No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:57
No menu items!
Home DÜNÝÄ Bir gijede millioner boldy

Bir gijede millioner boldy

Tanzaniýada ýaşaýan magdançy, ýurduň iň uly iki tanzanit daşyny hökümete satandan soň bir gije millioner boldy.

Tanzaniýada ýaşaýan Saniniu Laizer atly magdançy dünýädäki iň gymmatly magdanlaryň biri hökmünde görkezilen iki sany tanzanit daşyny tapdy. Ol jemi 15 kilograma deň bolan bu iki daşy ýurduň Magdan ministrligine 3,4 million dollara satdy.

30-dan köp çagasy bolan Laizer gazanan bu puly bilen mekdep hem-de söwda merkezini gurmagy göz öňünde tutýandygyny belledi.  4 sany aýaly bolan tanzaniýaly magdançy öýüniň golaýynda öz adyny göterýän bir mekdep gurdurmakçy bolýandygyny mälim etdi.

Ýurduň Prezidenti Jon Magufuli hem ýerli magdançy bilen telefon söhbetdeşligi geçirip, ony tapan gymmat bahaly daşlary bilen gutlady.

TANZANIT DAŞY

Tanzanit daşy ýurduň demirgazyk böleginde duş gelinýär. Ýaşyl, gyzyl, gök we gülgüne renkde bolan bu daş bezeg harytlaryny ýasamak üçin ulanylýar. Daşyň bahasy reňkine we reňkiniň aýdyňlygyna görä üýtgeýär.

Gymmat bahaly daş hökmünde tanalýan tanzanit daşy, 1967-nji ýylda Tanzaniýada tapyldy we oňa tanzanit daşy diýlip at berildi. Tanzanit, zoizit daşynyň seýrek duş gelýän bir görnüşidir. Düzüminde kalsiý, alýumin, kremniý, kislorod we wodorod we gaty az mukdarda demir, marganes, magniý, hrom, natriý ýaly magdanlar bar.

Dürli burçdan seretseň, daşyň 3 dürli reňkiniň bardygyny görmek bolýar. Has ýagty ýerde görlende, gök we gyrmyzy reňkleriň arasynda reňk üýtgäp durýan ýaly bolýar.

IŇ TÄZE HABARLAR

“Super Mario” rekord bahadan satyldy

“Super Mario” oýnunyň bir nusgasy 1985-nji ýylda Nintendo güýmenje ulgamy (NES) platformasynda çykyş edip, öz rekordyny täzeledi. BBC-niň habar bermegine görä, şu ýyl çykan we...

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Koronawirus ýokanjy (COVID-19) näme?

Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda – Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde (Hubeý prowinsiýasy) – koronawirus maşgalasynyň soňky açylan wirusynyň döredýän...

Lowren “Zenite” geçip biler

Angliýanyň çempiony “Liwerpul” toparynyň horwat goragçysy Deýan Lowreniň Russiýanyň çempiony  “Zenit” toparyna geçip biler. Bu barada sport neşirleri habar berýär. Horwat goragçy erkin agent...

TFF-niň ýygnagy geçiriler

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy öz resmi saýtynda 13-nji iýulda federasiýanyň ýolbaşçylarynyň, eminleriň we tälimçileriň gatnaşmagynda maslahatyň geçiriljekdigini habar berdi. Maslahatda milli çempionatymyzyň birinji we ikinji aýlawynyň...

Gattuzo ozalky toparyny ýeňip bilmedi

Gennaro Gattuzonyň tälim berýän “Napoli” topary Italiýa çempionatynyň 32-nji tapgyrynyň çäginde “Milan” toparyny kabul etdi. Duşuşyk 2: 2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. “Milan” toparynda futbol...