28/11/2020 16:10
Home IŇ TÄZE HABAR Çagaňyzyň haýsy sport bilen meşgullanmalydygyny bilýäňizmi?!
Şirin Şirliýewa
"Türkmenistan Sport" halkara žurnalynyň jogapkär kätibi

Çagaňyzyň haýsy sport bilen meşgullanmalydygyny bilýäňizmi?!

Sport islendik ýaşly ynsanyň saglygyna peýdaly. Emma çagalary irki ýaşdan sporta gönükdirmegiň geljekde sagdyn jemgyýetiň binýadyny kemala getirýändigini unutmaly däldiris. Çagalaryň fiziki işjeňligiň kadalaşmagy olaryň gan aýlanyşygyny kadalaşdyrýar, bedenini kislorod bilen üpjün edip, agşamky ukusynyň rahatlygyny sazlaýar, özüňi oňaýly duýmaga täsir edýär.

Çagalar üçin sport görnüşleri saýlananda, olaryň bedeniniň fiziki aýratynlyklarynyň göz öňüne tutulmagy maksadalaýykdyr. Eger siziň çagaňyz daş-töwerekde hemişe ylgaýan, bir ýerde durmak islemeýän hereketli we çeýe çaga bolsa, ony ýeňil atletika, suwda ýüzmek ýaly sport görnüşlerine ugrukdyrmagyňyz netijeli bolar. Ýa-da çagaňyz çepiksi bolup, agaja ýa beýleki ýerlere dyrmyşmagy söýýän bolsa, onda gaýa çykmakda (alpinistlikde) üstünlik gazanyp biler. Şeýlelikde, her bir çaganyň tebigy başarnygy, olara sportuň özleri üçin dogry görnüşini saýlamakda göz öňüne tutulmalydyr.

Çagalar üçin sport görnüşi saýlananda, olaryň isleglerini diňlemegi hem ýadyňyzdan çykarmaň. Käbir ene-atalar çagalaryny özleriniň ýaşlykda gatnan sport görnüşine, ýa-da özleriniň janköýerlik edýän sportuna gönükdirýärler. Emma sport bilen yzygiderli meşgullanmakda, geljekde ezber türgen bolup ýetişmekde, aýratyn-da sport dünýäsine ýeňil girişmekde çaganyň islegi, tebigy ukyby möhümdir.

Okap bilersiňiz  Dünýäde iň çalt kabelsiz güýçlendiriji

Käte gürrüňçilikde kärdeşlerimiz çagasynyň okuwdan soň dil merkezine ýa beýleki gurnaklara gatnaýandygy üçin sport bilen meşgullanmaýandygyny aýdýarlar. Olar öz pikirlerini çagalarynyň sapaklara ýetişmezligi, artykmaç ýüklemeleriň bedene agram beräýmegi baradaky aladalary bilen delillendirýärler. Emma okuwdan soňky boş wagtyny öýde geçirýän çagalaryň hem daşarda ylgaýandyklary, bökýändikleri, kowalaşýandyklary barada pikir ediň. Alymlaryň aýtmagyna görä, fiziki maşklar bilen mekdepdäki ýetişigiň arasynda gönüden-göni baglanyşyk bar. Çaga näçe köp türgenleşse, ol şonça sapaklaryny hem gowy özleşdirýär. Fiziki işjeňligi gazanmak maglumatlary ýeňil kabul etmäge, ýadamazlyga, ünsüňi güýçlendirmäge oňyn täsir edýär.
Irki ýaşdan sporta gönükdirmek üçin görnüşler saýlananda, çaganyň saglyk ýagdaýy hem göz öňüne tutulmaly zerur şertleriň biridir. Ene-ata çagasynyň saglyk ýagdaýyny hemmelerden, hatda çagaň özündenem gowy bilýär. Sport bilen meşgullanmak saglyga peýdaly bolup, bedeniň kuwwatlylygyny artdyrýan hem bolsa, sportuň ýörite bedeniň belli bir bölegine, agzasyna oňyn täsir edýän görnüşleriniň bardygyny ýatlatmak isleýäris. Meselem, eger siziň çagaňyz küýkerip ýöreýän bolsa, oňa suwda ýüzmek sporty has peýdalydyr.

Okap bilersiňiz  Bekhamyň awtoulagy satuwa çykdy

Umuman, çagalykdan sportuň özleri üçin dogry görnüşi bilen meşgullanmak geljekde il-günümize abraý, Ata Watanymyza şan getirjek türgenleriň kemala gelmeginde möhüm başlangyçdyr. Biz indiki makalalarymyzda çagalar üçin sport görnüşleriniň aýratynlygy, ähmiýeti barada söhbet ederis.

Okap bilersiňiz  Benziniň bahasy nirede has gymmat?

IŇ TÄZE HABARLAR

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak...

“Square” 3 günde üç rekord goýdy

Amerikanyň “Square” maliýe hyzmatlary kompaniýasyny 2009-njy ýylda “Twitter” jemgyýetçilik toruny esaslandyran Jek Dorsi we Jim MakKelwi tarapyndan döredildi. 2020-nji ýylda bu kompaniýanyň paýnamasy birden...

Döwürleýin neşirlere diňe pensionerler ýazylyp bilýärler

Kagyz görnüşindäki gazetleriň we žurnallaryň döwri kem-kemden geçmişe öwrülip barýar. 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan Türkmenistandaky gazet-žurnallary abunaçylar elektron görnüşinde okap başlarlar.  Kagyz görnüşindäki gazet-žurnallara...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris.
Okap bilersiňiz  Orta Asya Ülkeleri İle Japonya İşbirliği
Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Halil Avcı : Daimi Tarafsızlık – dünyada barış ve kardeşliğin güvencesi

Kardeş ve dost ülke konumundaki Türkmenistan için 2020 yılı ayrı bir öneme sahiptir. 12 Aralık 1995'de Birleşmiş Milletler Genel Kurulunda 185 ülkenin oy birliği...

Türkmen Edebiýatynda “Mugallym” Düşünjesi

“Mugallymlar güni we hepdesi” baradaky makalamyza dowam edýäris. Giriş ýerine: Türkmenlerde “ataly-ogul” düşünje talantlylygy, pähim-paýhas ussatlygy bilen baglanyşykly soňky döwre degişli halkara derejesinde nusga görkezilip...

ABŞ-nyň täze hökümeti belli bolup başlady

ABŞ-nyň saýlanan Prezidenti Jo Baýden täze hökümetiň düzümini belli etmäge başlady. ABŞ-nyň metbugatynyň berýän habarlaryna görä, ABŞ-nyň 46-njy Prezidenti Jo Baýdeniň hökümetiniň düzüminde orun...

Russiýada koronawirusa garşy sanjym haçan başlaýar?

Dünýäde ilkinji bolup, täze görnüşli koronawirus ýokanjyna garşy sanjymy hasaba alan Russiýa Federasiýasynda “COVID-19” keseline garşy köpçülikleýin sanjym etmek işi 2021-nji ýylda başlanar. Bu...