No menu items!
8.9 C
Istanbul
04/08/2020 11:14
No menu items!
Home BILIM Ahal welaýatynda giriş synaglar

Ahal welaýatynda giriş synaglar

Şu günler ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglary Ahal welaýatynda guramaçylykly dowam edýändigi «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär. Bu jogapkärli işiň degişli talaplara laýyklykda, guramaçylykly geçirilmegi üçin welaýat häkimligi we Baş bilim müdirligi tarapyndan ähli tagallalar görüldi. Şeýle bolansoň, şu günler ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň agzalary möhüm çäräni ýokary derejede alyp barýarlar.

2019 — 2020-nji okuw ýylynda welaýat boýunça ýaşlaryň 9278-si ak mekdepler bilen hoşlaşdy. Şol ýaşlaryň arasynda mekdep ýyllarynda dürli derejedäki ders, taslama, internet we döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara eýe bolanlary hem az däl. Ylym-bilime, hünäre höwesli şeýle ýaşlaryň uly topary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyby bolmaga synanýarlar.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda bagtyýar ýaşlaryň höwes edýän ugurlary boýunça okuwlaryny ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etmegi babatda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ajaýyp şertler we mümkinçilikler döredildi. Şeýle bolansoň, şu ýyl ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine girmäge höwes edýän ýaşlaryň sany ozalky ýyllara garanyň­da has-da artdy. Mu­ňa kabul ediş toparlaryna resminamalaryny tabşyran ýaşlaryň sany hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Şu günler giriş synaglary Ak bugdaý we Gökdepe etraplaryndaky bilim ojaklarynda geçirilýär. Käbir ýokary okuw mekdepleri boýunça synaglar üstünlikli tamamlandy. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener tehnologiýalar uniwersitetini, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyny, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetini, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyny, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasyny agzamak bolar. Agzalan ýokary okuw mekdepleri boýunça giriş synaglary 22 — 25-nji iýulda degişlilikde, Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji, 28-nji, 16-njy, 27-nji orta mekdeplerde, şeýle-de, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçirildi. Ahal welaýat Ýörite sungat mekdebinde ady agzalan mekdebe kabul etmek işi 26-njy iýulda tamamlandy.

Şu günler Ak bugdaý etrabyndaky 1-nji orta mekdepde Aşgabadyň A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebine, şol etrapdaky 16-njy orta mekdepde I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine okuwa kabul etmek hünäre boýunça synaglar dowam edýär. Ýaşlaryň bilime, ylma we hünäre bolan çuň­ňur höwesi bu synaglarda has äşgär duýulýar. Munuň özi ýaşlaryň zehinliden-zehinlisine okuwyny ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde dowam etmäge mümkinçilik berýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetine, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyna, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutyna, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna giriş synaglary 31-nji iýulda başlap, 3-nji awgustda tamamlanar. Bu giriş synaglary Ak bugdaý etrabyndaky 27-nji, 1-nji, 16-njy, 28-nji orta mekdeplerde, welaýat Ýörite sungat mekdebinde geçiriler. Ýeri gelende welaýatda agzalan ýokary okuw mekdeplerine girmäge dalaş edýän ýaşlaryň köpdügini bellemek gerek.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetine, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetine okuwa girmek üçin resminamalaryny tabşyran ýaşlar 4 — 7-nji awgust aralygynda giriş synaglaryny tabşyrar. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutyna, Türkmen döwlet maliýe institutyna, Türkmen döwlet medeniýet institutyna girmäge isleg bildiren ýaşlardan giriş synaglary 13 — 16-njy awgustda kabul ediler.

Ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň ýörite orta hünär okuw mekdepleriniň aglabasy boýunça giriş synaglary 19-njy awgustda geçiriler. Medeniýet ugurlary boýunça bilim berýän orta hünär okuw mekdeplerine, ýagny, Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebine, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebine, D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebine giriş synaglary 3 — 5-nji awgustda geçiriler. Bu giriş synaglarynyň geçiriljek ýerleri ähli gerekli esbaplar we serişdeler bilen doly üpjün edildi.

 

IŇ TÄZE HABARLAR

Sesden çalt uçar peýda bolar

ABŞ-nyň “Virgin Galactic” kompaniýasy sesden çalt gitjek uçaryň taslamasyny hödürledi. Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berýär. Metbugat gullugynyň berýän habaryna görä, takmynan 18 kilometr...

Di Kaprio “Apple” bilen şertnama baglaşdy

Meşhur amerikaly aktýor Leonardo Di Kaprio degişli bolan “Appian Way” kinokompaniýasy “Apple” kompaniýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda, aktýoryň kompaniýasy “Apple” şereketiniň hyzmatlary babatda...

Dünýädäki iň gowy restoranlaryň sanawy düzüldi

“TripAdvisor” syýahatçylyk saýty dünýäniň iň gowy restoranlarynyň sanawyny taýýarlady. Şoňa laýyklykda, sanawda birinji ýeri fransuz restorany “Auberge Du Vieux Puits” eýeleýär. Ikinji orunda “La Ville...

Immobile iň köp pökgi geçiren futbolçy

Italiýanyň milli ýygyndysynyň we "Lazio" toparynyň hüjümçisi  Çiro Immobile şu möwsümiň ahyrynda "Altyn aýakgap" baýragyna mynasyp boldy. 30 ýaşly hüjümçi üçin bu abraýly baýrak...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

“Formula 1” Angliýa Gran Prisiniň ýeňijisi yglan edildi

“Mersedes” toparynyň sürüjisi Lýus Hamilton möwsümiň dördünji ýaryşynda ýeňiş gazandy. “Red Bull” toparynyň türgeni Maks Werstappen we “Ferrari”-niň türgeni Çarlz Leklerk ilkinji üçlügiň hataryna...

Habib – Getži tutluşygy 24-nji oktýabrda geçiriler

“Absolute Fighting Championship” (UFC) ýaryşyňyň ýeňil agram boýunça kemeriniň eýesi russiýaly Habib Nurmagomedow özüniň nobatdaky tutluşygyny bu ugurdaky häzirki çempiony amerikaly Jastin Getži bilen...

Türkmenistanly talyp gyz erik ýapragyndan antibakterial serişde aldy

Öňümizdäki sentýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň himiýa fakultetinde talyplygynyň dördünji ýylyna girişjek Bägül Sylabowa erik ýapragynyň düzümindäki bakterialara garşy göreşiji ingrediýenti almagy başaryp,...

TOPH gaz geçirijisi: Telefon söhbetdeşlikde ähmiýeti nygtaldy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy...