No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 1:48
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Bogunlaryň nanofonologik molekulasy
Dr. Berdi Saryyew
Dr. Berdi Saryýew, Ankara uniwersitetiniň türkmen dili mugallymy

Bogunlaryň nanofonologik molekulasy

Türkmen elipbiýinde orun alan otuz sany tagmajyklar esasynda bu diliň ýazuwyny doly görnüşde beýan etmekligiň mümkindigini öň hem belläp geçipdik.

Nanofonologik molekula azyndan birmeňzeş bolmaýan iki sany fonemanyň  (çekimsiz bilen çekimli ýa-da çekimli bilen çekimsiz fonemalaryň) özara birleşmeginden emele gelýän bogun parçalarydyr. Bu ugur boýunça biziň taýýarlan tablisalarymyzyň 1-nji nusgasynda bognuň nanofonologik molekulalarynyň esasy birleşmelerini “a” fonemasy emele getirýär.

Birleşmeleriň esasy parçalaryny “a” fonemasynyň emele getirýändiginden ugur alyp, biz bu tablisany şertli ýagdaýda a1 kodly tablisa hökmünde atlandyralyň.

Görnüşi ýaly, a1 kodly tablisada jemi 42 sany nanofonologik molekula bardyr. Türkmen diliniň ses aýratynlygyna laýyklykda, “a” nanofonemasynyň gysga we uzyn aýdylyşlaryny-da doly hasaba alsak, onda jemi 84 (42 gysga “a”-ly / + 42 uzyn “a”-ly) sany molekulany elde etmek bolar.

Nanofonologik molekulalaryň özara birleşmegi netijesinde a1 kodly tablisadan bogunlar üýşmeginiň üç topary ýüze çykýar.

1-nji topar üç harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi;

2-nji topar dört harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi.

3-nji topar köp harpdan we köp bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegi.

Birinji topara, üç harpdan we iki bogundan ybarat bolan bogunlar üýşmegine “a” (gysga we uzyn) şu aşakdaky özara birleşmeler girýär. Bu birleşmäniň umumy formulasy şeýledir:

Netijede,  a1 kodly tablisada ýerleşdirilen “1 + 2 = ab / 2 + 1 = ba”   nusgalardaky çekimsiziň soňuna “+ a” (ab+a) we çekimsiziň öňüne “a +” (a+ba) getirilmek ýoly bilen aşakdaky nusgalar alynýar.

(dowamy bar)

 

Edebiýatlar:

 

1.Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ: [тезисы Межд. Научно-практической конференции]. Москва, 2007.

2.Орёл М. А. Нанофилология, или бывают ли мелочи в переводе?. Мосты. Журнал переводчиков. Москва. № 4 (32), 2011, С. 31-43.

3.Потанова Р.К. Нанотехнологии и лингвистика: прогнозы и перспективы взаимодействия. «Нанотехнологии в лингвистике и лингводидактике: Миф или реальность? Опыт создания общего образовательного пространства стран СНГ». Москва, 2007,–С. 8-11.

4.Свинкина М.Ю. Язык наноиндустриализации: Нанолингвистика. Труды молодых ученных. Вестник ВолГу. Серия 9. Вып. 11.2013, С. 195-197.

5.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: векторы формирования. Вестник ЛНУ iменi Тараса Шевченка .№ 24 (259). Ч.1., 2012, С. 9-16.

6.Синельникова Л. Н. Нанолингвистика: возможности обновления интерпретаций. Ученные записки Таврического национального университета им. В.И. Вернадского. Серия «Филология. Социальные коммуникации»-Том 25 (64) –Ч.№ 2. Луганск, 2005,–С. 186-193.

7.Словарь иностранных слов. Москва. Русский язык. 1988.

8.Червякова Л. Д. Валидность нано в лингвистике: Нанолингвистика – академическая наука или фрик-лингвистика. Международный журнал прикладных и фундаментальных исследований. № 2, 2018, С. 213-220.

9.Червякова Л. Д. Правомерность существования нано-лингводидактики. Росский научный журнал. № 4 (42), 2014, С. 214-220.

  1. Б. Н. Базылов. Науке о языке XXI века: Словарь-справочник. М:2013.

11.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. I kitap. Fonemalar sözyleýişde. Aşgabat: Ylym, 2019, 520 s.

12.A.Nurmuhammedow. Türkmen diliniň fonetikasy. II kitap. Sözyleýşiň fonetik gurluşy. Aşgabat: Ylym, 2019, 436 s.

13.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde söz basymy (eksperimental-fonetik derňew). Aşgabat: Ylym, 2012, 260 s.

14.A.Nurmuhammedow. Türkmen dilinde sözüň singarmonizm hadysasy. Aşgabat: Ylym, 2013, 332 s.

  1. Efrasiyap Gemalmaz, Türkçenin Derin Yapısı, Yayıma Hazırlayanlar Cengiz Alyılmaz-Osman Mert. Belen Yayıncılık, Ankara 2010, XXVI+574 s.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Dünýäde ilkinji suwasty muzeý

Gresiýada dünýäde ilkinji suwasty muzeý döredildi. Bu muzeý bir mahal suwa gark bolan gäminiň töwereginde emele geldi. Häzir bu muzeýe syýahat etmek isleýänleriň sany...

Çempionlar ligasy: “Real” we “Ýuwentus” öýüne gaýtdy

Ýewropa futbolynyň iň naýbaşy ýaryşlarynyň biri hasaplanýan Çempionlar ligasynyň 17-nji martda koronawirus sebäpli togtadylan duşuşyklary täzeden bat aldy. Futbol janköýerleriniň uly sabyrsyzlyk bilen garaşan futbol...

“Roma” topary 700 million dollara satyldy

Italiýanyň “Roma" topary ABŞ-nyň “Friedkin Group” kompaniýasy tarapyndan satyn alyndy. ABŞ-ly işewür Dan Fridkin Rim klubynyň esasy paýyny we käbir serişdeleri we infrastrukturany öz...

ABŞ-da nebit önümçiligi azalýar

ABŞ-da nebitiň öndürilişi soňky 40 ýylyň içindäki iň pes derejä çenli düşdi. Muňa Ýer ýüzünde nebite bolan gyzyklanmanyň azalmagy täsirini ýetirýär. Tutuş ýarym ýyllap yzygiderli...