No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:27
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Beýik Britaniýa sanjym satyn alar

Beýik Britaniýa sanjym satyn alar

Beýik Britaniýa Fransiýanyň “Sanofi” derman korporasiýasy bilen Angliýanyň “GSK” (GlaxoSmithKline) kompaniýasy tarapyndan bilelikde taýýarlanýan koronawirus sanjymyny satyn almak barada şertnama baglaşdy.

Beýik Britaniýa sanjymyň 60 million dozasyny satyn almakçy bolýar. Iki derman kärhanasy hem sentýabr aýynda kliniki synaglara başlamagy we sanjymy 2021-nji ýylyň birinji ýarymynda satuwa çykarmagy meýilleşdirýär.

Sanjym gribe garşy sanjymlary döretmekde eýýäm ulanylýan DNK rekombinasiýa tehnologiýasyna esaslanýar.

Şol bir wagtyň özünde, Ýewropa Komissiýasy Amerikanyň “Gilead Sciences” biofarmasewtika kompaniýasyndan “Remdesivir” söwda belligi bolan “Vekluri” farmasewtik serişdäni satyn almak barada ylalaşyga gol çekişdi. Dermanyň ilkinji tapgyry keseliň agyr alamatlary bolan takmynan 30 müň hassany bejermek üçin ulanylar we munuň bahasy 63 million ýewro deň bolar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Silwester Stallone: Rembo we Rokki Size seslenýär

Maýkl Silwester Gardensio Stallone 1946-njy ýylyň 6-njy iýunynda Nýu-Ýork şäherinde Jorj W. Buş bilen şol gün dünýä inýär we onuň ýyldyzy leňňeç bolup durýar....

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Türkmenistanyň Prezidenti welosipedli gezelenç etdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň eteginde welosipedli gezelenç etdi. Ir bilen hormatly Prezidentimiz Köpetdagyň eteginde ýerleşýän ajaýyp gözel künjege geldi. Sabanyň sergin çagynda...

Halk ýazyjymyz Hudaýberdi Diwangulyýew aradan çykdy

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýew aradan çykdy. Dürli powestleriň we romanlaryň awtory bolan ýazyjy döreden ençeme eserleri bilen edebiýat muşdaklarynyň hem-de okyjylar köpçüliginiň söýgüsini...