No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 5:30
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Bütındünýä Söwda Guramasy: Türkmenistana synçy derejesi

Bütındünýä Söwda Guramasy: Türkmenistana synçy derejesi

2020-nji ýylyň 22-nji iýulynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherindäki Bütindünýä söwda guramasynyň (BSG) ştab kwartirasynda Bütindünýä söwda guramasynyň Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde goşulmagy hakyndaky ýüzlenmä  seredildi.

Türkmen tarapyndan mejlise Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili, şeýle-de sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasyna synçy hökmünde gatnaşmak boýunça ýüzlenmesine seredilmegi mynasybetli ýörite dabara gurnaldy. Onuň barşynda Türkmenistanyň hemişelik wekili Türkmenistanyň hökümetiniň adyndan çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Baş Geňeşiň gatnaşyjylaryna Gurama goşulyşmak işiniň başlangyçlary, hususan-da Türkmenistanyň daşary ykdysady işini durmuşa geçirmegiň täzeçil syýasaty barada gürrüň berdi. Bu ugurda “Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2020-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň” wajyp resminama bolup durýandygy barada bellenip geçildi.

Ýurduň bu derejä eýe bolmagy Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň ýokary depginli ösüşine, daşary söwda ulgamyndaky ornunyň pugtalanmagyna, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň amala aşyrylmagyna, daşary ýurtlardan maýa goýumlaryny çekmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam berer. Şeýle-de bu täjirçilik we söwda strategiýalarynyň işlenip düzülmegine hem-de olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine degişli bolup durýar.

Türkmen tarapynyň çykyşyndan soň, Gurama gatnaşyjy döwletleriň birnäçe wekili, şol sanda Owganystanyň, Belarusuň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Panama Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň we Ukrainanyň wekilleri Türkmenistanyň bu Gurama synçy hökmünde goşulyşmak başlangyjyny goldap çykyş etdiler.

Geçirilen maslahatlaşmalardan soňra, BSG-niň Baş Geňeşine gatnaşyjy döwletler Türkmenistana BSG-niň synçysy derejesini bermek baradaky çözgüdi biragyzdan kabul etdiler.

Häzirki wagtda 164 döwlet BSG-niň agzasy bolup durýar. 24 ýurtda bu Guramanyň synçy derejesi bar. Türkmenistan synçy derejesindäki 25-nji döwlet boldy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Arap dünýäsiniň ilkinji atom elektrik bekedi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi Muhammed ben Raşid Al-Maktum arap dünýäsinde ilkinji atom elektrik bekediniň işe girizilendigini habar berdi. Abu-Dabidäki “Baraka” elektrik bekediniň...

Germaniýadan hoş habar

Germaniýanyň birnäçe instituty «Covid-19» pandemiýasy üçin sanjymynyň gözleginde ençeme işler alyp barýarlar. Ynha şolaryň biri-de Germaniýanyň Paul-Erlih institutydyr. Institutyň direktory Çiçutek alyp barýan işleriniň...

COVID-19: sanjymyň bahasyny arzanlatdy

Täze görnüşli koronawirus ýokanjy üçin sanjym taýýarlap, ony adamlarda synag edýän ýe bu üçünji tapgyr synag işlerini sentýabr aýynda tamamlamagy göz öňünde tutýan ABŞ-nyň...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...