27/10/2020 14:34
Home IŇ TÄZE HABAR Ezraýyl bilen Sarsaýylyň duşuşan gijesi
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Ezraýyl bilen Sarsaýylyň duşuşan gijesi

Ýer titreme… Ýer sarsma… Ýer goduklama… Deprem…

 ……………

Aşgabat.

Türkmenistan.

1948-nji ýyl.

6-njy oktýabr.

Gije sagat bir.

………………

Hemmeler ýatyr.

Çagalar ýatyr,

Agalar ýatyr,

Babalar ýatyr,

Käbeler ýatyr,

Obalar ýatyr.

 

Ýatyr nijeler.

Ýatyr ejeler,

Ýatyr bajylar,

Ýatyr hajylar,

Ýatyr hojalar,

Ýatyr gojalar.

 

Ýatyr,

bary ýatyr,

ýatyr bary,

ukuda ýatyr….

 

Ýöne welin

iki sany gurrumsak,

Gözlerini gyrpman,

Dümtünip otyr,

Dümtünip otyr,

Dümtünip otyr…

 

Biri Ezraýyl,

Biri Sarsaýyl,

“Her kim takdyryna

Bolmaly kaýyl!”

Diýip Türkmen taslamasyn,

Ýazýarlar setirme-setir,

Hatarma-hatar…

 

Sagda,

Alynmaly janyň sanawy,

Ýekeme-ýeke hemmesi ýatyr.

Solda,

Dökülmeli ganyň sanawy,

Ýekeme-ýeke barysy ýatyr.

Iki gurrumsak welin,

Henizem

Dowam edip otyr,

Dowam edip otyr…

 

Ezraýyl:

“Aşyklar şäherin et mazarystan,

Bolmaly ol häzir ýer bilen ýeksan…

Buýruga düşdüňmi asla eglenme,

Kemsiz ýerne ýetir sen ony hökman!”

 

Sarsaýyl:

“Düşündim, düşündim,

Goýmaryn kemin.

Arkaýyn bolaýgyn,

Almazlar demin…”

 

Muny eşden Aýyň gözýaşy damdy,

Topraga düşende ses bolup dömdi:

“Türkmen, a-ha-haw Türkmen!

Essiňe gel, aýyl, tiz aýyl!

Ezraýyl don biçdi,

Gelýär Sarsaýyl!”

 

Türkmen hiç sarsmady,

Çünki ol ýatyr…

Ýatana ýylanam degmändir

Diýip, arkaýyn ýatyr…

 

Pikirem ýatyr,

Akylam ýatyr,

Oýdur düşünje-de,

Hemmesi ýatyr,

Barysy ýatyr…

 

Bitmedik ençeme goşgular ýatyr,

Romanlaram şoň ýaly setirme-setir,

Düşünje düzümlerem hatarma-hatar,

Ýatyr bary hiç zatdan etmän heder…

 

Sarsaýyl welin

Ýöräp gidip otyr,

Sagat iki… Ýeriň teýine ýeti,

Nurbaty ÝER bilen ÝEGSANA çatdy.

 

 

Aşakdan ýeri şeýle bir itdi,

Şeýle bir itdi.

Gurrumsagyň özem,

Birsellem özünden gitdi…

 

Ine şeýdip başlady,

Sekize düzüwli

Başky sarsyndy,

Oýan, Türkmen,

Daýan, Türkmen,

Seň täleýiň ters indi…

 

Sarsaýyl mesaž atdy:

“Ezraýyl, nätdim?”

“Sekiziň az bolýar,

Köpelt birini…”

 

Türkmen şonda oýandy-da

Galkyndy…

Ýöne ýatan ýeri

Beter silkindi…

 

Sowul bela!

Sowul bela!

Diýip türkmen galkyndy…

Sowulmady gaýtam beter silkindi.

Ine şeýdip daňdan boldy ikindi,

Söz ýerine agyly sesler indi,

Soňun beýan etmek,

Şeýle bir kyndy,

Şeýle bir kyndy…

 

Akylyňy üýtgetmegem

Mümkindi…

Çünki ýitiren

Adamlarymyz,

Akyldarymyz,

Pähimdarymyz,

……………….

Sanardan kändi,

Jan gaty kändi…

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýädäki iň gymmat awtoulag markasy yglan edildi

Ýaponiýanyň awtoulag öndürijisi ýene-de dünýäniň iň gymmat awtoulag markasy adyna eýe boldy. “Interbrand” gullugyna salgylanyp, “Dünýäniň iň gymmatly 100 markasy” ýyllyk sanawyna birnäçe awtoulag...

Enäniñ perzendine bolan söýgüsi- iñ beýik söýgüdir

 (bolan waka) Bu waka Garrygala sebitlerinde kiçeñräk obalaryñ birinde bolupdyr. Bu wakany maña enem pahyr gürrüñ beripdi. -Biziñ obamyzda 98 ýaşly Ejegül atly garryja daýza bardy....

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Lebap welaýatynda şaly oragyna girişildi

Lebap welaýatynyň ekerançylary şaly oragyna guramaçylykly girişdiler ― diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär. Olar şu ýyl 10 müň 200 gektara ekilen şalydan 47,5 müň tonna...