No menu items!
23/09/2020 12:32
No menu items!

Dograma

Türkmen milli nahary bolan dogramanyň gelip çykyşy barada şeýle rowaýat bar.

Bir barly adam sahylygyny bildirmek üçin janly baryny soýup, uly sadaka beripdir. Bişirlen çekdirmäň eti suwundan has agdyklyk edipdir. Märeke sowulan soň, bir oglanjyk batyl bilen bir ýaşulyny idip barýan eken. Olary hem derrew çagyryp, nahar guýup berýärler. Tabakdaky etiň bollugyna geň galan batyl: “Biz ýaly köre munça et ýeten bolsa, gözli adamlar näçeräk iýdikä?” diýipdir. Sadaka beren adam “ Wah, bolmadow” diýipdir. Aşpezleri ýanyna çagyryp:

  • Hiç kim güman etmän, göwnüne zat getirmez ýaly, paýlananda deň-derman ýetjek nahar oýlap tapyň – diýipdir.

Aşpezler şonda gaýnan eti, sogandyr çöregiň üstüne dograp garyp, “deň-derman ýetjek nahary” oýlap tapypdyrlar. Çöregem, soganam, etem dogralan soň, naharyň adyna “Dograma” diýip at dakypdyrlar.

 

Taýýarlan: Halkara ynsanperwer ylymlary

we ösüş uniwersitetiniň talyby Rejepowa Ajap

Türk dili sahypamyz

Saýtymyza ýerleşdirýän habarlaryň käbiri, şeýle hem Türkiýedäki Türkmenistanlylary gyzyklandyrýan habarlary saýtymyzyň Türk dili sahypasyna ýerleşdirýäris. Eger Siz habarlarymyzy Türk dilinde okamak isleýän bolsaňyz, onda, ekranyň sag üst tarapyndan Türkiýäniň baýdagyny saýlaň!

IŇ TÄZE HABARLAR

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

Milli Liderimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisine gatnaşyjylara wideoýüzlenmesi

Hormatly jenap Başlyk! Hormatly jenap Baş sekretar! Ilki bilen jenap Wolkan Bozkyry Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanylmagy bilen gutlamaga hem-de oňa...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

At çapyşyklary we harby ýöriş

Sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Garaşsyzlyk baýramynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar barada hem hasabatlar berildi. Şol hasabatlardan görnüşi ýaly, 28-nji sentýabrda...

Telekeçilere goldaw: Telekeçilik işiňizi tölegsiz tanyşdyryň

Ýurdumyzda ykdysadyýetiň döwlete dahylly däl pudagyny — telekeçiligi ösdürmek ugurnda giň gerimli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň düzümindäki hususy wekiliýetiň agzalarynyň...

Ol bilmelidi

   Nätanyşdy ýowuzlyk, gazap ýaly söýgä garşylykly ýakymsyzlyklar bilen. Ilkinji gezek çaga duýgylary bilen söýen mähriban ejesinden duýupdy olaryň ýakymsyz tagamyny. Mekdebe ilkinji gezek...

Iň pes aýlyk hakyny girizmek teklip edildi

Täze görnüşli koronawirus pandemiýasy sebäpli Ýewropa Bileleşiginiň düzümine görýän ýurtlaryň jemi içerki önümindäki pese gaçyş şu ýylyň ikinji çärýeginde 12 göterime deň boldy. Ýewropa...