No menu items!
21/09/2020 0:25
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Balkanabatly telekeçi miweçilik işiniň gerimini giňeldýär

Balkanabatly telekeçi miweçilik işiniň gerimini giňeldýär

Balkanabat şäheriniň gaýrasynda howalanyp oturan Uly Balkan dagynyň etegindäki «Düzmergen» diýen ýaýlada telekeçi Halmämmet Amanmämmedowyň miweli bagy bar.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynda kabul edilen «Oba hojalyk pudagynda geçirilýän özgertmeleri has-da kämilleşdirmek hakynda» Karara laýyklykda Uly Balkan dagynyň etegindäki ajaýyp künjekden 22 gektar mes toprakly ýeri miweli baglary ösdürip ýetişdirmek, şonuň ýaly-da ýokary hil ülňülerine doly laýyk gelýän döwrebap ýyladyşhanany gurmak üçin, 99 ýyl möhleti bilen alan hususyýetçi bu ýerde işleri üstünlikli ýola goýýar.

Ol miweli baglaryň her biriniň ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilişine hem aýratyn üns berdi. Munuň özi bu döwletli işe taýýarlykly girişmäge uly ýardam berdi.

Başarjaň telekeçiniň häzirki pursatda bu ýaýladaky miweli baglarynyň tutýan meýdany 5 gektara ýetýär. 2016-njy ýylda oturdylan dürli miweli nahallaryň jemi 5 müň 500 sanysy üstümizdäki ýylda öz datly miwelerini bolluk bilen eçilip başlady.

Şu ýylyň tomus möwsüminde şetdaly, erik, alma, armyt, garaly, saraly, ülje, hurma, pisse, beýi ýaly baglardan ýygnalyp, welaýatyň ak bazarlarynda sarp edijilere ýetirilen, ekologiýa taýdan arassalygy, tagamlylygy we ynsan bedenine ýokumlylygy bilen tapawutlanýan miweleriň umumy möçberi 20 tonna ýetipdir. Bu ýerde alma, armyt, şetdaly ýaly miweli daragtlaryň ir, aralyk we giç ýetişýän görnüşleriniň hem bardygyny aýratyn nygtamak gerek. Miweleri ýygnamak işi güýz paslynyň ilkinji aýynda hem dowam etdirilýär. Iň esasy zat bolsa, datly miweleriň ak bazarlarda halkymyza elýeterli nyrhlardan satylýandygydyr.

Zähmetsöýer telekeçi miweli baglaryň tutýan meýdanyny giňeltmegi maksat edinýär. Şu maksat bilen, üstümizdäki ýylyň güýzünde taýýarlanylyp goýlan 7 gektar ýere üzüm çybyklaryny, 5 gektar ýere dürli miweli baglaryň nahallaryny oturtmak göz öňünde tutulýar.    

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

IŇ TÄZE HABARLAR

Hususy kärhana:bellige almak uçin gerekli resminamalar

Ýurdumyzda ýeke esaslandyryjyly kärhana-hususy kärhana açmak isleýänler üçin saýtymyza bu kärhanany bellige almak üçin gerekli resminamalaryň sanawyny ýerleşdirýäris. Bellenen nusgada arza (bellige almak üçin) ...

Güýz bilen söhbet…(Şahyrana oýlanma)

Gurbannazar Ezizow:                                                              Birden gök asmana dikildi gözüm.   Ah, ol görnüş! Gözüm nämeler görýär.                                                                    Gül düzüň üstünden düzümde-düzüm,                                                                    Göwnüňi göterip, durnalar barýar...   Durnalar barýar. Misli günlere...

“Täç hil”: Täze önümlerimiz bilen halkyň hyzmatynda bolarys

Paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri sergisine gatnaşýan “Täç Hil” hususy kärhanasynyň hünärmeni Haknazar bilen söhbetdeş bolduk. Ol türkmen bazarynda özleriniň alyp barýan işleri...

Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi

Şu gün paýtagtymyz Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 29 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň üstünlikleriniň sergisi geçirilýär. 2 gün dowam edýän sergide...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Rysgal» bankyň «Internet bank» hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany 1800 adamdan geçdi

«Häzir Türkmenistanyň «Rysgal» paýdarlar täjirçilik banky tarapyndan hödürlenilýän «Internet bank» hyzmatyndan müşderileriň 1800-den gowragy peýdalanýar — diýip, «Rysgal» gazeti habar berýär. Neşirde hem beýan edilişi...

Futbol çempionatynyň täze möwsümi başlaýar

Mälim bolşy ýaly, Angliýanyň, Fransiýanyň hem-de Ispaniýanyň milli futbol çempionatlary badalga aldy. Eýýäm birnäçe tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan biri hasaplanýan Germaniýanyň çempionaty...

Söýgüli Setirler: Ähli Söýgi Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  https://www.atavatan-turkmenistan.com/   saýtynyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirýän  “Ata Watan Eserler”  döredijilik bäsleşiginiň täze tapgyrynyň mowzugy öňem yglan edişimiz...

Türkmenistan bilen Saud Arabystany söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyny güýçlendirýär

Türkmenistanyň we Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary syýasat edaralarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi. Wekiliýetlere Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Saud Arabystany...