No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:02
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR “Barselona” tälimçisi bilen hoşlaşmakçy

“Barselona” tälimçisi bilen hoşlaşmakçy

Ispaniýanyň “Barselona” futbol klubynyň ýolbaşçylary şu möwsümiň ahyrynda toparyň baş tälimçisi Kike Seten bilen şertnamany ýatyrmak isleýär. Çünki soňky döwürlerde toparyň görkezýän netijeleri gowşandygyny tälimçiniň öz işini talabalaýyk ýerine ýetirmeýändigi bilen düşündirilýär. Bu barada “Goal” portaly şeýle habar berdi.

Seten 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda “Barselonanyň” baş tälimçisi boldy. Onuň ýolbaşçylygynda “Barselona” topary 17 oýun oýnap, şol oýunlarda 11 ýeňiş gazandy we 3 gezek utuldy we 3 gezek bolsa deňme-deň oýnady. Seteniň şertnamasy 2022-nji ýylyň 30-njy iýunyna çenli hereket edýändigine garamazdan, klub onuň şertnamasyny şu möwsümiň ahyrynda ýatyrmagy meýilleşdirýär.

“Barselona” topary häzirki wagtda milli çempionatda ikinji orunda barýar. Tälimçi bilen hyzmatdaşlygy diňe şu möwsüm Ispaniýa çempionatynda we Çempionlar ligasyndaky ýeňişler gazanylanda dowam etdirip bolar.

Baş tälimçi wezipesine esasy potensial dalaşgär, häzirki wagtda Kataryň “Al Sadd” toparyna ýolbaşçylyk edýän “Barselonanyň” öňki oýunçysy Hawiniň gelmegine garaşylýar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Aşgabatdaky Aziýa çempionaty noýabra süýşürildi

Aziýa Futbol Konfederasiýasy resmi saýtynda Aşgabatda geçiriljek futzal boýunça Aziýa çempionatynyň täze seneleri barada resmi ýagdaýda habar berdi. Federasiýanyň hem ýazyşy ýaly, türkmen paýtagtyndaky yklym...

Ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak

Möwsümleýin ýiti respirator ýokanç keselleriň öňüni almak boýunça Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň berýän maslahatlary: Beden taýdan işjeňligi ýokarlandyrmaly we sport bilen...

COVID-19 pandemiýasy döwründe durnukly ykdysady ösüş

Onlaýn görnüşde bir tarapdan, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň we Merkezi bankynyň wekilleriniň hem-de beýleki tarapdan, Bütindünýä bankynyň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen maslahat СOVID-19 pandemiýasy...

COVID 19 haýsy üstlerde näçe wagt saklanýar?

Otag temperaturasynda wirus özüniň ýaşaýyş ukyplylygyny daşky gurşawyň dürli obýektlerinde 3-5 gije-gündiziň dowamynda saklanyp bilýär. Dürli  üstlerde koronawirus ýokanjynyň ýaşaýyşa ukyplylygy aşakda görkezilýär. Keramiki gaplaryň...