No menu items!
23/09/2020 13:48
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Elektron söwda ulgamy boýunça maslahat

Elektron söwda ulgamy boýunça maslahat

Aziýa Ösüş Banky we onuň «Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk (CAREC)» maksatnamasy bilen ýurdumyzyň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň çäklerinde geçirilen «Sanly täjirçilik we söwda» atly okuw maslahatyna Döwlet gümrük gullugyndan wekiller gatnaşdy.  Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Okuw maslahatyň maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynda içerki we serhetüsti elektron täjirçiligiň, şonuň ýaly-da sanly ulgam arkaly söwdanyň ösdürilmegi bilen bagly meseleleri özara ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy. Şunuň bilen baglylykda maslahaty alyp baran halkara bilermenleri elektron täjirçiligiň meselelerini düzgünleşdirýän halkara kanunçylyk hukuk namalary bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem, maslahatda sanly ulgam arkaly halkara söwdanyň gümrük işinde döräp biljek kynçylyklar, IT-tehnologiýalary, sanly ulgamyň platformalary dogrusynda çykyşlar boldy.

Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda sanlylaşdyrmak işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Täze tehnologiýalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşyna aýrylmaz bölegine öwrüldi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda eýýäm «ASYCUDA World» atly gümrük maglumatlaryny dolandyrmagyň kompýuterleşdirilen ulgamy üstünlikli ulanylýar. Häzirki wagtda «Bir penjire» ýörelgesi boýunça gözegçilik ulgamyny ornaşdyrmagyň meselesi bolsa, Gümrük gullugynyň öňünde duran ileri tutma meseleleriň biri bolup durýar.

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

9-njy çempionlygyny yglan etdi

Täjigistanyň futbol çempionatynyň 16-njy tapgyrynda “Halton-Istiklol” toparlary duşuşdylar. Duşuşyk deňme-deň 1:1 hasaby bilen tamamlandy. Şeýlelik bilen Duşanbe şäheriniň “Istiklol” topary, ikinji orundan 12 utuk...

    Altyn güýzüň ýaraşygy

Sargylt gyzyl  reňkler bilen reňklenen misli ýelegi ýatladyp gaýyp düşýän  altyn reňkli ýapraklary, misli merjen dänelerini ýadyňa salýan ir säher bilen ösümlikleriň üstüne düşýän...

Liriki oýlanma

Gyz kalby... Sen şeýle bir näzik, şeýle bir eziz. Seniň syrlaryň umman ýaly giňdir. Näme üçin gyz kalby şeýle bir syrly bolýar?  Näme üçin gyzlar...

Giňdir dünýä, geňdir dünýä

  Biriniň gözüniň içine bakanyňyzda, bagtly bolmagyňyza sebäp bolýan duýga ylymda “OPIA” diýip atlandyrylýar.   Gara şokolad 3 sagatlap gan aýlanyşygyň tizligini artdyrar, beýniň esasy...