22/10/2020 8:39
Home IŇ TÄZE HABAR Aslyň kimlerden?

Aslyň kimlerden?

Hawa, sözbaşymdaky sorag türkmenlerde birek-birek bilen tanyşlyk açylandaky berilýän soraglaryň başydyr. “Aslym-a pylanylardan bolmaly” diýen jogaby eşitseňem-ä eşidersiň welin, aslynyň türkmendigini, onda-da, men diýen ägirtleriň neslindendigini duýmak bagty damarynda türkmen gany gaýnaýan her bir ynsan üçin buýsançdyr. Türkmen halky duýguçyl halk. Sungat hem duýgudan dörän bolmaly? Şonuň üçin bolsa gerek, biziň sungatymyz beýleki halklaryňka meňzemeýän özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Muňa Gahryman Arkadagymyzyň halkyna peşgeş berýän eserlerini okap, has-da göz ýetirýärsiň. Hormatly Prezidentimiziň eserlerinde ynsan kalbynyň inçe duýgularyny gozgap bilýän güýç bar, jady bar.

Ýaňy-ýakynda hem hormatly Prezidentimiz  «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyny halkyna peşgeş berdi. Bu diňe bir kitapsöýüjileriň däl, eýsem, ähli türkmen halkynyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Eseriň süňňi durşy bilen millilige ýugrulan. Kitapda ata-babalarymyzyň döreden millilik ýörelgeleri dogrusynda giňişleýin maglumat berlip, rowaýatlardyr bolan wakalaryň üsti bilen delillendirilýär. Eseriň «Asmandan arkaly, Zeminde zynatly» atly birinji bölüminde şeýle setirler bar: «Adam hem-de adamlar üçin iň ýokary derejeli gymmatlyk Zeminiň abadanlygydyr, sagdyn durmuşda , eşretiň hözirini görüp ýaşamakdyr». Dogrudan-da, Garaşsyz ýurtda ýaşamak, zähmet çekmek, döretmek bagtyň hut özi bilen ýüzbe-ýüz bolmakmyka diýýän. Onda biz häzir bagtyň hut özi bilen ýüzbe-ýüz adamlar. Çünki biziň ýurdumyz Ýer ýüzünde ykrar edilen Garaşsyz hem-de hemişelik Bitarap ýurt. Ýurdy abat, jany sag, keýpi kök adamyň öňünde ýetilmejek sepgit ýok. Diýmek, ele galam alyp, ylhamyňy ýaýmaga bahana bar. Ýok, ýok, bahana däl, sebäp bar. Özem — sungatyň süňňüne siňen eserleri. Garaşsyzlyk ýyllarynda şeýle eserleriň sany barha artýar. Okyjylaryň göwün isleglerini kanagatlandyrýan zatlary ýazmak bolsa ýeňil-ýelpaý iş däl. Çünki  sungat, döredijilik, adamlaryň ruhuny gözelleşdirmekde, aňyny kämilleşdirmekde uly orny eýeleýär. Kämil ruh, aň-düşünje adamyň häsiýetini sünnäläp, adamkärçiligini belent derejä ýetirýär. Gözel häsiýetli adamlar durmuşyň uly gymmatlygy bolup durýar. Şeýle adamlar il-ýurt bähbitli işleri amal edip, belent derejä ýetýärler. Milli Liderimiz bularyň hötdesinden gelmegi aňryýany bilen başarýar.

Okap bilersiňiz  Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna

Hormatly Prezidentimiz öz eserinde nesil terbiýesini hem ünsden düşürmändir. Ata-babalarymyzyň halallyk menzillerine gadamyny goşan nesilleriň kämil ynsan bolup ýetişjekdigi şübhesizdir. Çünki ynsan kämillik müçesini geçip, garrylyk müçesine gadam basanda-da, bu halal gözbaşdan örküni üzmeýär.

Okap bilersiňiz  Şalynyň Ýokary Hasyly Öndüriler

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabyň birinji bölüminde danalaryň sözleri getirilip şeýle diýilýär: «Aslyň kimlerdendigini geçmişiň bolmasa, nädip biljek?!» Elbetde, aslyňy bilmek üçin, mynasyp ýaşalan geçmiş gerek. Bu jümleler her bir ynsany geçmişiňe nazar aýlap, ol hakynda çuňňur oýa batmaga mejbur edýär. Ökjäňi galdyryp geljegiňi görüp bolmasa-da, geçmişe salgylanyp onuň suduryny göz öňüne getirip bolar. Biz şeýle bir bagtyýar nesiller. «Aslyň kimlerden?» diýlende, başymyzy belent tutup aýdyp biljek sözlerimiz bar. Eseriň içinden eriş-argaç bolup geçýän öwüt-ündewler nesilleriň aňyna ornaşyp, döwür bilen deň gadam urýar. Kitabyň terbiýeleýjilik ähmiýeti dogrusyndaky gürrüň bir söhbede sygardan has giň we çuň. Söz söhbede sygmanynda bolsa, goşgy ýa makala döreýär. Makalamyň ahyrynda, ýurt Baştutanymyzyň bütin halk köpçüliginiň söýgüsine mynasyp bolýan eserleriniň sanynyň mundan beýläk-de köp bolmagyny arzuw edýärin!

