini sarp edýändigini we häzirki wagtda 6G aragatnaşyk ulgamynyñ...

Howa barha arassalanýar

Koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly dünýäde dowam edýän karantin çäreleri sebäpli, 2020-nji ýylda Ýeriň atmosferasyna CO2 zyňyndylary 2,6 Gt azaldy. Bu bolsa, adamzadyň senagat önümçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Awtoulag önümçiliginde güýçler birikdirilýär

“Renault-Nissan” awtoulag bileleşigi çykdajylary azaltmak we bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmak maksady bilen täze teklibi yglan etdi. Täze teklip edilen taslamanyň çäginde 2025-nji ýyla çenli “Renault”,...

Germaniýanyň “derbi” duşuşygy

Şu gün Germaniýanyñ çempionatynda taryhy duşuşyk geçiriler. "Borussiýa Dortmund" özüniñ “Signal Iduna Park” stadionynda çempionatda birini orunda barýan "Bawariýa" toparyny kabul eder. Wagtlaýyn arakesmeden...

Bir senede 3 önümi satuwa çykarar

Hytaýyň iň iri elektronika öndürýän kompaniýalarynyň biri bolan “Xiaomi” 25-nji maýda täze 3 sany sowadyjyny alyjylara ýetirer. Bu sowadyjylar beýlekilerden bahasynyň amatlylygy we ýokary...

Türkmenistanyň Ýokary Okuw Jaýlary

Türkmenistanda hereket edýän ýokary okuw jaýlarynyň sanawyny Türkmenistanda Milli Erasmus+ ofis web sahypasyndan alyp Size ýetirýäris. Bu ýerde ýokary okuw jaýlarynyň sanawy raýat ýokary...