No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:26
No menu items!
Home DÜNÝÄ Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik

Azerbaýjanyň täze wezipä bellenilen ministri bilen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň Daşary işler ministrleri Raşid Meredowyň we Jeýhun Baýramowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň başynda öz kärdeşini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy dostlukly azerbaýjan halkynyň bähbidine gönükdirilen işinde uly üstünlikleri we ýokary netijeliligi arzuw etdi.

Ministrler şeýle-de Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özarabähbitli hyzmatdaşlygyň ýygjamlaşdyrylmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketlerini ara alyp maslahatlaşdylar. Bu mazmunda ulag we üstaşyr gatnawlary ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň häsiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenilip geçildi.

Koronawirus ýokanjynyň pandemiýasy şertlerinde bilelikdäki netijeli hem-de utgaşdyrylan özarahereketleriň dowam etdirilmeginiň zerurlygyna hem aýratyn üns çekildi.

Mundan başga-da diplomatlar sebit hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri dogrusynda-da pikirleri alyşdylar.

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Hudaýberdi agany ýatlap…

Şu gün ir bilen Hudaýberdi aganyň aradan çykandygy baradaky habary eşidenimde gaty gynandym. Ýakynda 79 ýaşan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hudaýberdi Diwangulyýewiň durmuş we döredijilik...

Halkara syýahatçylygynyň ýitgisi

Dünýädäki koronawirus ýokanjy sebäpli halkara syýahatçylyk pudagynyň ýanwar-maý aýlary aralygyndaky ýitgisi 273 milliard ýewro deň boldy. “Euronews” teleýaýlymynyň habar bermegine görä,  Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...

BSGG-niň we ÝUNISEF-iň bilelikdäki brifingi

2020-nji ýylyň 28-nji iýulynda Aşgabatda BSGG-niň we ÝUNISEF-iň gurnamagy boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin pandemiýanyň öňüni alyş çäreleri boýunça netijeli maglumat alyş-çalşygyny üpjün...