No menu items!
23/09/2020 13:40
No menu items!
Home IŇ TÄZE HABAR AFK halkara ýaryşlar barada netijä geldi

AFK halkara ýaryşlar barada netijä geldi

Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň Ýerine ýetiriji komitetiniň düýn onlaýn arkaly geçirilen mejlisinde futbol we futzal boýunça käbir yklym ýaryşlarynyň ykbaly barada belli bir netijä gelindi.

Ilki bilen türkmenistanly janköýerleri gyzyklandyrýan täzeliklere ünsüňizi çekýäris. Ýurdumyzyň geçen ýylky çempiony «Altyn asyryň» hem gatnaşmaly yklym ýaryşy — AFK-nyň kubogy birnäçe gezek yza süýşürilipdi. Düýnki mejlisde bolsa ol Ýerine ýetiriji komitetiň gelen karary bilen doly ýatyryldy. Şeýlelikde, ýeňijä 1,5 million dollar berilýän ýaryş taryhynda ilkinji gezek 2020-nji ýylda geçirilmez. 2021-nji ýylda şu ýylky netijelere görä, täze ýaryş başlanar.

Şeýle hem klublaryň arasyndaky futzal boýunça şu ýyl Birleşen Arap Emirliklerinde geçirilmeli Aziýa çempionaty 2021-nji ýyla süýşürildi. Bu ýaryşa ýurdumyzyň futzal çempiony, Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Köpetdag» topary gatnaşar.

AFK ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasyndaky Aziýanyň futbol çempionatyny hem 2021-nji ýyla süýşürdi. AFK-nyň Çempionlar ligasynyň duşuşyklary bolsa geçiriler.

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

IŇ TÄZE HABARLAR

2024-nji ýylda 2 sany kosmonawt Aýa iberiler

NASA-nyň habar bermegine görä, täze “Artemis” taslamasy taýýarlandy. Taslamanyň çäklerinde 2024-nji ýylda erkek we aýal kosmonawtyň (jemi 2 sany) Aýa iberiljekdigi habar berildi. NASA-nyň...

Taryhda şu gün – 23-nji sentýabr

23-nji sentýabr ýylyň 266-njy güni. Geliň, taryhda 23-nji sentýabrda bolup geçen taryhy wakalar, dünýä inen adamlar we aradan çykanlar bilen gysgaça tanyş bolalyň. Taryhy wakalar: 1908...

Kaka, ejem nirede?!

(Hekaýa) Ýer ýaly ýuwaş diýilýän ortanjy gyzynyň howsalaly sesi irden işe ugran Atdany duşaklanan ýaly etdi. Sakga saklandy-da, hyrra yzyna öwrüldi. Öwrülişi ýaly-da haýdaşlap ugrady. —...

Ata mähri

Eziz, kyblam, mähriban atam!  Elime galam alyp, siz barada ýazasym geldi. Dogry, dünýäniň diregi, mährem ýürekli eneler hakynda kän ýazylýar. Mähriban käbeler barada näçe...
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -
- Advertisment -

KÖP OKALÝAN

Täsin arheologik tapyndylaryň syry  

Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” atly eserinde “Türkmen halkynyň baý milli medeniýeti uzak taryhyň synagyndan geçip, sünnälenip, kämil görnüşde şu günki bagtyýar nesillerimize ýetirildi”...

Arzan bahaly telefonlara isleg ýokarlanýar

Halkara maglumat korporasiýasynyň bilermenlerine görä, pandemiýadan soňra 2020-nji ýylyň ahyrynda dünýäde arzan bahaly akylly telefonlaryň isleginiň artmagyna garaşylýar diýip, "RIA Nowosti" habarlar gullugy salgylanyp...

26 ýyllyk sport rekordy täzelendi

Ýeňil atletika boýunça geçirilen “Göwher Liga” atly ýaryşyň çäklerinde 26 ýyllyk rekord täzelendi. Rim şäherindäki ýaryşda syrykly bökmekde 26 ýyl mundan ozal Sergeý Bubkanyň...

Türkmenistan bilen Ukrainanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk maksatnamasyna gol çekildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmitriý Kulebanyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gün tertibiniň meseleleri boýunça...