25/09/2020 7:43
Home IŇ TÄZE HABAR BMG: Global ykdysadyýet 3,2 göterim peseler

BMG: Global ykdysadyýet 3,2 göterim peseler

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) çaklamalaryna görä, täze görnüşli koronawirus (COVID-19) ýokanjy sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,2 göterim pese gaçjakdygy mälim edildi.

BMG-niň 2020-nji ikinji ýarymy üçin “Bütindünýä Ykdysadyýet ýagdaýy we geljegi” atly maglumatnamasy çap edildi. Şol maglumatnamada görnüşi ýaly, “COVID-19” wirusynyň täsiri sebäpli dünýä ykdysadyýetiniň şu ýyl 3,2 göterim pese gaçjakdygy çaklanyldy.

Ykdysadyýetiň pese gaçmagynyň 1930-njy ýyldaky uly çökgünlikden bäri emele gelen ýagdaý bolup durýandygy, 2020-2021-nji ýyllarda global ykdysadyýetiň 8,5 trillion dollar ýitgi çekjekdigi aýdylýar. Şeýlelikde, soňky 4 ýylyň dowamynda gazanylan üstünlikleriň ýitip gitjekdigi mälim edilýär.  34 milliondan gowragyň adamyň ýiti garyplyk çekjekdigi aýdylýar.

Hasabatda ösen ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysadyýetiniň 5 göterim pese gaçjakdygy, 2021-nji ýylda 3,4 göterim ösüş gazanylyp boljakdygy, ösüp barýan ykdysadyýetli ýurtlaryň ykdysady ýagdaýynyň 0,7 göterim pese gaçyp, 2021-nji ýylda 5,3 göterim ösüş gazanjakdygy bellenildi.

Hasabatda “COVID-19” epidemiýasynyň garyplygy we girdejilerdäki deňsizligi ýokarlandyrýandygy we bu epidemiýanyň şu ýyl 34,3 million adamyň “aşa garyplyk” çäginden aşmagyna we garyplygyň ýokarlanmagynyň 56 göteriminiň Afrika ýurtlarynda bolup biljekdigi mälim edildi.

IŇ TÄZE HABARLAR

Garaşsyzlyk gününiň dynç güni Duşenbe gününe geçirildi

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň ýekşenbe gününe düşýändigi sebäpli, şol gün duşenbe gününe geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň sanly aragatnaşyk arkaly geçirilen giňişleýin mejlisinde...

Halk Maslahaty wideoaragatnaşyk görnüşinde geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk esasynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Oňa ýurdumyzyň Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri çagyryldy. Ministrler...

Garaşsyzlyk baýramy üçin günä geçişlik

Türkmenistanyň baş baýramy – Garaşsyzlygyň 29 ýyllygy mynasybetli jenaýat edendikleri üçin iş kesilenleriň günäsini geçmek babatda taýýarlanan resminama ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ara...

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com  saýty “Saýlanan Teswirler” ady bilen täze  baýrakly taslamany amala aşyrdy. Täze taslama indi däbe öwrülen “Ata Watan Eserleri” bäsleşiginden...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ekologiýa taýdan arassa ilkinji uçarlar

1970-nji ýylda esaslandyrylan fransuz awiasiýa kompaniýasy “Airbus” 2035-nji ýyla çenli işe başlamagy meýilleşdirilýän dünýäniň ilkinji ekologiýa taýdan arassa uçary üçin üç taslama öňe sürdi....

UEFA: “Super kubogyň” eýesi kim bolar?

2019-2020 möwsüminiň UEFA Çempionlar ligasynyň çempiony “Bawariýa” we UEFA Ýewropa ligasynyň ýeňijisi “Sewilýa” şu gün “UEFA Super kubogy” ugrunda bäsleşer. Futbol boýunça 45-nji UEFA...

Gaz bermegiň kadalary kämilleşdirilýär

Türkmenistanyň ilatyna gaz bermegiň kadalary hem-de ýurdumyzdaky kärhanalaryň we guramalaryň gazy peýdalanmagyň kadalaryny kämilleşdirmegiň we döwrüň talaplaryna kybap getirmek barada alnyp barylýan işler barada...

Söýgi ― ömrüň güli

Adam ýagty jahana gelende-de, bu dünýeden gidende-de ýekedir. Emma şol aralykda ― bu barlykda ömür sürýärkä, ol elmydama söýmek, söýülmek islegi bilen ýaşaýar. Bu...