20/10/2020 21:56
Home IŇ TÄZE HABAR     Altyn güýzüň ýaraşygy

    Altyn güýzüň ýaraşygy

Sargylt gyzyl  reňkler bilen reňklenen misli ýelegi ýatladyp gaýyp düşýän  altyn reňkli ýapraklary, misli merjen dänelerini ýadyňa salýan ir säher bilen ösümlikleriň üstüne düşýän çyg damjalary, öwüsýän sergin mymyk şemaly, gök asmanda bäsleşip geçýän bulutlary bilen bir hatrada güýz paslynyň ýaraşygy gykuwlaşyp hatar gurap geçýän durnalardyr. Göçüp gonýan guşlar ortaça 1800 töweregi diýilip hasaplanylýar. Bu guşlaryň arasynda durnalaryň  üçburçlygy ýadyňa salyp uçýan hatary has hem täsinligi bilen tapawutlanýar. Durnalaryň täsin uçuşyny güýz aýynda howa şertlerine baglylykda birnäçe hepdäniň dowamynda synlamak bolýar. Bu hatarlarda durnalaryň sany onlarça, ýüzlerçä çenli ýetip bilýär. Durnalar üç burçlygy ýadyňa salýan zynjyry emele getirip,  birnäçe kilometre çenli uçup gidýärler.

Bu şekil guşlaryň uzak aralyga uçýan uly sürüleri bolan guşlar üçin mahsusdyr.  Guşlaryň hatar gurap geçýän ýagdaýlary köpleri gyzyklandyrýar. Şonuň bilen bir hatarda ol özünde birnäçe syrly maglumatlary saklaýar. Bu täsin şekiliň kömegi bilen guşlar uzak aralyklara uçup bilýärler. Her guş sürüsinde bir sany baştutany, sürüniň serkerdesi bolýar, sürüde esasy jogapkärçilik şol guşa düşýär, ol guş sürüsinde iň ullakany, sagdyn we ýeterlik semizlik derejesi, ýeterlik tejribesi bilen tapawutlanýar. Ol gelýän howa akymymy böwsüp, ganat kakanlarynda beýleki guşlaryň uçmaklygy üçin amatly şert döredýär. Sürüniň iň ahyrynda  uçýan guşa, uçmaklyk örän aňsat bolýar. Şonuň üçin bu ýerde ýaş, ýarawsyz we garry durnalar uçýar. Olaryň yzygiderli çykarýan sesleri özaralarynda habarlaşmaklyk üçin ýerine ýetirýärler. Hatar gurap geçenlerinde olara habarlaşmaklyklyk aňsat düşýär. Guşlar sesleri çykaranlarynda, has takygy ýarawsyz durnalar ses edenlerinde serkerde guş tizligini peseldýär. Guşlar hatar gurap geçenlerinde olaryň energiýa sarp edijiligi pes bolýar, ýekelikde uçýan guşlaryňka serdende ýürek uruşy pes derejede bolýar. Bu mehanizmleri ýerine ýetirmeklik bilen ýarawsyz we garry guşlary sag aman barjak ülkesine barmaklyga ýardam edýär. Uçuş wagtynda olaryň tizligi ortaça 80 km/sag ýetip bilýär. Guşlar uçuş wagtynda uçup barýan ýolyna bolan çaklamasyny Ýeriň magnit meýdanynyň kömegi bilen amala aşyrýar. Şeýle hem guşlaryň gözlerinde bar bolan kriptohrom belogy ýagtylygy we magnit meýdanyny duýup, ony nerw ulgamy tarapyndan duýmaklyga ýardam edýär.

