No menu items!
8.9 C
Istanbul
06/07/2020 8:39
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR Awstraliýa bilen Täze Zelandiýa dünýä çempionatyny geçirer

Awstraliýa bilen Täze Zelandiýa dünýä çempionatyny geçirer

2023-nji ýylda zenanlaryň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada geçiriler. Bu futbol ýaryşynyň taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionaty birbada 2 ýurtda geçiriler. Bu iki ýurduň bilelikdäki ýüz tutmasy 22 ses aldy.

Şeýle hem bu ýaryşy gurnamak üçin Kolumbiýa bilen Ýaponiýa hem ýüz tutupdy. Ýöne ýaponlar soňra koronawirus pandemiýasy sebäpli ýüz tutmasyny yzyna alypdy.

Mundan başga-da, Awstraliýa bilen Täze Zelandiýada geçiriljek çempionatda ilkinji gezek 32 ýurduň milli ýygyndysy gatnaşar. Çempionatyň anyk günleri barada entek maglumat berilmedi.

– FIFA-nyň Geňeşi 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyndan başlap, ýaryşa 24 däl-de, 32 milli ýygyndy gatnaşjakdygyna karar berdi. Bu zenanlaryň arasyndaky futbolyň ösüşine has-da oňyn täsir eder – diýip, FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino belledi.

Zenanlaryň arasyndaky futbol boýunça dünýä çempionaty 4 ýylda bir gezek geçirilýär. Bir öňki çempionat Fransiýada geçirilipdi we ABŞ çempion bolupdy.

Häzirki dünýä çempiony Amerikanyň milli ýygyndysy 4 gezek dünýä çempiony bolmagy başardy.

IŇ TÄZE HABARLAR

Süleýman Demirel Uniwersiteti : Attestat bilen Synagsyz okuwa girmek

Süleýman Demirel uniwersiteti attestat bahalaryň netijesine görä synagsyz ýokary okuw jaýyna kabul edýär. Türkiýäniň öňki Prezidenti Süleýman Demireliň adyny göterýän bu Uniwersitet Isparta şäherinde...

AHAL WELAÝAT ÝÖRITE SUNGAT MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Türkmen milli saz gurallary. Kirişli saz gurallary. Üflenip we kakylyp...

MARY WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik hasaba alnyşy. Maliýe we karz. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. ...

AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI SYÝAHATÇYLYK ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär: Myhmanhana hyzmatlary. Syýahatçylyk hyzmatlary. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (syýahatçylyk pudagynda). Jemgyýetçilik...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Instagram” jemgyýetçilik torunyň meşhurlary

“Hopper HQ Instagram” gözden geçiriş hyzmaty “Instagram” jemgyýetçilik tory arkaly iň köp pul gazanan meşhurlaryň sanawyny çykardy. Sanawyň başynda 1 million dollar gazanan Golliwudyň...

Hawi “Barselona” baş tälimçi wezipesine bellendi

Ispaniýanyň “Barselona” futbol kluby Kataryň “Al Sadd” toparynyň baş tälimçisi Hawi bilen ylalaşyk gazandy. “AZERTAC” habar gullugynyň habaryna görä, 40 ýaşly Hawiniň şu möwsümiň ahyrynda...

Talyplyga kabul edýär

Aşgabat şäher häkimliginiň 4-nji başlangyç hünär okuw mekdebi 2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edilýändigini yglan edýär: Buhgalterçilik işi; Kompýuter toparyny...

Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi

2020/2021-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:  Buh­gal­ter­çi­lik ha­sa­ba al­ny­şy.  Ma­li­ýe we karz. Yk­dy­sa­dy­ýet we me­ýil­na­malaş­dy­ryş. ...