No menu items!
8.9 C
Istanbul
16/07/2020 7:49
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR «Altyn Kölüň» gerimi giňeýär
Kerimguly Geldiýew
Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy, Ahal welaýatynyň 20-nji “Yzgant” saýlaw okrugynyň deputaty. Ol 2004-nji ýylda Türkiýe Respublikasynyň Izmir şäherinde ýerleşýän Dokuz Eýlül uniwersitetini menejer hünäri boýunça tamamlady.

«Altyn Kölüň» gerimi giňeýär

Hormatly Prezidentimiz 15-nji iýunda Aşgabat şäheriniň demirgazygynda täze dynç alyş merkezini açyp ulanmaga bermek dabaralaryna gatnaşdy. Milli Liderimiz paýtagtymyzyň çäginde ýerleşýän Gurtly kölüni «Altyn köl» diýip atlandyrmak barada Karara gol çekdi. Bu ýerde geçirilen göçme iş maslahatynda Aşgabat şäheriniň gurluşyk-binagärlik keşbini has-da ösdürmek barada öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany ýylynda ulanmaga beriljek 16-njy tapgyr binalar toplumyndan soňra «Altyn kölüň» kenarynda hem toplumlaýyn gurluşyklaryň 17-nji tapgyryny gurmak barada taslamalar üstünde işlenilýär.

Tomus paslynda ilatyň, aýratyn hem tomusky dynç alyş möwsüminde mekdep okuwçylarynyň mynasyp dynç almaklary ugrunda döwlet derejesinde işler alnyp barylýar. «Altyn köl»üň ilkinji tapgyry birbada 600 çaga dynç almaga mümkinçilik berjek derejede gysga wagtda taýýarlanyldy. Suwuň ekologik taýdan arassalygynyň yzygiderli barlanylmagy, bu ýerde dynç aljak adamlara lukmançylyk hyzmatlarynyň, jemgyýetçilik iýmiti we söwda hyzmatlarynyň ýola goýulmagy üçin şertler döredilipdir.

Beýleki durmuş hyzmatlary bilen bir hatarda jemgyýetçilik ulaglarynyň, ýagny awtobus we taksi hyzmatlaryny netijeli ýola goýmak adamlaryň rahat dynç almaklaryna mümkinçilik berer. «Türkmenawtoulaglary» agentligi paýtagtyň ilatly nokatlaryndan dynç alyş merkezine awtobus we taksi hyzmatlarynyň ýola goýlandygy barada Hormatly Prezidentimiziň geçiren iş maslahatynda habar berdi. Parahat ýaşaýyş toplumy, Awtokombinat, Teke Bazar, Gurtly bellige alyş nokady ýaly esasy nokatlardan 3, 7, 88 ýaly belgili awtobuslaryň hereketleriniň meýilleşdirilmegi paýtagtyň çar künjeginden dynç alyş merkezine adamlaryň rahat, ygtybarly we elýeter hereketleri üpjün ediler.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Gaýynatamyň ýatlamasy

Taryhda öz ata-watanyny, halkyny goramak üçin köp edermenlikleri görkezen merdana ýigitler, türkmende bar. Bu toprakda, özleriniň şan-şöhraty, gaýduwsyzlygy  bilen tanalan gahryman türkmen serkerdeleri bar....

Ýeňijilere pul baýraklar onlaýn şertlerde gowşurylar

Türkiýede bilim alýan Türkmenistanly talyplaryň arasynda geçirilýän “Kitap okamagyň peýdalary” atly döredijilik bäsleşigi bugün tamamlandy. Türkmenistanyň ýerli wagty bilen sagat 18:00 ýagdaýyndaky netijelere görä...

Ýewropa sebitindäki COVID-19 keseliniň hasaba alynmadyk ýeke-täk ýurt

2020-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň (BSGG ÝSE) konsultatiw-tehniki wekiliýetiniň bilermenleriniň Türkmenistana bolan saparynyň netijeleri...

“Covid 19”: Türkmenistan öňüni alyş çärelerini güýçlendirdi

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebit býurosynyň wekiliýetiniň Türkmenistana amala aşyran saparynyň netijeleri boýunça ýurdumyzyň Söwda-senagat palatasynyň binasynda brifing geçirildi. Brifinge saglygy goraýyş ulgamynyň...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Türkmenistanda COVID19 hasaba alynmady

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Ýewropa Sebitleýin edarasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana bolan saparynyň netijelerine boýunça geçirilen brifingde, Türkmenistanda geçirilen işler boýunça Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň...

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

2020-nji ýylyň 10-njy iýulynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri R.Meredowyň Türkmenistana iş sapary bilen gelen BSGG-nyň Ýewropa Sebitleýin edarasynyň konsultatiw-tehniki missiýasynyň bilermenleri bilen duşuşygy...

“Wimbledonda” tennisçileriň pul baýragy berler

Koronawirus pandemiýasy sebäpli ýatyrylan “Wimbledon 2020”-ä gatnaşmaly tennisçiler baýrak pullaryny alarlar. Habarda bellenip geçilişi ýaly, serişdeler 620 oýunçysyna berler, reýtingi saýlama ýa-da ýaryşyň esasy...

6 aýda 68 milliard dollar girdeji gazandy

2020-nji ýylyň 6 aýynda Hytaýyň “Huawei” kompaniýasy 68 milliard dollar girdeji gazandy. Kompaniýanyň girdejisi 13,1 göterim artdy. “Huawei”-iň arassa girdejisi 9,2 göterime deň boldy. “Huawei”-iň...