Okap bilersiňiz  Täze döredijilik bäsleşigi ýakynda yglan ediler

 

                                        Altyngözel Amanmämmedowa,

                                        Türkmen döwlet medeniýet institutynyň

                                        Syýahatçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

 

Bu makala  “Saýlanan Teswirler” ady bilen geçirilen baýrakly taslamanyň ýeňiji bolan eserleriniň biridir. Ýeňiji bolan beýleki eserleri okamak üçin: 

Baýrakly Teswirler: Saýlanan teswirler belli boldy

Ata Watanymyz baradaky gündelik habarlary we global habarlary  Türkmen dilinde, şeýle hem ýurdumyz baradaky täzelikleri Iňlis, Türk we Rus dilinde gyzgyny bilen okamaga mümkinçilik berýän täze Android ulgamynda işleýän applikasiýany gök ýazylan ýere  ýa-da aşakdaky surata basyp el telefonyňa ýükläp biljekdigiňizi ýatladýarys.

 

Altyn Goşaýewa :Halypa aýdym aýdanda…

…Ýakymly hem-de ajaýyp, dagdan akýan dury suwly çeşmeleriň sesi ýaly şirin labyzly, duýgudan püre-pür owazlaryň ylhamly dünýäsi kalbyňy gurşap alýar…

Halypa. Bu agramly hem-de abraýly söze mynasyp bolmak üçin ussatlaryň geçen döredijilik ýolundan geçip, taba gelmeli, «köp çorba sowatmaly». Ýöne bir geçmek hem däl, onda öz ýoluňy, öz yzyňy goýmagy-da başarmaly. Diňe şonda halypa-şägirtlik mekdebiniň, olaryň özboluşly ýolunyň dowam etmegine, sungatyň giň şahalarynyň geljege sary uzap, asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere aşmagyna mynasyp goşandyňy goşup bolar.

Okap bilersiňiz  Günüň dowamynda 1,5 — 3 litre golaý arassa suw
Okap bilersiňiz  “Ýazuw sungaty” kitaby türk dilinde

Ýurdumyzda ussatlaryň sungat ýoluny mynasyp dowam edip, irginsiz zähmeti, zehin-yhlasy bilen ajaýyp eserleri döredip, zehinli şägirtleri ýetişdirýän halypalaryň baý we köptaraplaýyn döredijiligi dogrusynda näçe gürrüň etseň hem bärden gaýdýar. Şeýle halypalaryň biri, aýdym aýdanda mylaýymdan gelen ýakymly, özboluşly owazyny diňleýjileriň kalbynyň törüne ornaşdyrmagy başarýan, «Ýüzünden ýüregi görnüp duran», ajaýyp heňli aýdymlary ýaly nurana häsiýetli aýdymçy zenan, Türkmenistanyň halk artisti Altyn Goşaýewadyr. Ol häzir «Türkmennebit» döwlet konserniniň nebitçileriň medeniýet köşgüniň wokal müdiri bolup işleýär.

 

Medeniýet Sahypamyz

Sungat we medeniýet ulgamyna degişli täzelikler medeniýet sahypamyza ýerleşdirilendir!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gülälek Gulmyradowa:Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Dünýäde şeýlebir bagt bar, ol seniň çagalyk arzuwlaryň wysal bolanda ýüze çykyp, seniň nurly dideleriňe mähir – muhabbete besläp, başyňy göge ýetirýär. Ol bagt...

“Garagum ýalkymy : Wideo we Foto Habar

Gözel Diýarymyzyň Garagum sährasyndaky köp ýyllardanbäri ody sönmeýän Derweze gaz krateridir. Ol “Garagum ýalkymy” diýlip atlandyryldy. Biz bu barada öň saýtymyza Foto Habar ýerleşdiripdik....

Öz asyrynyň ogly : Jelaleddin Meňburny

Häzire çenli “Jelaleddin Türkmen ýa-da Jelaleddin Meňburny” atly makalamyzyň 3 bölümini saýta ýerleşdirdik. Häzir bolsa makalamyzyň soňky bölümini Size ýetirýäris.
Okap bilersiňiz  ARETİ Group Hazar'da dev petrol sahasının araştırılmasına katılacak
Ýurdy goramaklygyň meselelerine garan ýokary...

Barselona oýunçylary bilen şertnamalaryny täzeledi

Futbol sportunuň beýik toparlarynyň biri hasaplanylýan “Barselona” futbol topary, özüniň esasy düzümde çykyş edýän derwezewan Mark Ter Ştegen, goragçy Jerard Pike, Kleman Lengle we...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty” atly gepleşiginiň  taýýarlanylyşynyň aýratynlygy we ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna institutymyzyň...

Çagaňyz gaharjaňmy?

Gaharjaňlyk — bu özüni alyp barşyň fiziki we dilden kimdir birine zyýan ýetirmeklige aýdylýar. Gahar-gazaply, lapykeç agy, çaganyň isleýän zadyny alyp berilmändigini aňladýar. Gaharly hereketler...

“Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow “Merkezi Aziýa + Russiýa” formatynda geçirilen Daşary işler ministrleriniň üçünji duşuşygyna gatnaşdy. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri M.Tleuberdi, Gyrgyz...

Hepdelik täleýnama (19-25-nji oktýabr)

2020-nji ýylyň 19-25-nji oktýabry aralygynda hepdelik täleýnamanyň synlary. Hamal, sowur, jöwza, seretan, eset, sünbüle, mizan, akrap, kowus, jedi, daluw, hut ýyldyzy astynda doglanlara nämeler...