No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 12:05
No menu items!
Home BILIM Balkan welaýatynda giriş synaglary möwsümi

Balkan welaýatynda giriş synaglary möwsümi

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, Balkan welaýatynyň merkezi Balkanabat şäherinde hem ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2020 — 2021-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul etmegiň giriş synaglary bellenilen tertipde guramaçylykly dowam edýär. Bu barada “Türkmenistan” gazetinde bellenilip geçilýär.

Gahryman Arkadagymyzyň parasatly çözgüdi esasynda giriş synaglarynyň dalaşgär ýaşlaryň ýaşaýan welaýatlarynda ýola goýulmagy ildeşlerimiziň çuňňur hoşallyklaryna eýe boldy. Dürli ugurlarda bilimlerini dowam etdirmek isleýän ýaşlaryň bu jogapkärli synaga guramaçylykly gatnaşmagy üçin Balkanabat şäherinde hem talabalaýyk işler amala aşyrylýar.

Öňden tassyklanylan meýilnama laýyklykda, Balkan welaýatynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleri kabul etmeklik dört tapgyrda amala aşyrylar.

Birinji tapgyrda — 22-23-24-nji iýul aralygynda Balkanabatdaky 3-nji orta mekdepde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, 21-nji orta mekdepde Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, 23-nji orta mekdepde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutyna, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebinde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine, şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň orta okuw mekdepleriniň dördüsine okuwa girmek isleýän dalaşgärlerden giriş synaglaryny almak üstünlikli tamamlandy. 2020-2021-nji okuw ýylynda talyplyk bagtyna eýe bolan ýaşlar özleri baradaky bimöçber aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza egsilmez alkyşlaryny beýan edýärler.

Balkan welaýatynyňmerkezinde ýokary derejede ýola goýlan bu möhüm çäräniň ikinji tapgyry 1-3-nji awgust aralygynda, üçünji tapgyry 4-6-njy awgust aralygynda, ahyrky, dördünji tapgyry bolsa 10-12-nji awgust aralygynda geçiriler.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

«Kim millioner bolmak isleýäri» esaslandyrypdy

Amerikaly meşhur telealypbaryjy we aktýor Rejis Filbin 88 ýaşynda aradan çykdy. Ol dünýäniň köp döwletlerine ýaýran «Kim millioner bolmak isleýär?» atly gepleşigi taryhda ilkinji...

TMCELL-de täzelik: wideo jaň

Türkmenistanyň mobil aragatnaşyk operatory bolan «Altyn asyr» öz hyzmatlarynyň hataryna wideo jaňlary hem goşdy. Bu barada TMCELL resmi saýtynda hem habar berdi. Wideo jaňdan peýdalanmak üçin...

Prezident Ärdogana lukmançylyk serişdeleri üçin minnetdarlyk haty

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana iberen hatynda türk Liderine iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de...

Beýik Britaniýa sanjym satyn alar

Beýik Britaniýa Fransiýanyň “Sanofi” derman korporasiýasy bilen Angliýanyň “GSK” (GlaxoSmithKline) kompaniýasy tarapyndan bilelikde taýýarlanýan koronawirus sanjymyny satyn almak barada şertnama baglaşdy. Beýik Britaniýa sanjymyň 60...