No menu items!
20/09/2020 23:19
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Döwlet Baştutanymyz Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewleri bilen didarlaşdy. Milli Liderimiz Şapolat atly bedewi athanadan çykaryp, onuň bilen birsellem gezim etdi.

Bu gün Diýarymyzda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan ahalteke bedewlerini ösdürip ýetişdirmekde köptaraplaýyn işler alnyp barylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda bina edilen döwrebap atçylyk sport toplumlarynyň diňe bir bu pudagyň kämilleşdirilmegine däl-de, atçylyk sportunyň ösdürilmegine, bu ulgamda ýaş hünärmenleriň-atşynaslaryň, çapyksuwarlaryň, seýisleriň kemala gelmegine ýardam edýändigini bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen, türkmen atlarynyň dünýädäki şöhratynyň belende galmagy üçin ägirt uly işler amala aşyrylýar.

Soňra döwlet Baştutanymyz bedewi çapuw ýodasyna çykyp, ony öz erkine goýberdi. Şapolat gorgunlap barşyna aýaklaryny ýazdy. Bu görnüşler bedewiň seýsiniň ýetendiginiň nyşanydyr.

Ajaýyp ahalteke bedewlerinine aýratyn gadyr goýýan milli Liderimiz olary wasp edýän birnäçe eserleri döretdi. Şolarda halkymyzyň guwanjyna öwrülen bedewleriň taryhyna, gözelligine we dünýädäki abraýyna bagyşlanan maglumatlar öz beýanyny tapýar. Halkymyzyň we dünýä okyjylarynyň söýgüli eserlerine öwrülen şol kitaplarda pederlerimiziň yhlasyndan we zehininden kemal tapan hem-de şöhraty dünýä dolan ahalteke bedewleriniň waspy ýetirilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň aýdyşy ýaly, bedewler halkymyzyň ykbalynda uly orun eýeläpdir, türkmenler bedewleri ýakyn syrdaşy saýyp geldiler. Hut şu ýörelgeleri hem ahalteke atlarynda nusgalyk häsiýetleriň jemlenmegini üpjün etdi. Bu gün seýisleriň, halk seçgiçileriniň ussatlygy netijesinde, milli atşynaslygyň asylly däpleri aýawly saklanylýar hem-de ylmyň we tehnikanyň täze gazananlary bilen baýlaşdyrylýar.

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Magtymgulynyň döredijiliginde zenanlaryň keşbi

              Türkmenistanyň   Prezidenti  Gurbanguly Berdimuhamedow: ─ Magtymguly türkmen halkynyň taryhynyň iň çylşyrymly döwründe ýaşap agzybirlik, garaşsyzlyk, özbaşdak döwletgurmak ýaly beýik maksatlara öz döredijiligi  bilen gulluk...

Oýunyň eminleri yglan edildi

Iňlis emini Entoni Teýlor 24-nji sentýabry, penşenbe güninde Wengriýanyň paýtagt şäheri Budapeştde geçiriljek “Bawariýa” bilen “Sewilýanyň” arasyndaky “UEFA Super kubogy” ugrundaky duşuşyga eminlik eder. UEFA-nyň...

Ertir Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerine bagyşlanan sergi we maslahat öz işine başlar

Ertir — 19-njy sentýabrda Türkmenistanyň ykdysady üstünliginiň ýurt Garaşsyzlygynyň 29 ýyllygyna bagyşlanan sergisi we  «Sanly ykdysadyýet — ykdysady ösüşiň möhüm ugry» atly ylmy-amaly maslahat...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça...