No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 12:05
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Çomuç Toşabynyň Tagamy
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Çomuç Toşabynyň Tagamy

Könelerimizden rowaýat kysmy şeýleräk gürrüň galypdyr. Daňyň alagaraňkysynda sähraýy türkmen obalarynyň ýaňy çetinden girip ugran bet niýetli gaýry ýurtly alamançylaryň ummasyz çomuç tokaýlygyny görüp, zähreleri ýarylýar. Bahar aýlary pajarlap çykyp oturan çomuç, “Gorkana goşa görner” diýleni, olaryň gözlerine silkme telpekli, garadangaýtmaz türkmen ýigitleri bolup görünýär. Olar atlarynyň jylawyny yzyna öwrüp, “Duran tutular, gaçan gutular” diýen nakyla eýerip, basýarlar ata gamçyny. Şeýdip, çomuç daňyň süýji ukusynda gapyl ýatan türkmen obalaryny keseki basybalyjylardan halas edýär…

Çomuç urşuň nägehan ýyllarynda hem adamlaryň açlyk belasyndan gutulmagyna belli bir derejede ýardam etdi. Bu ösümlik ýurdumyzyň, esasan, Türkmenbaşy etrabynyň töwereklerinde gabat gelýär. Bu ýerdäki çomuç süýjümtik tagamy bilen tapawutlanyp, boýy 1-1.5 gulaja ýetýär. Munuň ýaly çomuç Diýarymyzyň gaýry ýerlerinde ösmeýär diýen ýaly. Dogry, üýşmek bolup däl-de, ýaýrap çykan ajymtyk görnüşi beýleki ýerlerde-de azda-kände duş gelýär. Men bu ýazgymda ýerli çomuç dogrusynda, “Hamyr ujundan petir” diýlişi ýaly, kelam agyz durup geçmekçi. Onuň palajy, ýagny ýapragy mes toprakly ýerde ösüp oturan gawun palazyna meňzeş, palajynyň ortasynda onuň miwesi peýda bolup, ýuwaş-ýuwaşdan çomuja öwrülýär. Oglan döwrümizde onuň miwesi sere, garyş çemesi bolanda, terligine hezil edip iýerdik, onuň hiç bir miwä meňzemeýän ajaýyp lezzeti bolardy, çomuç çykyp ugranda, ýagny boýy tirsekboýy boluberende, ojakda, guma gömüp bişirilendäki tagamy has hem datly.

Ozallar toşaby iki-üç maşgala bolup, arkalaşyp alardylar. Oňşugyň ýabygorly gününde şeýtmeseň boljagam däldi. Çomujy, oduny ýükläp getirer ýaly düýe, gazan-tagan, gap-gaç ýaly öý goşlary o zamanda bir öýden önmeýärdi. Üstesine-de ol döwürde toşap almak işi el güýji bile amala aşyrylýardy. Häzir toşaby öňki ýaly goşulyşyp, arkalaşyp almaýarlar. Toşap almaga derwaýys bolan zatlaryň bary indi bir maşgaladan bitýär. Onsoňam munuň ähli işine tehniki enjamlar kömege geldi. Odunyň ýerini tebigy gaz eýeledi. Gytçylyk ýyllarynda öý başyna bir meşik toşap ýetse begenişip, monça bolardylar. Indi bolsa her maşgala azyndan 10-15 bedre toşap almasa, işi boldum edesi gelmeýär. Toşap almak işi hem adam saýlaýan jogapkärli, asylly pişe. Işine arassa, kanagatly öý bikeleriniň toşaby bilen ýagşy-ýamana parh goýmaýan harsydünýäleriň toşabynyň arasynda gök bilen ýer ýaly tapawut bardyr. Başda ady agzalan öý bikesiniň toşaby bal ýaly süýjüdir, goýudyr, sargylt reňklidir. Çünki ol gowy toşap almak üçin, ozaly bilen, gyr çomujyna däl-de, gum çomujyna meýil edendir. Gum çomujy gyr çomujyna görä süýji bolýar. Ýene bir bellemeli zat, çomujyň ýokarsy aşak tarapyna görä ajyrakdyr. Şonuň üçin “Az bolsun, uz bolsun” edip, onuň ýokarsynyň iki garyş töweregini ýygyp ýörkäler kesip taşlaýarlar. Aladaçyl öý bikeleri toşabyň şiresini gaýnatmaga, ýagny ondan toşap şekilli toşap emele getirmäge aşa jogapkärli çemeleşýärler. Mukdara, sana kowalaşyp, basym bolaýyn, köp alaýyn diýip, gazany gaty gaýnatmak dürs däldir. Çomuç şiresi asuda, ýeňiljek, balkyldap gaýnamaly. Gazany dolduryp guýan şiräň toşap bolýança üstüne goşundy goşup, öňki-soňkyny garyşdyrmak-da nädogry. Onda onuň hili peselýär. Ajy, gara köpügini toşaba siňdirmän, mahal-mahal aýryp, garyp durmaly. Şire toşap bolup barýarka, birenaýy sary köpük emele gelýär. Süýjüliginden ýaňa agzyň, diliň dilinip barýandyr, oglankak ony hezil edip ýalardyk. Işine gaýym zenanlar ony ýörite gapda ýygnap alyp, soňra derman hökmünde haýyrlanýardylar. Çomuç şiresi gaýnadylýança, syrçaly, aýna gaplarda, çoýun gazanda saklanmasa üýtgeýär. Ýokarda agzalan talaplar berjaý edilmedik ýerinde toşap hakyky toşap däl-de, ýöne toşap ady bardyr, garadyr, suwukdyr, ýanygyň ysy gelip duran aşa goýudyr, bulaşykdyr, ajy kakýandyr. Olar ýaly toşapdan gaça durmaly. Çomujyň palajy, tohumy, gabygy, şiresi sykylyp alnandan soňra galýan töpi, hatda gurap galan gamagy-da, gyş aýlarynda ýetdirgisiz mal iýmiti. Toşabyň özem köp derdiň dermany. Men onuň dermanlygy barasynda gep süýndirip oturmakçy däl. Çünki ol hakda Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” diýen ylmy eserinde jikme-jik beýan edilýär.

Eýsem-de, toşap bilen baglanyşykly öz başymdan geçen bir ahwalaty ýatlap geçsem artykmaçlyk etmese gerek. Meniň aram-aram gyzylödegim bimazalyk tapyp, iýip-içmäm agyryly geçerdi. Lukmanlaryň däri-dermanlary netije bermeýärdi. Ahyry bir tebip, ýatan ýeri ýagty bolsun, derdimiň melhemini salgy berdi. Olam böwrümizdäki çomuç toşaby bolup çykdy. Käsäniň üçden birine toşap, galan ýerinem suw bilen dolduryp, ýedi günläp ajöze içdim. Emi-ýomy şol boldy. Ondan bäri çärýek asyr wagt geçdi.

Biziň obalarymyzda toşapdan iki dürli nygmat taýynlanýar. Bir-ä alaçaly ýag, beýlekisem meleje. Ozallar geçi derisinden bejerilýän meşik bolardy. Şoňa baggoýnuň bir bedre guýruk ýagyny, ýarty bedre hem toşap guýup, gyş aýlarynda çörek bilen iýerdiler.

Käbir öýlerde onuň üstüne toşap mukdarynda düýe süýdüniň şekerde gaýnadylyp, sähel goýaldylan gyrmyzy reňk ergininem guýardylar. Şondan çörek bilen ýetik naharlanan adamyň güni bilen iýip-içimiň durýan ýerine bakasy gelmezdi. Ol seni sowukdan, işdenem basyldyrmazdy, ýadatmazdy.

Şu ýerde, gepiň gerdişine görä, guýruk ýagy dogrusynda-da görüp-eşidenlerimden az-kem gürrüň edeýin. Çarwalar mal ýagyna, esasanam, baggoýnuň guýruk ýagyna aýratyn sarpa goýardylar. Maldarlar guýruk ýagyny diňe azyk önümi däl, eýsem, derman hökmünde hem ulanardylar, ýöne, gepiň tümmek ýeri, guýruk ýagyny taýynlamakda. Agzynyň tagamyny bilýänler ony iri-iri dograp, üstüne hem birki sany kakmaç atman gowurmazdylar. Özünem ýag dogramçalary sähel gyzgylt reňke öwrülende, gazany otdan düşürerdiler. Şonda ýakymly kakmaç ysly, içine dary atylan ýaly digir-digir düwmejikli owadan reňkli ýag emele gelerdi. Köp ýag aljak bolup, ony ownuk dograp, kän gowurýanlaryň guýruk ýagy garamtyl reňkli, ýakymsyz ysly bolardy.

Şu günki gün çarwalaryň desterhany, tüweleme, göz degmesin, hil-hil ir-iýmişlerden, miwelerden, ýaglardan, şerbetli içgilerden, etden-ýagdan taýýarlanan lukmalardan… dos-doly. Ýöne, haýp, şolaryň arasynda alaçaly ýaga nazaryň kaklyşmaýar. Dogry, bu elpe-şelpelikde, bolçulykda ol kän islenibem durlanok. Şeýle-de bolsa, toý-tomaşalarda, dabaralarda ata-babalarymyza hormat üçin olam orta goýulsa, ötenlerimizi unutmadygymyz, olary syladygymyz bolmazmydy?! Çünki türkmen geçmişine, ýaşulularyna hormat goýýan milletdir.

Hojagylylyç NAZAROW

Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Silikon Jülgesi : Startuplaryň Merkezi

Ýadyňyzda bolsa geçen ýyl  şu günlerde Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa we Tehas  ştatlaryna eden gezelenjimiz barada ýol ýazgylaryny ýazmaga başlapdyk.  Şonda ilkinji makalamyzyň ady...

Hasaply dost uzaga gider

Arada şäherli bir tanşym öýümize myhman bolanda, çaý başynda şeýleräk gürrüň bolupdy. -Obaňyzda tamdyr kän-le, agzyňyz o diýen bir däl bolarly. Ellinji ýyllarda, biziň obada...

Welosiped ýaryşynyň möhleti öňe süýşürildi

Halkara welosiped birleşigi (UCI) abraýly “Tur de Frans” köp günlük ýaryşynyň 2021-nji ýylda geçiriljek senesiniň üýtgändigini habar berdi. Bu barada birleşigiň metbugat gullugy habar...

2-nj’ Nusga: “köni yol”

  Ikinji mysal (KB №36) : Köni yol / Doğru yol / Göni ýol.          (Köni yolka kirmek / Doğru yola girmek / Göni ýola...