No menu items!
23/09/2020 13:20
No menu items!
Home DURMUŞ Burger şekilli pahlawa

Burger şekilli pahlawa

Pahlawa (baklawa) diýlende, ilkinji göz öňümize Türkiýe Respublikasy gelýär. Bu ýurduň köp ýerinde bu görnüşdäki süýjüligiň dürli görnüşleri taýýarlanýar. Olaryň sada, içiň maňyzly we beýleki görnüşleri ýerli we daşary ýurtly, galyberse-de türkmenistanlylaryň hem söýgüli tagamyna öwrüldi.

Türkiýede bu meşhur süýjüligi taýýarlaýan “Güllüogly” kompaniýasy pahlawany üýtgeşik görnüşde taýýarlady.

Ol burger, ýagny gamburger (etli tiz tagamy) görnüşinde taýýarlanyp, halk köpçüligine ýetirildi. Gamburger şekilli bu süýjüligi dadyp görenler onuň lezzetine hem-de üýtgeşik görnüşine haýran galdylar.

“CNN Türk” teleýaýlymynyň habaryna görä, türk aşhanasynyň ýüz öwrüp bolmajak süýjüligi bolan 40 gatly baklawany aşpezler burger şeklinde taýýarlady. Edil ozalkysy ýaly, 40 gat we arasynda pissedir maňyz ýa-da hoz goşulyp hödürlendi.

Esasy üýtgeşik tapawudy bolsa, onuň şeklinde we arasyndaky gaýmagyndadyr. Suratda görkezilişi ýaly, alyjynyň islegine görä, arasyna gaýmak ýa-da buzgaýmakly hem edýärler. Şeýlelikde, burger baklawasynyň at-owazasy has-da artyp başlady.

 

Bulary hem okap bilersiňiz!

Ertirlik üçin byzmyk

Şerbetli keksiň taýýarlanyş usuly (ıslak kek)

Lawaşdan türk böregi

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Gözleri bilen surat çekýär

Londonda ýaşaýan Sarahnik Sara Ezekiýel aýdyň we durmuşy tassyklaýan şekilleri bilen halkara derejesinde ykrar edildi. Elleriniň we aýaklarynyň tutmaýanlygyna garamazdan, çekýän suratlary örän täsin....

Dünýäniň iň uly skeleti satylýar

Amerikanyň Nýu-Ýork şäherinde 67 million ýyllyk “Tirannozawr Rex” atly dinozawryň skeleti satuwa çykarylar. Bu söwda satuwyny “Christie's” söwda öýünde 6-njy oktýabrda satylar. Takmynan 6-8...

Türkmenistandan senagat desgasy üçin halkara bäsleşik

Balkan welaýatynda kaustik soda, hlor we hlor önümlerini öndürmek üçin zawod toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de gurmak üçin halkara bäsleşik yglan etdi. Bäsleşige teklipler 2020-nji ýylyň...

“Golden Boy” baýragynyň dalaşgärleri mälim edildi

Germaniýanyň “Schalke 04” toparynda oýnan Ozan Kabak, “Tuttusport” gazetiniň yglan eden 2020-nji ýyldaky “Golden Boy” baýragy ugryndaky sanawda dalaşgär görkezildi. Gazetiň resmi web sahypasynda...