No menu items!
26/09/2020 4:05
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR “Apple”-iň täze tehnologik enjamlary

“Apple”-iň täze tehnologik enjamlary

Amerikanyň tehnologiýa kompaniýasy “Apple” geçen agşam özüniň täze önümlerini görkezdi. Täze önümleriniň tanyşdyrylyş çäräsi bir sagat dowam etdi. Jemi 4 täze tehnologik enjamlar köpçülige hödürlendi. Bu tanyşdyrylyş çäresinde garaşylyşy ýaly, “iPhone 12” telefony görkezilmedi. Açylyş dabarasynda kompaniýanyň ýolbaşçysy Tim Kuk çykyş etdi we ony hem soň jemledi. Ýolbaşçydan başga ýene-de 9 adam gatnaşdy. “Apple” kompaniýasynyň hyzmatlar müdiri Lori Malm we kompaniýanyň Saglygy goraýyş boýunça wise-prezidenti Sumbul Ahmad Desai bu tanyşdyrylyş çäresinde çykyş etdiler.

Täze önümler we ulgamlar hakda

“Ipad 8” – içinde “A12 Bionic” prosessor ýerleşdirilen, bu öňküsinden 40% çalt işlemäge ýardam berer, ekrany bolsa diagonaly 10,2 dýuýma barabardyr. Döwrebaplaşdyrylan batareýa, günüň dowamynda güýç bermezden ulanmaga mümkinçilik berer. Şeýle hem, bu enjam “Apple Pencil” galamjygy we aýrylýan klawiatura bilen işläp bilýär.

“iPad Air planşeti”- “iPad Pro” ýaly inçe bezeglere eýe bolup, merkez düwmesine barmak yzy skaneri gurlupdyr (howpsuzlyk üçin gaty amatly – gadjet başga birini açyp bilmez) we 10,9 dýuýmlyk ekrany ornaşdyrylypdyr. Planşetda iň esasy zatlaryň biri, täze güýçli A14 Bionic prosessory ýerleşdirilen, bu bolsa grafika 30% göterim çalt işlemege ýardam berer. Täzelikde dürli garnituralary (kameralar, gaty disk, klawiatura) birikdirmek üçin USB-C birleşdirijisi bolar. Bu täze önüm “Apple Pencil” we “Smart Keyboard” enjamlaryny goldap biler. Ýeri gelende bellesek, “iPad” indi golýazma tekstini tanap bilýär.

“Apple Watch Series 6”: Täze “Apple Watch” sagady öňki görnüşinden 20% göterim çalt işlär we gan kislorodyny yzygiderli ölçäp, ulanyja duýduryş berip biler. Şeýle hem sagatda beýikligi ölçeýän sistema ýerleşdiriler.

“Apple Watch SE”: “Apple SE” klasyndan ilkinji akylly sagat “Watch SE” -de akselerometr we hemişe beýikligi ölçeýän sistema ýerleşdirilen. Enjam goşa ýadroly prosessor bilen enjamlaşdyrylan we sagat Bluetooth 5.0 goldaýar. Umuman aýdylanda kompaniýanyň iň köp satylýan önümi Apple Watch bolup durýar. 2019-njy ýylynyň ahyrynda bu sagatlar, kompaniýa 24,5 milliard dollar girdeýji getirdi.

Täze hyzmatlar hakda

Kompaniýa “Apple Fitness” hyzmatyny hödürledi. Bu hyzmat fiziki maşklar üçin birnäçe sapaklary öz içine alýar.

“Apple One hyzmaty” – “Apple TV +”, “Apple News”, “Apple Arcade”, “Apple Music” we “Fitness” ýaly saýlanan abunalary şahsy ýa-da maşgala meýilnamasy bilen bir ýerde satyn alyp bolýan hyzmatlary hödürledi. Bu abuna ýekeleýin ulanmak üçin iCloud-a 500 GB mümkinçiligi berilýär. Eger maşgala abunasy bolsa, onda 200 GB möçberde berilýär.

“Apple” kompaniýasynyň 5G-ni goldajak täze telefonynyň indiki aýda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.

 

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

“Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis”

Türkmenistanyň Prezidenti Halk maslahatynyň mejlisinde eden çykyşynda Aýlyk zähmet haklaryny we pensiýalary yzygiderli köpelderis diýip belläp geçti. Türkmenistanyň Prezidenti eden çykyşynda biziň baş maksadymyz,...

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» : Täze Perman

Türkmenistanyň  Prezidenti hemişelik Bitarap Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli Ýurdumyzyň  sanawy berilen raýatlaryna Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmak barada  Permana...

Saglygy goraýyş işgärleri: Goşmaça hakyň möçberi näçe?

Hormatly Prezidentimiz Halk Maslahatynda eden çykyşynda dünýäde COVID-19 ýokanjynyň ýaýrap başlan ilkinji günlerinden başlap, ýurdumyzda adamlaryň immunitetini güýçlendirýän esasy lukmançylyk enjamlaryny yzygiderli mugt üpjün...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistandaky internet-dükanlary nähili tertipde işleýär?

Türkmenistanyň “Alyjylaryň hukuklaryny goramak hakynda”, “Söwda işi hakynda”, “Türkmenistanda Internet ulgamynyň we internet-hyzmatlarynyň ösüşini hukuk taýdan kadalaşdyrmak hakynda” Kanunlarynyň esasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň...

Durmuş otlusy

(hekaýa) «Üns beriň! Üns beriň! Aşgabat─Türkmenabat aralygynda gatnaýan ýolagçy otlusynyň ýene sanlyja minutdan Aşgabat menzilinden ugraýandygyny duýdurýarys. Hormatly ýolagçylar, ýerli-ýerleriňize geçmegiňizi haýyş edýäris!» Myrat otlynyň içindedi....

«Zenan kalby» ordeni : Täze Perman

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň sanawda berilen raýatlary Türkmenistanyň «Zenan kalby» ordeni bilen sylaglanýar. Bu Permana Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga goşan şahsy goşantlary,...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...