27/10/2020 14:50
Home IŇ TÄZE HABAR Dubaý dünýäniň iň iri çüwdürimli şüweleňine eýe bolar

Dubaý dünýäniň iň iri çüwdürimli şüweleňine eýe bolar

Şu ýylyň 22-nji oktýabrynda Dubaýda dünýäniň iň uly suw we yşyk şüweleňiniň açylmagyna garaşylýar.

Ol «The Palm Jumeirah» adasynda ýerleşýär. Şol bir sanda «The Pointe» söwda-restoran toplumynyň nobatdaky gözelligine öwrülýär. Onuň açylyş dabarasynda dünýäniň täze rekordynyň goýulmagyna garaşylýar. Şonuň üçin bu dabara Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri hem gatnaşar.

Çüwdürimler bilen sazyň ajaýyp sazlaşygyndaky täsin toplum 1,5 müň inedördül metr meýdanda ýerleşýär. Çüwdürimleriň belentligi bolsa 105 metre çenli ýeter. Olaryň ýagtyltmak üçin LED çyralarynyň 3 müňüsinden peýdalanylar.

Täze toplum her gün sagat 19-dan ýarygijä çenli işlär. Şu aralykda onuň bäş tomaşa görkezmegine garaşylýar. Her tomaşa-da 3 minut dowam eder.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hamilton Şumaheriň rekordyny täzeledi

Dünýä belli ussat “Formula 1” ýaryşynyň sürüjisi Lewis Hamilton “Algarve” halkara aýlawynda Portugaliýa “Gran Prisinde” 92-nji ýeňşini gazanyp, rekord täzelemegi başardy. Hamiltondan öň Maýkl...

Söýgüniň gadryny biliň!

(bolan waka) Söýülýärkäň gadryny bil gujakla, Ölesiň geler görseň özge gujakda... Bu waka iki ýyl mundan ozal bolupdy. Şol gün Ýunusyň durmuşynda düýbinden başgaça bir günleriň biri...

Hakyky söýgi

Döwlet agasy Şatlyk bilen tokaýa aýlanmana gidipdiler. Döwlet tebigaty synlamak üçin uzaklara seredýärdi. Döwlet (D): “Içimde alada bar emma nämedigine düşünemok.” Şatlyk (Ş): “Näme hakda pikir...

Atyzda aýdylan söz

(hekaýa) Ýüzüňi sypap geçýän salkyn şemal, baglaryň şahalaryndan pessaýlyk bilen gaýyp gaçýan ýapraklar tebigatda güýz paslynyň dowam edýändigini alamatlandyrýardy. Güýzüň sergin säherinde pagtaçylyk toparynyň ýygymçy...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Täze taslamada baş keşbi janlandyrar

Skarlett Johansson muşdaklary üçin “Gelin” ady bilen täze filmde surata düşmäge taýýarlanýar. Sebastian Lelio bu filmiň režissýorlyk wezipesini öz üstüne alar. Filmiň ssenariýasyny Lauren...

Pişijek bilen gyzjagazyň gürrüňi

Bu günlükçe öýüň işlerini boldum edip, çagalarymy ýuwundyryp düşege geçirdim. Uluja gyzym ýerine geçip-geçmänkä «Eje, erteki aýdyp beräýiň-dä?» diýip, gündeki haýyşyna başlady. Ukym gelip...

Türkmenistan Tatarystanda söwda öýüni açar

Türkmenistan daşary ýurtlarda söwda öýlerini açmagy dowam etdirýär. Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda türkmen söwda öýüni açmak babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu barada Ministrler...

Ýeňişleriň has ulusynyň öňdedigine ynanýaryn

Paýtagtymyzyň gözel seýilgähleriniň birinden  güýz paslynyň saralan ýapraklarynyň sadaja öwüsýän şemala özboluşly bir ses edip, kalbyňy heýjana getirýän sazlaşykly simfoniýasyna maýyl bolup, dünýäni undup...