Okap bilersiňiz  “Liwerpul” çempionlyk kubogyny aldy
Okap bilersiňiz  “Liwerpul” çempionlyk kubogyny aldy

Biziň ýurdumyzyň çäginden uçup gidýän durnalar köplenç iýmitlenmek maksady bilen düşleýärler, käbirleri bolsa gyşlamaklyk üçin hem galýarlar. Ýurdumyzda durnalar Köpetdag goraghanasynyň çäginde Mäne-Çäçe çäkli goraghanasynyň çäklerinde  Durnaly diýilýän mesgende düşläp geçýärler. Bu ýerde gyşlaýan durnalyň sany hem ýyl-ýyldan artýar. Ýurdumyzda  bu ugurda uly işler ýerine ýetirilýär. Durnalary kä halatlarda ekin meýdanlarynda hem görmek bolýar. Olaryň iýmiti köplenç ösümlikleriň pudaklary, kornewişalar, mör-möjekler, mollýuskalar, ownuk gemrijiler we beýleki käbir süýrenjileriň görnüşleridir.

Guşlar ýaşaýan ýeriniň iýmit ýagdaýyny we gyşlamaga, höwürtgelemäge bolan ähli amatlyklaryny kesgitleýjiler (indikatorlar) hasaplanylýar.

Tebigatda bolýan dürli täsin hadysalar bilen has içgin tanyş bolmaklyk  biz üçin elmydama gyzykly

 

Selbi MEREDOWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

mugallymy.

 

Ykdysadyýet sahypamyz

Ýurdumyzda we dünýäde bolup geçýän ykdysadyýete degişli täzeliklerden “habardar” bolmak isleýän bolsaňyz, bu sahypa Siziň üçin!

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda ýurtlaryň orny

Dünýäniň 93 ýurdunyň 1500-den gowrak uniwersitetleriniň “okatmak, ylmy-barlag we halkara dünýägaraýyş” ýaly ugurlar boýunça sanawy taýýarlandy. “Times Higher Education” edarasynyň dünýäniň iň gowy uniwersitetleriniň...

Zebra pirogy

Taýýarlamak üçin gerek önümler:
Okap bilersiňiz  Çaga ykbaly
1 ýumurtga 1 bulgur şeker 1 bulgur gatyk 1 bulgur un 1 çaý çemçesi wanilin 1 çaý çemçesi gabartma tozy ...

NASA Aýda 4G tehnologiýasyny gurar

“NASA” we “Nokia” kompaniýasy bilelikde Aýda 2028-nji ýyla çenli 4G tehnologiýasyny işlemäge gönükdirilen taslamany durmuşa geçirmegi meýilleşdirýär. Amerikan Aerokosmos Guramasy (NASA) we “Nokia” tehnologiýa kompaniýasy...

Welosiped önümçiliginiň öňdebaryjysy kim?

Ýewropada howanyň üýtgemegine garşy göreşde awtoulag önümçiliginde elektrikli ulaglara has köp ähmiýet berilýän bolsa, welosiped önümçiligi hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşiginde welosiped önümçiliginde...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Ýurtda ilkinji bolup pagta borçnamasyny ýerine ýetirdi

Kaka etrabynyň «Ýaz meýdan» daýhan hojalygy 650 gektar pagta meýdanyndan «ak altynyň» 1255 tonnadan gowragy ýygnalyp, Watanymyzyň pagta harmanyna tabşyryldy. Şeýlelikde, tejribeli oba hojalyk hünärmeni...

Dünýäde iň çalt kabelsiz güýçlendiriji

Hytaý döwletiniň “Xiaomi” kompaniýasy resmi taýdan özüniň soňky döwrebap tehnologiýasy bolan kabelsiz tok geçirijisini hödürledi. Bu täze tehnologiýa, dünýäde iň çalt tok geçiriji ulgamy...

Welosiped önümçiliginiň öňdebaryjysy kim?

Ýewropada howanyň üýtgemegine garşy göreşde awtoulag önümçiliginde elektrikli ulaglara has köp ähmiýet berilýän bolsa, welosiped önümçiligi hem ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Ýewropa Bileleşiginde welosiped önümçiliginde...

Türkmenistan bilen BAE dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyny pugtalandyrýar

Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Birleşen Arap Emirlikleriniň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministriniň orunbasary Abdulnasr Jamal Al Şaali bilen wideokonferensiýa...