No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 5:30
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Dünýäniň iň arassa howaly sebitini bilerin diýseňiz

Dünýäniň iň arassa howaly sebitini bilerin diýseňiz

Ýaňy ýakynda gözlegçiler ýer ýüzündäki iň arassa howaly sebitini mälim edendiklerini habar berdiler. Ýakynda geçirilen gözleglere görä, adam täsiriniň az bolan Antarktidany gurşap alýan Günorta ummany Ýerdäki iň arassa howaly ýeri hasaplanýar.

Gazylyp alynýan ýangyçdan peýdalanmak, gözegçiliksiz oba hojalygy, dökün öndürmek we galyndylary degersiz ýere zyňmak ýaly endikler biziň 7,5 milliarddan gowrak adamyň ýaşaýan Ýer planetamyzyň howasyny hapalady.

ABŞ-nyň Kolorado döwlet uniwersitetiniň gözlegçiler topary Ýerdäki iň arassa howany tapmaga synanyşdylar. “Proceedings of the National Science Academy” žurnalynda çap edilen gözlegleriň netijelerine görä, Antarktida materigini gurşap alan Günorta Okeany ýer ýüzündäki iň arassa howanyň tapylan ýeri hökmünde hasaba alyndy.

Howanyň hapalanmagy dürli himiki serişdeler, gaty we suwuk bölejikler we howada saklanan gazlar sebäpli ýüze çykýar. Adamlaryň işjeňligi sebäpli howanyň çalt üýtgemegi bilen alymlar we gözlegçiler Ýeriň adamlara täsir etmeýän bir burçuny tapmak üçin göreşýärler.

Gözleg topary howadaky bakteriýalary aşaky atmosferanyň häsiýetlerini çykarmak üçin anyklaýyş guraly ulanandyklaryny aýtdy. Alymlar bu sebiti “hakykatdanam bitewi” diýip atlandyrdylar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň hasabatyna görä, howanyň hapalanmagy eýýäm global jemgyýetçilik saglyk krizisidir. Howanyň hapalanmagy sebäpli her ýyl ýedi milliona golaý adam ölýär diýip, bu halkara gurama habar berýär. Geçirilen gözlegler howanyň hapalanmagynyň ýürek keselleri, insult we öýken rak keseliniň ýokarlanýandygyny görkezýär.

Koronawirus howanyň hapalanmagyny azaldar

Hytaýda başlanan we birnäçe aýyň içinde dünýä täsir eden koronawirusynyň döremegi, howasy hapa sebitlerde has köp adamynyň kesellemegine sebäp bolýar.

Garward uniwersitetinde geçirilen gözlegde, Covid-19 howanyň hapalanan ýerlerde keseliň ýokuşma derejesiniň 20 esse ýokarlanýandygy anyklandy.

NASA tarapyndan neşir edilen hemra suratlarynda koronawirusynyň ýaýraýan döwründe kärhanalaryň önümçiligi we adamyň hereketini çäklenmegi netijesinde, howanyň hapalanmagy ep-esli azaldy.

 

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abä Ýaponiýanyň günorta sebitinde bolup geçen giň gerimli suw joşguny we süýşgünler netijesinde...

“Mançester Ýunaýted”-iň ýeňşi

Angliýanyň “Premýer-ligasynyň” 34-nji tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” “Aston Villa”-ny 3-0 hasabynda ýeňdi. Duşuşyk Birmingemiň “Willa Park” stadionynda geçirildi. “Mançester Ýunaýtediň” düzüminde Bruno Fernandes, Meýson Grinwud...

Ses berişligiň tamamlanýan wagty üýtgedildi

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi gyzgalaňly dowam edýär. Häzirki wagtda bäsleşik tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär we 15...

Brifing başlaýar: Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy

Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň mejlisler zalynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň gatnaşmagynda brifing başlaýar. Ýerli wagt...