22/10/2020 8:32
Home IŇ TÄZE HABAR Ejizlikmi ýa-da güýç

Ejizlikmi ýa-da güýç

Käwagtlar seniň iň ejiz tarapyň iň uly güýjüň bolmagyda mümkin, emma onuň üçin garaýyşyny üýtgedip waka başgarak tarapdan seretmeli. 10 ýaşly oglanjyk kiçilikden Dzýudo sungatyna höweslidi, emma oglan maşyn heläkçiligi sebäpli bir goluny ýitirýär. Muňa garamazdan oglan ussat halypalaryň birine, Dzýudo sapaklaryna gatnap başlaýar. Oglan höwesjeň, maksada okgunlydy, emma ussat 3 aýyň dowamynda diňe bir emeli türgenleşdiripdir. Oglan ol emeli örän ýokary derejede ýerine ýetirmegine garamazdan ýene-de dowam edipdir. Oglanyň sabry çatman sorapdyr: “Halypa, indi beýleki emelleride özleşdirserm, öwrensem bolmazmy?” Ussat: “Bu belki ýekeje emeldir, emma sen üçin in gerekli emeldir.” Oglan kän bir düşünmesede halypasyna bolan ynamy üçin türgenleşigine dowam edipdir. Birnäçe aý soňra halypasy ony ýaryşa gatnaşdyrýar. Haýran galdyryjy, ýekeje emel bilmesine garamazdan, ilkinji iki garşydaşyndan ýüzügra üstün çykýar. Üçünji duşuşyk biraz kyn geçmesine garamazdan, şol ýekeje emel bilen ondan hem üstün çykýar. Öz üstünligine oglanyň özi haýran galýar. Oglan indi final tapgyryna gelýär. Garşydaş diýseň güýçlüdi we tejribelidi. Oglan çekinýär, belki bir ýerini agyrdar gorkusy bilen halypa garaýar. Halypa bolsa dowam etmegi babatynda görkezme berýär. Netijede final duşuşyk örän çekeleşikli dowam edýär. Garşydaş duýdansyz uly ýalnyşlyk goýberýär. Bu ýalnyşlygy peýdalanan oglanjyk netijede çempion bolýar. Öz üstünligiňe ýekeje emel bilmesine garamazdan çempion bolanyna ynanyp bilmeýär. Soňra öýüne gelýän mahaly halypasyndan soraýar: “Halypa men ýekeje emel bilmegime garamazdan nädip çempion boldum?” Halypa: “Sen iki sebäpden çempion boldyň. Birinjiden, sen Dzýudonyň taryhynda bar bolan iň kyn emeli öwrendiň we ol hereketden “ussat” derejä ýetdiň. Ikinjiden, ol emeliň ýekeje goranyş ýoly bar, ol bolsa garşydaşyň çep elini ulanmak.” diýip jogap berýär. Belkide ol oglanyň daşyndan gördümde çep eliniň bolmazlygy iň uly kemçiligidi. Emma “Her işde bir haýyr bardyr” diýlişi ýaly, oglan kemçilige başga tarapdan seretdi we netijede çempion boldy. Siziň hem durmuşyňyzda birnäçe kynçylyklar ýüze çykyp biler. Emma ol kynçylyk belki seniň üçin uly güýç bolmagy mümkin. Kynçylyga başga tarapdan seredip gör! Belki ol seniň geljegiňi kesgitläp biler!

Okap bilersiňiz  Synpda telefon ulanmak gadagan
Okap bilersiňiz  Özbegistan garaşsyzlygyny belleýär

 

Mergenow KAKAMYRAT

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

Okap bilersiňiz  Türkmenistanyň we Eýranyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygy

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  Türkiýedäki türkmen raýatlary getiriler: Stambuldan ýörite uçar gatnawy
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

        Bagtyň güneşi  

                                               ...

Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny

Özüm ölsem ruhum goldar sizleri Göroglydan Türkmen halkynyň geçmişinde käbir meseleler bolup, olar öz islegiňe görä däl-de, wagtyň, iň esasy-da, ylmyň dabaralanmagynyň hatyrasyna özleri kagyz ýüzüne...

“Türkmenhimiýa” döwlet konserninden halkara bäsleşik

Türkmenistanda dökünleriň we dürli himiýi önümleriň öndürilmegine gözegçilik edýän Türkmenhimiýa” döwlet konserni täze halkara bäsleşigini yglan etdi. Döwlet konsernini Marykarbamid zawodynyň çäklerinde ýyllyk kuwwaty...

ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky...