No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:29
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Dünýäniň ykdysady ösüşi has pese gaçar

Dünýäniň ykdysady ösüşi has pese gaçar

Halkara Pul Gaznasy (HPG) şu ýylyň aprel aýynda dünýäniň jemi içerki önüminiň ösüş depgininiň 3 göterim pese gaçjakdygyny mälim edipdi. Bu maliýe guramasy täze hasabatynda ykdysady ösüşiň 4,9 göterim pese gaçjakdygy habar berdi.

– Aprel aýyndaky çaklamalarymyz bilen deňeşdirilende, ykdysady ösüşiň has pese gaçjakdygyny tama edýäris. 2021-nji ýyldan dünýä ykdysadyýeti kem-kemden dikelip ugrar – diýip, guramanyň baş ykdysadyýetçisi Gita Gopinat mälim etdi.

Halkara Pul Gaznasynyň resmi saýtynda “Dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň geljegi” atly degişli hasabat çap edildi. Şonda şeýle diýilýär: “COVID-19 pandemiýasy 2020-nji ýylyň birinji ýarymynda ykdysady işjeňlige garaşylýandan has ýaramaz täsirini ýetirdi. Dünýä ykdysadyýetiniň täzeden dikelmegi çak edilişinden has ýuwaş bolmagyna garaşylýar. 1990-njy ýyllardan bäri dünýäde aşa garyplygy azaltmakda gazanylan möhüm ösüşe howp salýar”.

HPG-niň çaklamasyna görä, 2021-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgininiň 5,4 göterim bolmagyna garaşylýar. Ýewro sebitiniň ykdysadyýetiniň şu ýyl 10,2 göterim azalmagyna garaşylsa-da, 2021-nji ýylda 6 göterim ösjekdigi çaklanylýar.

Ösüp barýan we ösýän ýurtlaryň ykdysady geljegi barada aýdylanda bolsa, şu ýyl bu ýerde 1% däl-de, 3%, ösen ýurtlar üçin bolsa 6,1% ýerine 8% pese gaçmagy meýilleşdirilýär.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

“Türkmendemirýollary” agentliginiň www.railway.gov.tm web saýtynda ýerleşdirilen habara görä,  2020-nji  Iýul aýynyň 16-23 aralygynda otly gatnawlarynyň wagtlaýyn duruzylar. beýleki habarlar Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...

“Mançester Ýunaýted”-iň ýeňşi

Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 34-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” “Aston Villa”-ny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Birmingemiň “Willa Park” stadionynda geçirildi. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Bruno Fernandes, Meýson Grinwud...

Kir ýuwujy maşyndan ýokary tizlikli welosiped ýasady

Bir telekeçi inžener boş wagtlarynda kir ýuwujy maşynyň böleklerini ulanyp, elektrikli welosiped döretmegi başardy. Welosipediň sagatda 110 kilometre ýetip biljekdigi mälim edildi. “Spin Cycle” taslamasynyň...