22/10/2020 8:06
Home DÜNÝÄ Daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Iki ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasyndaky ylalaşyklar esasynda gün tertibine degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar, şeýle hem, sebit we halkara formatda hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hem-de Hazarýaka bäş döwletiniň arasyndaky özara gatnaşyklaryň çägindäki gatnaşyklary boýunça pikir alyşdylar.

Bellemeli zat, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistan Russiýanyň koronawirus sanjymyna ýokary baha berdi

Bulary hem okaň!

Ene süýdi :0-6 aýlyk döwürde çagany iýmitlendirmek

6-12 Aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek kadalary

 

12-23 aýlyklarda çagany dogry iýmitlendirmek

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris. Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Gizlin söýgi

Ýaş maşgalada ikinji perzent gyz bäbejik dünýä indi. Olaryň ilkinji perzendi Resuljyk dört ýaşyna gadam basypdy.  Bu garaşylýan bäbejik maşgalanyň şatlygyny goşalandyrdy. Türkmenlerde bäbejige...

Göz-penjire, ýürek-aýna

Täze nikalaşan maşgala täze öýüne göçüp geldiler. Irden ertirlik edinýärdiler, goňşysy ýuwulan eşiklerini serýärdi. Gelin ýoldaşyna: “Eşiklerini gowy ýuwmandyr, gowy tämizleýiji serişdesini ulanmaýarmyka” –diýdi....

Dünýäde iň çalt kabelsiz güýçlendiriji

Hytaý döwletiniň “Xiaomi” kompaniýasy resmi taýdan özüniň soňky döwrebap tehnologiýasy bolan kabelsiz tok geçirijisini hödürledi. Bu täze tehnologiýa, dünýäde iň çalt tok geçiriji ulgamy...

ÝB-MA-Owganystan formatynda hyzmatdaşlyk

Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Owganystan Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Daşary syýasat gullugynyň Baş sekretary hanym Helga Şmidiň derejesinde ÝB-MA-Owganystan formatyndaky...