No menu items!
8.9 C
Istanbul
10/08/2020 4:47
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR «Belawiýa» Aşgabada uçuşlary 1-nji sentýabra çenli çäklendirdi

«Belawiýa» Aşgabada uçuşlary 1-nji sentýabra çenli çäklendirdi

Pandemiýa sebäpli, şu ýylyň mart aýynda Aşgabada howa gatnawlaryny ýatyran Belarusyň «Belawiýa» awiýakompaniýasy bu çäklendirmäni şu ýylyň sentýabr aýyna çenli uzaltdy. Bu barada kompaniýa öz resmi saýtynda habar berdi.

Uzaldylan çäklendirmeleriň arasynda Polşanyň, Litwanyň, Estoniýanyň (28-nji iýula çenli), Russiýanyň, Özbegistanyň, Kipriň (31-nji iýula çenli), Gruziýanyň, Gazagystanyň we Awstriýanyň (15-nji awgusta çenli) howa menzillerine amala aşyrylýan gatnawlar hem bar.

Şol möhletlere çenli petek alan ýolagçylar uçuşyň senesini üýtgetmek ýa-da tölegi yzyna gaýdyp almak üçin kassa bölümlerine, kompaniýanyň wekilhanalaryna we bu meseleler boýunça goldaw hyzmatlaryna ýüz tutup bilerler. Awiakompaniýa ýolagçylaryň gerekli ugra uçup bilmedik ýagdaýynda tölegi gaýdyp bermek işiniň 31-nji dekabra çenli mümkindigini ýatladýar.

Häzirki Minskden Ukraina, Türkiýe, Fransiýa, Gollandiýa, Şwesiýa, Germaniýa, Moldowa, Ysraýyl, Italiýa, Çehiýa, Finlýandiýa, Belgiýa, Ispaniýa, Ermenistan, Serbiýa we Beýik Britaniýa ýaly döwletlere yzygiderli gatnawlary amala aşyrýan «Belawiýa» Aşgabada hepdede bir gezeklik uçuşy alyp barar.    

IŇ TÄZE HABARLAR

Keselleriň öňüni almak üçin…..

Özüňi goramak üçin : howpsuz aralygy berjaý etmekligiň ýokanç keselleriň döredijisiniň ýokuşmagyndan netijeli goraýandygyny ýatdan çykarman, jemgyýetçilik ýerlerinde 2 metrden az bolmadyk aralygy saklamaly; ...

Türkmenistanda Internet –peýdaly web saýtlaryň käbirleri

Soňky wagtlarda ýurdumyzda hususy web saýtlardan daşgary döwlet edara we döwlete degişli guramalara degişli web saýtlarlar yzygiderli açylýar, köp ýyllardan bäri bar bolanlar hem...

Türkmenistanda Mastercard – halkara töleg kartlary

MasterCard Maestro – bu kart kartlaryň içinde örän ýönekeýi. Nagt pul almak, söwda nokatlarynda hasaplaşmak ýaly hyzmatlary amala aşyrmak üçin niýetlenen. MasterCard Standard – bu...

Türkmen Bilim insanı Dr.Sarıyev’e Türkiye’de önemli görev

Türkiye’de öğretim üyeliği yapan  Doç.Dr. Berdi Sarıyev Türkiye’de önemli bir  göreve seçildi. Ankara Üniversitesi Dil ve Tarih-Cografya Fakültesi'nde öğretim üyesi Dr. Sarıyev, Atatürk Kültür,...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Thomas Edison: Ampulü Bulan Kişi

Ünlü kişisel gelişim uzmanı Mümin Sekman tarafından kaleme alınan Çocuklar İçin Başarı Hikayeleri serisinin 1.kitabı olan  “Edison: Hayalını Nasıl Gerçekleştirdi?” Kitabının okuyan ve Sizin...

“Mançester Siti” toparynyň ilkinji transferi

2019-2020-nji ýylyň möwsüminde Angliýanyň “Premýer-liga” futbol çempionatyny ikinji orunda tamamlan “Manseçter Siti” topary tomusky transfer möwsüminde täze futbolçylary öz hataryna goşmak üçin 330 million...

Ruslan Mingazow täze topara geçdi

Pawlador şäheriniň «Irtyşynyň» maddy kynçylyklary sebäpli, ýakynda toparsyz galan milli ýygyndymyzyň 28 ýaşly ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Gazagystanyň ýene bir topary bilen şertnama baglaşdy....

Italiýa futbolynyň iň ökdeleri

Mälim bolşy ýaly, geçen hepde Italiýanyň “Seria A” milli futbol çempionaty tamamlandy. Bu çempionat iň köp pökgi geçirilen çempionat hökmünde tapawutlandy. Ýurduň çempionatynyň tamamlanmagy bilen...