No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 9:28
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Dünýädäki iň täsin ýerleri

Dünýädäki iň täsin ýerleri

Dünýädäki iň täsin ýerler

Biziň dünýämiz täsinliklerden doly. Heniz üsti açylmadyk täsin ýerler hem bar. Geliň, şeýle dünýäniň iň täsin ýerleriniň birnäçesi bilen gysgaça tanyş bolalyň.

Ha Long aýlagy

Hek daşynyň ajaýyp deňiz peýzažyny emele getirýän Ha Long aýlagy, Tonkin aýlagynda ýerleşip, 1600-dan gowrak adalary we adajyklary öz içine alýar. Adalaryň kert bolandygy üçin, olaryň köpüsinde ýaşaýyş ýok, şeýle-de adam aýagy sekmedikdir. Birnäçe tebigaty söýüjiler munuň özüne maýyl ediji gözelligini taryplaýarlar. Aýlag dürli ölçegdäki we şekildäki müňlerçe hekdaşynyň karstlarydyr, adalary bilen tapawutlanýar. Bu aýlagdaky hek daşy 500 million ýylyň dowamynda daşky gurşawyň dürli şertlerinden we täsirlerinden soň şu wagtky görnüşine gelipdir. Karstyň ewolýusiýasy çyg, tropik klimatyň täsiri esasynda 20 million ýylyň dowamynda bolup geçipdir. Ha Long aýlagynda endemik ösümlikleriň 14, endemik haýwanlaryň 60 görnüşi duş gelýär. Taryhy gözlegler geçmişde bu ýerde adamlaryň on müň ýyldan gowrak wagt öň bolup görendigini görkezýär.

Table dagy

Günorta Afrikadaky “Keýp Town” şäherini synlamak üçin belli ýer bolan depesi duz Table dagydyr. Bu dünýäniň täze tebigy täsinlikleriniň biridir. Syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän bu täsin dagyň çür depesine köp syýahatçylar asma ýol arkaly çykýarlar.

 “Puerto Prinsesa” ýerasty derýasy

“Puerto Prinsesa” ýerasty derýasy milli seýilgähi Flippinleriň aýratyn goralýan ýerleriniň biridir. Bu Manilanyň 360 mil günorta-günbatarynda ýerleşýär. Bu milli seýilgäh hökmünde 1971-nji ýylda zeper ýetirilmedik gadymy tokaýlygy, gyzykly ýabany durmuşy, arassa ak çägeli kenarlary, tebigy gözelligi şeýle-de dünýäniň iň täsin gowaklar ulgamyny goramak maksady bilen döredildi.

 “Jejudo” adasy

“Jejudo” wulkanik adasy Koreýanyň günorta kenaryndan 130 km uzakda ýerleşýär. Koreýada iň uly adanyň tutýan meýdany 1.846 km2. Ada Dünýäniň tebigy mirasynyň sanawyna girýän “Jeju” wulkanik adasyny we Lawa akymlaryny özünde saklaýar. “Jejunyň” esasy aýratynlyklarynyň biri deňiz derejesinden 1.950 m beýiklikde ýerleşýän Günorta Koreýanyň iň beýik dagy we sönen wulkan bolan Hallasandyr.

AWRORA

Dünýäniň ajaýyp tebigy täsinlikleriniň ýene-de biri Awroradyr. Awrora demirgazyk yşyklary hökmünde hem bilnip, asmanda özüne çekiji, ajaýyp görnüşleri emele getirýär. Awrora yşyklary asmany yşyklandyrýan ýaly ýygy-ýygydan ýüze çykýar. Has ajaýyp görnüş, haçan-da yşyklar asmanda tolkun görnüşde peýda bolanda demirgazyk yşyklary hamala tans edýän ýaly görnüşde ýüze çykýar.

Taýýarlan Aýmyrat HUDAÝBERDIÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Panasonic” täze gulaklygy bilen tanyşdyrar

“Panasonic” kompaniýasy özüniň täze “RZ-S300W” atly täze görnüşli gulaklyklaryny alyjylara ýetirýär. “RZ-S300W” ady bilen tanyşdyrylan gulaklyklaryň üç görnüşi bar. Olaryň ählisi hem müşderileri kanagatlandyrjak...

Messi “Barselonadan” gidip biler

Lionel Messi 2021-nji ýylda gutarýan şertnamany uzaltmak baradaky gepleşikleri togtatdy. Ispaniýanyň “Barselona” toparynyň argentinaly hüjümçisiniň bu topardan gidip biljekdigi mälim edilýär. Bu barada “Cadena...

“Barselonanyň” 9000-nji goly

Ispaniýanyň güýçli toparlaryndan biri hasaplanýan “Barselona” toparynyň futbol taryhyndaky 9000-nji goly hasaba alyndy. Bu gol “Barselona” bilen “Wilýareal” toparlarynyň arasyndaky 34-nji tapgyryň duşuşygynda bolup...

“Zenit” Russiýanyň çempiony boldy

Russiýanyň futbol boýunça ýokary ligasy bolan “Premier Liganyň” 2019-2020-nji möwsümdäki çempiony mälim boldy. Ol hem “Zenit” toparydyr. “Zenit” topary çempionatyň 26-njy tapgyrynda myhmançylykda “Krasnodar” toparyny...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Panasonic” täze gulaklygy bilen tanyşdyrar

“Panasonic” kompaniýasy özüniň täze “RZ-S300W” atly täze görnüşli gulaklyklaryny alyjylara ýetirýär. “RZ-S300W” ady bilen tanyşdyrylan gulaklyklaryň üç görnüşi bar. Olaryň ählisi hem müşderileri kanagatlandyrjak...

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine kabul edilşik

2020/2021-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Hü­när­men­le­ri taý­ýar­la­ma­gyň ugur­la­ry (hü­när­leri): Oba, to­kaý...

Şa serpaýly medeniýet we sungat işgärleri

Ýakynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli döredijilik işgärleriniň birnäçesine hormatly atlar dakyldy we Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň altyn asyry” atly...

Türkmenistan C5 + 1 görnüşindäki ministrleriň ýygnagyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 30-njy iýunynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we ABŞ-niň daşary işler ministrleriniň «С5+1» formatyndaky nobatdaky duşuşygy sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi. Duşuşyga Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet...