No menu items!
26/09/2020 4:15
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Çaga Robot Däldir
Hojagylyç Nazarow
Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy Hojagylyç Nazarow 1937-nji ýylda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Çagyl obasynda doglan. 53 ýyl mugallym bolup işlän. Türkmenistanyň at gazanan mugallymy, halk magaryfynyň otliçnigi, uly mugallym, usulçy mugallym atlaryna mynasyp bolan, bir orden we üç sany medal bilen sylaglanan. Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulysy, Gaýrat medalynyň eýesi. 2014-nji ýylda Türkmenistanyň “Altyn Asyr” bäsleşiginiň ýeňijisi.

Çaga Robot Däldir

Arada men işim çykyp, obamyzdaky (Çagyl obasy) öýleriň biriniň gapysyndan gözledim. Görsem, är-aýal ikisem öýlerinde jem bolup oturan eken. Öý eýeleriniň göwünjeň mürähet etmekleri boýunça çaýlaşyp oturmaly boldy. Edepli-ekramly, allanäme çagalary bar eken. Burny deşilen ýaly, hersi öz işi bilen gümra bolup, ümsümje otyrdylar. Olara “haýt” diýmek derkar däldi. Emma är-aýal ikisi iki ýerden olary öz gününe goýanokdylar. Çagalaryny eýläk-beýläk bakdyrman, oturan-oturan ýerinde dikilen gazyk ýaly edip goýaýsak diýýärdiler. Tükeniksiz öwüt berýärdiler, tükenmez edep öwredýärdiler.

Ýöne ol sözleriň bary artykmaçdy. Çagalarynyň degnasyna nähak degýärdiler, iňirdäp, zeýrenip ýüreklerine düşýärdiler. Çünki olar şonsuzam edeplidi, ekramlydy. Hatda olar mekdepde-de iň göreldeli okuwçylar hasap edilýärdi.

5-6 ýaşlaryndaky oglanjyk gapydan çykmakçy bolanda işige büdräp ýykyldy. Bir ýerini agyrtdy öýdýän, ol aýagyny süýräp, zordan ýerinden galdy.

Emma çaganyň bu gözgyny ýagdaýy olaryň gözüne-de ilmedi. Gaýta atasy ör-gökden gelip:

-Ine, gördüňmi, Meret, aýdylanyny etmeseň nämä sezewar bolunýandygyny. Näme üçin basjak ýeriňe seredip, seresap çykaýmadyň? Gowy boldy… Indi aýagyňy tutup, uwla-da otur – diýip, ur-tut ony oturtmak bilen boldy.

Enesem bir zatlar diýmekçi boldy. Ýöne menden çekindimi, nätdimi, çagasyna diňe alarylyp-alarylyp seretmek bilen çäklendi. Bigünä çagajygyň gyrgy penjesine düşen bedene ýaly galpyldap oturan naýynjar halyna kesesinden haýpym geldi.

Soňra on-on iki ýaşly gyzjagaz elindäki oýnadyp oturan jigijiginiň enaýyja gülküsine guwanyp oturşyna özem atanlykda gatyrak ses bilen gülüp goýberdi. Görgülüjik gülse-de güldi welin, boz-ýaz bolup, derrew sesini kesdi. Ýöne çaga gijä galypdy. Enesi ony alaran gözleri bilen iýäýjek bolýardy. Girrik ata gaharyny içinde saklap bilmän ýaryldy:

-Wah, işi gaýdan diýsäni. Heý, gyz maşgala-da şeýdip gaty ses bilen gülermi?!

Şeýdilip berk tutulyp, erksiz terbiýelenen çagalar soňra ulalanda nähili adamlar bolup ýetişerkä? Elbetde, öňünden belli bir zat diýmek çetin. Ýöne tejribeden mälim bolşuna görä, şeýle terbiýe bilen kemala gelen çagalar soňra galapyn ruhy taýdan doly bahaly adamlar bolup ýetişmeýärler. Görýän göreldesi ýaly gaharjaň, igenjeň, ýaýdanjaň, tutanýersiz bolýarlar. Kesgitli, batyrgaý hereket edip bilmeýärler, mydama kesekiniň, başga biriniň maslahatyna mätäçlik çekýärler. Ýene bir erbet ýeri, olaryň sähel ese-boýa galyp, agy-garany, ýagşy-ýamany seljerip ugranda ýersiz-ýere bizar-petegini çykaran ata-enelerine jogap berip, kejeleşýän, erjeşýän, hatda öýlerini taşlap gidýän wagtlary-da seýrek bolanok.

Men şäherli döwletli, myhman-mediwanly bir maşgalany tanaýaryn. Onuň ogly Geldi (hakyky öz ady däl) asylly, sapaklaryna oňat ýetişýän, şonuň bilen birlikde-de çeper höwesjeňler kružogyna gatnaşýan zehinli oglan. Gelginiň Aky (olam hakyky ady däl) diýen tirkeşýän dosty bardy. Akynyň kakasy sada işçi. Bir gün Geldiniň kakasy ogluna:

-Oglum, sen Aky bilen kän tirkeşiji bolmagyn. Ol edepli ýeriň çagasy däl. Şonuň üçin ondan gowulyk çykasy ýok. Dostlaşasyň gelýäni çynyň bolsa atly-abraýly adamlaryň ogullary-da gyt däl ahyryn – diýdi.

Onda ogly:

Kaka, bilýän. Ýöne Aky erbet oglan däl. Düşbi, akylly. Kakasynyň bolşuna jany ýanyp, kä mahal meň ýanymda aglaýaram ol, kaka. Meniň-ä şoňa rehimim inýä. Elimden gelse kömek etjek. Biz onunjyny  gutaranymyzdan soň onuň bilen aýdym-saz ugrundan ýokary okuw jaýyna girmegi-de ýüregimize düwüp ýörüs. Onsoňam, kaka, saz çalmaga gezek gelende, ol maňa görä ezberräk. Men sazyň käbir çylşyrymly tilsimlerini şondan öwrenip ýörün – diýip, kakasyna düşündirmek isleýär.

Emma kakasy ogluna gulak asman:

Ogul, başgaňy bilemok. Şol oglan ikilenç şu öýde görünmesin… – diýip, meseläni çürt-kesik goýýar. Soňra hakykatdanam Aky bu gapa gara bermeýär. Ýöne onuň bagryndan önen perzendi-de olardan daşda bolanyny kem görmeýär. Ol näçe agyr düşse-de, dosty Akylaryň öýlerinde ýaşaýar. Olar aýdym-saz ugrundan ýokary okuw jaýyna okuwa girip, öz maksatlaryna hem ýetýärler.

Elbetde, soň ata öz ýalňyşyna düşünip, ogly bilen ýaraşýar. Akynam öz oglundan erbet görmeýär.

Ata-eneler näçe köpbilmiş, parasatly bolsalar-da, käbir meselede, käbir ýagdaýda ogul-gyzlaryna sala salyp, şolaryň aýdanlaryny etseler ýalňyşmasalar gerek. Çünki gowy pikir, gowy ideýa köplenç ýaşlykda ýüze çykýar ahyryn. Şonda bir zady bellemek gerek, “meniň çagam öz etjegini bilýändir” diýip, çaga absolýut erkinlik bermegem o diýen dürs däldir. Näme diýseňem, çaga çagadyr. Şonuň üçin çagaňa näçe ynamyň baram bolsa onuň her bir sözi, hereketi ata-ene tarapyndan seljerilip, barlanylyp, belli bir maksada ugrukdyrylyp durulmalydyr.

Çaganyň oňat terbiýä eýermeginde, onuň ýoldaşlarynyň, deň-duşlarynyň belli bir derejede täsiriniň bardygyny durmuş görkezýär. Şunda “goňşylarymyzyň ýa köçämiziň oglanlary erbet” diýip, çagany hiç kimiň ýanyna goýbermän, gabap oturmagyň derkarlygy barmyka?! Ýok. Eger sen çagalaryňa oňat terbiýe, oňat görelde görkezmegi başarýan ata-ene bolsaň “ýaman” oglanlardan gorkma.

Goý, çagalaryň özüniň halany bilen oýnasyn, tirkeşsin. Seniň çagalaryň özüniň ajaýyp häsiýeti bilen terbiýesi ýetik bolmadyk beýleki çagalara oňat täsirini ýetirmegi mümkin. Erbet, pyýankeş atanyň terbiýesinde kemala gelen Akynyň ak ýola düşmeginde Geldiniň hem belli bir derejede täsiri bolupdy ahyry. Bu bir ýagdaý. Ikinjiden, çaga ulalanda, durmuşa özbaşdak gadam uranda mydama oňat adamlar bilen iş salşyp ýörmez. Ýaman adamlara-da duşar. Şonda ýalňyşmaz, aljyramaz ýaly, goý, ol çagalykdan her dürli häsiýetdäki çagalar bilen gatnaşsyn, “tejribe” toplasyn.

Çaga robot dldir. Onuňam öz pikiri, öz garaýşy, öz erki, öz dünýäsi bolmalydyr. Ata-ene çagalyk dünýäsine böwet bolmaly däl-de, ony terbiýelemäge, taplamaga çalyşmalydyr. Onda-da ol iňirdäp, ýürege düşüp, ýersiz-ýere haýbat atyp däl-de, pähim-paýhas, asylly görelde, mylaýym söz bilen terbiýelenmelidir. Obkatkadan (geçmeli belli bir menzilini- kilometrini) kadaly geçmedik maşyn soňra hergiz gönendirmez, tiz sandan çykar. Adamyň çagalyk döwri hem şol kybap bir zatdyr. Onuň üçin her bir ata-ene terbiýeçi pedagogik paýhasyň şu sadaja, şu elementar zatlaryny bilmäge we ony ýerine ýetirmäge borçlydyr.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

7 ýyldan soň dolanyp geldi

Angliýanyň “Tottenhem” topary özüniň resmi internet sahypasynda Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyndan Garet Beýliň öz toparynyň düzümine goşulandygyny belläp geçdi. Futbol dünýäsinde uly umyt bildirilen, ýöne...

Hepdelik täleýnama (21-27-sentýabr)

Şu ýylyň 21-27-nji sentýabry aralygyndaky hepdelik täleýnamasynda hamal, seretan, jedi we hut ýyldyzy astynda doglanlaryň işleri has-da ugryna bolup, özlerine bolan ynamy artar. Akrap,...

Türkmenistandaky internet-dükanlary nähili tertipde işleýär?

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Kanunlarynyň esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

Halk Maslahatynyň mejlisi başlady

Ýurdumyzyň taryhynda möhüm orun eýeleýän Halk Maslahatynyň mejlisi ilkinji gezek sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Halk Maslahatynyň mejlisiniň...