No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:52
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Film we wideorolik taýýarlamakda bäsleşik geçirilýär

Film we wideorolik taýýarlamakda bäsleşik geçirilýär

Hormatly Prezidentimiziň saýasynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ýeten belent sepgitlerini bütin dünýäde dabaralandyrmak, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde döredijilik toparlarynyň arasynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ähmiýetini beýan edýän filmleri we wideorolikleri döretmek boýunça «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik 2020-nji ýylyň iýun — noýabr aýlarynda bäsleşige niýetläp filmleri we wideorolikleri taýýarlajak döredijilik toparlarynyň arasynda geçirilýär. Bäsleşige hödürlenýän filmler we wideorolikler bir awtor tarapyndan ýa-da döredijilik toparynyň ýolbaşçysy tarapyndan hödürlenilip bilner.

Filmlerde we roliklerde hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygy, halklaryň arasynda dostlugy we ylalaşygy berkitmek, raýat jemgyýetini pugtalandyrmak boýunça alyp barýan işleri beýan edilmelidir. Şunda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykdysady ähmiýeti hakyndaky seljermeler we maglumatlar bolmalydyr, Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan we halkara guramalar: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahatda öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetini, çuň­ňur many-mazmunyny açyp görkezmäge üns berilmelidir, hormatly Prezidentimiziň ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgeleri baradaky syýasaty öz beýanyny tapmalydyr.

Taýýarlanylýan filmlerde we wideoroliklerde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň, türkmen halkynyň abadan durmuşynyň waspy ýetirilip, olar göwnejaý sazlar we tekstler bilen bezelmelidir.

Bäsleşigiň ýe­ňijileriniň döreden filmleriniň hem-de wideorolikleriniň türkmen we daşary ýurt teleýaýlymlarynda, şeýle hem tanymal media ulgamlarynda görkezilmegi üpjün ediler.

Bäsleşige gatnaşyjylar 2020-nji ýylyň 5-nji noýabryna çenli öz taýýarlan filmlerini we wideoroliklerini Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasyna ibermeli.

Hödürlenen işlere döredijilik özboluşlylygy, ýokary çeperçilik derejesi, reňk we yşyklandyryş aýratynlygy, many-mazmuny boýunça baha berler. Ol işler ýörite düzülen döredijilik topary tarapyndan 2020-nji ýylyň noýabr aýynda seljeriler we ýe­ňijiler kesgitleniler.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy» şygary astynda geçirilýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly döredijilik bäsleşigine işeň­ňir gatnaşmaga çagyrýarys.

Ha­bar­laş­mak üçin te­le­fon bel­gi­le­ri­: 44-20-13, 44-22-12.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanda täze sement önümçiligi gurlar

Ýurduň gündogaryndaky Koýtendag etrabynda ýylda 1 million tonna önümçilik kuwwaty bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň gurluşygy başlandy. Häzirki wagtda tehniki resminamalar işlenip düzülýär, 37...

Aýlawly Çatryklarda Ýolyşyklary Zerurmy?

Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdunda, esasan hem uly şäherlerde aýlawly çatryklar gurlup, ulanmaga berilýär. Bu çatryklar polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem-de ýolyşyklary bolmazdan,...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...

“Mançester Ýunaýted”-iň ýeňşi

Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 34-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” “Aston Villa”-ny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Birmingemiň “Willa Park” stadionynda geçirildi. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Bruno Fernandes, Meýson Grinwud...