8.9 C
Istanbul
16/07/2020 6:51
Home IŇ TÄZE HABAR BMG-niň Baş sekretarynyň maslahatçysy bilen onlaýn duşuşyk

BMG-niň Baş sekretarynyň maslahatçysy bilen onlaýn duşuşyk

2020-nji ýylyň 26-njy iýunynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň özgertmeler boýunça ýörite maslahatçysy Ýens Wandel bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň BMG hem-de onuň ýöriteleşdirilen düzümleri bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, koronawirus pandemiýasyna garşy göreşmek we onuň durmuş-ykdysady ýagdaýa täsiri bilen bagly bilelikdäki işleri alyp barmak boýunça meselelere seredildi.

Howply kesellere garşy göreşmek, şol sanda Adatdan daşary toparyň keselleriň ýaýramagyna garşy hereketleri, ýurdumyzyň Ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasynyň durmuşa geçirilmegi, şeýle hem BSG-niň Baş direktorynyň belläp geçen COVID-19-a garşy tehnologiýalaryň ygtyýarlyk Platformasyna (C-TAP) goşulmak boýunça Türkmenistanda amala aşyrylýan ädimler barada beýan edildi.

Şeýle-de pandemiýa garşy göreşmek boýunça çäreleri üpjün etmegiň maddy-tehniki ulgamyny goldamak we giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň adam saglygyny goramaga gönükdirilen halkara tagalalary hemmetaraplaýyn goldaýandygy babatynda bellenildi.

Taraplar, mundan başga-da, Türkmenistanyň hem-de BMG-niň arasynda durmuşa geçirilýän taslamalary we maksatnamalary ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem geljekde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada nygtap geçdiler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistan bilen Gazagystanyň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 8-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda iki...

Türkmenistanyň we Rumyniýanyň deputatlarynyň duşuşygy

2020-nji ýylyň 9-njy iýulynda Türkmenistanyň we Rumyniýanyň Parlamentara dostluk toparynyň parlamentariýleriniň onlaýn duşuşygy geçirildi. Rumyniýanyň Parlamentiniň deputatlar Palatasynyň Daşary syýasat boýunça komitetiniň Başlygynyň we...

Aýlawly Çatryklarda Ýolyşyklary Zerurmy?

Soňky ýyllarda dünýäniň köp ýurdunda, esasan hem uly şäherlerde aýlawly çatryklar gurlup, ulanmaga berilýär. Bu çatryklar polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň işgärleri hem-de ýolyşyklary bolmazdan,...

Nursultan Nazarbaýew bilen telefon arkaly söhbetdeşlik

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti - Ýelbasy Nursultan Nazarbaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda döwlet Baştutanymyz Gazagystanyň...