No menu items!
8.9 C
Istanbul
13/08/2020 14:45
No menu items!
Home BILIM Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

Balkan welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. 1. Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.
  2. 2. Ma­li­ýe we karz.
  3. 3. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş.

Ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­ne Bal­kan we­la­ýa­tyn­da hemi­şe­lik ýa­şa­ýan umu­my or­ta bi­lim­li, ýa­şy 35-den geç­me­dik Türk­me­nis­tanyň ra­ýat­la­ry gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­jele­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik esa­syn­da ka­bul edil­ýär.

Oku­wyň möh­le­ti 2 ýyl we tö­leg­li.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry Bal­kan wela­ýa­ty­nyň Ser­dar şä­he­rin­de Bal­kan we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň bi­na­syn­da 2020-nji ýy­lyň 6-njy iýu­ly — 8-nji aw­gus­ty araly­gyn­da ka­bul edil­ýär.

Res­mi iş ka­gyz­la­ry­nyň sa­na­wy:

— bel­le­ni­len nus­ga­da di­rek­to­ryň ady­na ýa­zy­lan ar­za;

— bel­le­ni­len nus­ga­da­ky so­wal­nama (an­ke­ta);

— umu­my or­ta bi­lim ba­ra­da res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy;

— Türk­me­nis­ta­nyň Sag­ly­gy go­raýyş we der­man se­na­ga­ty mi­nistr­li­gi tara­pyn­dan bel­le­ni­len nus­ga­da­ky sag­lyk ke­pil­na­ma­sy;

— soň­ky okan ýe­rin­den (iş­län ýe­rinden, har­by bö­lüm­den) hä­si­ýet­na­ma;

— bel­le­ni­len nus­ga bo­ýun­ça okuw üçin tö­le­gi öz wag­tyn­da amal et­me­giň ke­pil ha­ty; — 3×4 sm öl­çeg­dä­ki se­kiz sa­ny foto­su­rat;

— iş­le­ýän­ler üçin zäh­met dep­derçe­si­niň tas­syk­la­nan gö­çür­me­si;

— gi­riş sy­nag­la­ryn­dan üs­tün­lik­li geçen ýag­da­ýyn­da ar­tyk­maç­lyk­lar­dan peý­da­lan­ýan oku­wa gir­ýän ýy­lyn­da mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ders­ler boýun­ça döw­let bäs­le­şi­gi­niň ýe­ňi­ji­le­ri, umu­my­bi­lim ders­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bäs­le­şik­le­ri­ne gat­na­şan Türk­me­nis­tanyň ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň ag­za­la­ry şol ýag­daý­la­ry tas­syk­la­ýan de­giş­li res­mina­ma­nyň asyl nus­ga­sy­ny tab­şyr­ýar­lar.

Bu­lar­dan baş­ga-da, oku­wa gir­mä­ge is­leg bil­dir­ýän­ler ýo­kar­da gör­ke­zi­len res­mi­na­ma­lar bi­len bir­lik­de res­mi­nama­la­ry ka­bul ed­ýän iş to­pa­ry­na aşakda­ky­la­ry gör­kez­ýär­ler we nus­ga­la­ry­ny tab­şyr­ýar­lar:

— şah­sy pas­por­ty­ny;

— Türk­me­nis­ta­nyň Ýa­rag­ly Güýçle­rin­de har­by gul­lu­gy ge­çen­ler har­by şa­ha­dat­na­ma­sy­ny, har­by gul­lu­gy geçme­dik ýi­git­ler ýa­zy­lyş şa­ha­dat­na­masy­ny we ýa­şa­ýan ýe­ri bo­ýun­ça har­by we­kil­lik­den gü­wä­ha­ty­ny.

Da­laş­gär ta­lyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tyk­maç hu­kuk­dan peý­da­lanýan­dy­gy­ny tas­syk­la­ýan beý­le­ki res­mina­ma­la­ry gör­ke­zip bi­ler.

Nä­dog­ry ber­len mag­lu­mat­lar we res­mi iş ka­gyz­la­ry üçin da­laş­gär şah­sy jo­gap­kär­çi­lik çek­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry we oku­wa ka­bul edil­mek 2020-nji ýy­lyň aw­gust aýynyň 11-12-si, 14-i we 15-i gün­le­rin­de Bal­kan we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bin­de (Ser­dar ş.) ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry äh­li hü­när­ler boýun­ça ma­te­ma­ti­ka, Türk­me­nis­ta­nyň ta­ry­hy, jem­gy­ýe­ti öw­re­niş ders­le­rin­den ge­çi­ril­ýär.

Ders­ler bo­ýun­ça gi­riş sy­nag­la­ry Türk­me­nis­ta­nyň or­ta mek­dep­le­ri­niň okuw mak­sat­na­ma­la­ry­nyň esa­syn­da ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry döw­let di­lin­de dilden ge­çi­ril­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ter­ti­bin­de belle­nen wagt­da sy­na­ga esas­syz sebäp­le­re gö­rä ge­lip bil­me­dik­ler ýa-da ders­le­riň bi­ri bo­ýun­ça sy­nag­dan ge­çip bil­me­dik­ler soň­ky sy­nag­la­ra goý­be­rilme­ýär.

Gi­riş sy­nag­la­ry­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýunça deň muk­dar­da ba­ha alan­lar­dan talyp­ly­ga ka­bul edil­mek üçin ar­tykmaç hu­kuk­dan aşak­da gör­ke­zi­len­ler peý­da­lan­ýar­lar:

— saý­lan hü­nä­ri bo­ýun­ça 2 ýyl­dan az bol­ma­dyk iş tej­ri­be­si bo­lan­lar;

— ça­gy­ryş bo­ýun­ça har­by gul­lu­gy ge­çen­ler.

Bal­kan we­la­ýat ma­li­ýe-yk­dy­sa­dy or­ta hü­när okuw mek­de­bi­niň sal­gy­sy: Ser­dar ş., Döw­let­mäm­met Aza­dy kö­çe­si, 1 «ç», tel.: 5-14-44, 5-14-40, 5-14-39.

IŇ TÄZE HABARLAR

Pareho “Wilýareala” geçdi

Ispaniýanyň “La Liga” çempionatynda çykyş edýän “Wilýareal’ topary Frensis Koklendan soňra “Walensiýa” toparynyň kapitany bolan Dani Parehony öz düzümine goşdy. Pareho topar bilen 4...

Matuidi Amerika barýar

Italiýanyň “Ýuwentus” toparynyň ýarymgoragçy Bleýz Matuidi bilen şertnamasynyň tamamlanandygy mälim edildi. Taraplar özara ylalaşyk esasynda şertnamany bes etdiler. Fransuz raýaty 2017-nji ýyldan bäri “Ýuwentus”-da çykyş...

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi. “Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli...

Ýol hereketine gözegçiligi talaba laýyk guramak tabşyryldy

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 12-nji awgustda geçirilen mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow içeri işler ministri M.Çakyýewiň ünsüni ýol-gözegçilik gullugynyň alyp barýan işlerine çekdi. Döwlet Baştutany ministrligiň ähli...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanyň we Kataryň daşary işler ministrleriniň telefon söhbetdeşligi

2020-nji ýylyň 10-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Ö.Meredow bilen Katar Döwletiniň Premýer-ministriniň orunbasary, Daşary işler ministri Şeýh Mohammed bin...

Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçirilmegi meýilleşdirilen halkara duşuşyklary 2021-nji ýyla geçirildi. Bu barada AFK resmi saýtynda habar berdi. 2020-nji ýylda COVID-19...

«Mähirli dogan» üzärlikli sabyn öndürýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Mähirli dogan» hususy kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan üzärlikli sabyn önümçiligi ýola goýuldy. «Türkmenistan» gazetiniň habar berşi ýaly, 90 hem-de 100 gram...

“Barselona” rekord goýmagyny dowam edýär

Çempionlar ligasynda Barselona Napolini ýeňdi. "Kamp Nou"-daky duşuşyk ýer eýeleriniň peýdasyna 3:1 hasaby bilen tamamlandy. Kataloniýalylar Çempionlar ligasynda 8 ýylda öz öýünde utulmady. Öz...